Ýurdumyzyň çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde tomusky dynç alyş badalga aldy. Gökderede, Awazada we welaýat merkezlerinde ýerleşýän sagaldyş merkezleri eýýäm körpeleriň ilkinji tapgyryny kabul etdi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beden taýdan sagdyn, ruhubelent nesli kemala getirmek döwletimiziň esasy wezipeleriniň biridir. Ýaş nesliň mynasyp bilim we terbiýe almagy, bedenterbiýe we sport, aýdym-saz, edebi-çeper döredijilik bilen meşgullanmagy, çagalaryň boş wagtyny şadyýan geçirmegi üçin ata Watanymyzda ähli tagallalar edilýär. Ýurdumyzda gurulýan döwrebap mekdepleriň we çagalar baglarynyň, çagalar dynç alyş hem-de sagaldyş merkezleriniň sany barha artýar. Döwletimiz tarapyndan ýaş türkmenistanlylaryň tomusky dynç alyş möwsümini oňat geçirmegi, Köpetdagyň ajaýyp jülgelerinde hem-de Hazar deňziniň ekologiýa taýdan arassa türkmen kenarynda – «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda göwnejaý dynç almagy we saglygyny berkitmegi üçin alada edilýär.
Däp bolşy ýaly, Aşgabatda mekdep okuwçylaryny Gökderedäki çagalar sagaldyş merkezlerine ugratmak dabarasy boldy.
Şol ýerde tomus paslynyň dowamynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinden gelen çagalar tomusky dynç alyş döwrüni geçirýärler.
Paýtagtymyzdan dynç alyş möwsümine ugran çagalara ajaýyp sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde köpçülikleýin aýdym-sazly çykyşlar, şadyýan aýdymlar we joşgunly tanslar, şatlykly sahna oýunlary, meşhur çagalar döredijilik toparlarynyň döredijilik sowgady garaşýar.
Gökderedäki çagalar sagaldyş dynç alyş merkezleriniň çäklerinde ýurdumyzyň dürli welaýatlaryndan, obadyr şäherlerinden dynç almaga gelen müňlerçe mekdep okuwçylary dynç alýarlar. Olarda türkmen halk ertekileriniň gahrymanlarynyň keşbine giren okuwçylar ajaýyp döwrümizi wasp edýän aýdym-sazlary, tanslary ýerine ýetirýärler, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni, hormatly Prezidentimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän ähli ulgamlardaky, hususan-da, bilim ugrunda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri wasp edýän häzirki zaman aýdym-sazlary belentden ýaňlanýar. Şeýle dabaraly hem-de giň möçberli ýagdaýda geçirilýän bagtyýar çagalaryň tomusky dynç alşy häzirki döwürde Watanymyzyň gazanýan ajaýyp üstünlikleriniň aýdyň beýanyna öwrülýär.
Tomusky dynç alyş möwsümine başlan mekdep okuwçylary çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň ähli amatly şertler döredilen binalarynyň otaglarynda ýerleşdirilip, olaryň höwesinden ugur alnyp, döredijilik we sport toparlary döredilýär. Çünki çagalaryň arasynda döredijilik duşuşyklary we sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirilýär. Bu çäreler bolsa ähli merkezlerdäki çagalary birleşdirýär.
Ösüp gelýän nesliň dynç alyş günleriniň dürli görnüşli we gyzykly çärelere baý bolmagy üçin çagalaryň ygtyýaryndaky döwrebap sagaldyş merkezleri ähli mümkinçiliklere eýedir. Çagalaryň dynç alyş merkezlerinde dürli oýunlary oýnamak hem-de bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy üçin niýetlenen ajaýyp meýdançalar, tans zallary, kompýuter tehnologiýalarynyň muşdaklary üçin merkezler, el işleri üçin gurnaklar, teatr we şekillendiriş sungatynyň studiýalary ýerleşýär, baý kitap gaznaly kitaphanalar işleýär.
Hemişe bolşy ýaly, ministrlikleriň we pudaklaýyn düzümleriň hünärmenleri, iri jemgyýetçilik hem-de beýleki guramalaryň wekilleri çagalaryň göwnejaý dynç almagyny guramaga öňünden taýýarlyk gördüler.
Olaryň bilelikdäki tagallalary netijesinde tomusky dynç alşyň her bir tapgyrynda dynç alyş merkezlerinde dürli bäsleşikler, çagalar çeper höwesjeňler toparlarynyň, dürli döwlet we halkara derejesindäki döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileriniň gatnaşmagynda konsertler guralýar.
Şeýle hem dynç alyş merkezlerinde medeniýet we sungat işgärleri bilen duşuşyklar geçirilýär. Merkezlerde belli sahna ussatlarynyň meşhur teatr we sirk, aýdym-saz toparlarynyň çykyşlary guralýar. Çagalar ýurdumyzyň baş şäheriniň ajaýyp ýerlerine gezelenç edýärler. Körpeler taryhy medeni ýadygärliklere, paýtagtymyzyň muzeýlerine, dynç alyş merkezlerine baryp görýärler.
Bir söz bilen aýdylanda, Gökderedäki sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dynç alýan çagalar üçin gyzykly çäreler guralýar. Awazadaky şypahanalarda we welaýatlardaky çagalar dynç alyş merkezlerinde, şeýle hem mekdepleriň ýanynda döredilen meýdançalarda hem körpeleriň dynç alşy örän gyzykly geçýär. Däp bolşy ýaly, tomusda şadyýan we gyzykly dynç almagy halaýan çagalar üçin dürli çäreler, şol sanda bäsleşikler, duşuşyklar, sport ýaryşlary we beýleki çäreler guralýar.
Aýna Ataýewa,
Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky 16-njy orta mekdebiň mugallymy.