ABŞ-nyň «Boeing» kom­pa­ni­ýa­sy şu ýy­lyň bi­rin­ji çär­ýe­gin­dä­ki gir­de­ji­le­ri ba­ra­da mag­lu­mat ber­di. Uçar önüm­çi­li­gi we kos­mos pu­da­gyn­da iş alyp bar­ýan kom­pa­ni­ýa üç aýyň do­wa­myn­da 13,9 mil­liard dol­lar gir­de­ji ga­za­nyp­dyr. Ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­rün­de bu gör­ke­zi­ji 15,2 mil­liard dol­lar bo­lupdyr. Ne­ti­je­de, kom­pa­ni­ýa­nyň gir­de­ji­si ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­rün­dä­ki­den 8 gö­te­rim pes bo­lup, pul ha­sa­byn­da bu gör­ke­zi­ji 1,2 mil­liard dol­lar­dan gow­rak bol­ýar. Kom­pa­ni­ýa kä­bir mak­sat­na­ma­la­ryň gi­jä ga­lan­dy­gy se­bäp­li gir­de­ji­si­niň ge­çen ýyl­daky­dan pes bo­lan­dy­gy­ny mä­lim et­di. Şeý­le hem kom­pa­ni­ýa tä­ze «Boeing 777-9» uça­ry­nyň 2025-nji ýyl­dan baş­lap, müş­de­ri­le­re ýe­ti­ri­lip baş­lan­jak­dy­gy­ny ha­bar ber­di.

Te­jen AHA­LOW,
Türk­men döw­let ma­li­ýe ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.