ABŞ-nyň tehnologiýa kompaniýasy “Apple” şu ýylyň birinji çärýegine degişli maglumat berdi. Kompaniýanyň bu döwürdäki girdejisi geçen ýylyň degişli döwründäkiden 9 göterim ýokarlanyp, 97,3 milliard dollara ýetipdir. Geçen ýyl kompaniýa 89,6 milliard dollar girdeji gazanypdyr. “Apple”-iň 20221-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda 23,6 milliard dollar diýlip hasaba alnan arassa peýdasy 6 göterim ýokarlanyp, 25 milliard dollara ýetipdir. Kompaniýanyň her paýnamadan alýan girdejisi geçen çärýekde 1,40 dollardan 1,52 dollara ýetipdir. Agzalýan döwürde “Apple”-iň smartfon we kompýuter satuwy artan bolsa, planşet satuwy azalypdyr. Kompaniýa “iPhone” satuwyndan 50,6 milliard dollar gazanypdyr. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründen 6 göterim köp bolupdyr. “Mac” kompýuterlerini satuwy 14 göterim artyp, 10,4 milliard dollara girdeji getiripdir.
Berdimuhammet Durdyýew, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby