Ispaniýanyň çempionaty “La Ligada” “Real Madrid” topary 35-nji çempionlygyny gazandy. Bu çempionlyk toparyň tälimçisi üçin taryhy waka boldy. Italiýaly tälimçi Karlo Ançelotti “Realdaky” birinji döwründe bu arzuwyna ýetip bilmese-de, ol 2-nji döwründe adyny futbolyň taryhyna altyn harplar bilen ýazdyrdy. Karlo Ançelotti Ýewropanyň öňdebaryjy 5 çempionatynda (“Premier Liga”, “La Liga”, “Serie A”, “Bundesliga”, “Ligue 1”) çempionlyk gazanan ilkinji tälimçi boldy. 62 ýaşyndaky hünärmen “Serie A”-da “Milan” bilen 2002/03 möwsüminde, “Premier Ligada” “Çelsi” bilen 2009/10 möwsüminde, “Ligue 1”-de PSŽ bilen 2012/13 möwsüminde, “Bundesligada” “Bawariýa” bilen 2016/17 möwsüminde hem-de “La Ligada” “Real Madrid” bilen 2021/22 möwsüminde çempionlyk gazandy.