Hytaýda şu ýylyň birinji çärýeginde gara ýollaryny we gämi gatnawlary infrastrukturasyny ösdürmek üçin goýlan maýa goýum geçen ýylyň degişli döwründäkiden 11,4 göterim ýokary bolupdyr. Ýurduň ulag ministrliginiň maglumatlaryna görä, bu pudagy ösdürmek üçin 78,88 milliard dollar pul serişdesi gönükdirilipdir. Hytaýyň demirgazyk günbataryndaky Ninsýa-Hueý awtonom sebitinde 135 göterim ösüş gazanylyp, iň köp maýa goýlan sebit bolupdyr. Ýurduň çägindäki belent daglary, çölleri, giň düzlükleri we tropik tokaýlaryny birleşdirýän giň infrastruktura döredilýär. Hytaýyň paýtagty we onuň töweregindäki senagat taýdan ösen sebitlerde has köp gara ýoly infrastrukturasy bar.
Gülnara ŞADURDYÝEWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.