Ylym hem-de bilim adamzadyň dünýägaraýşyna hem-de durmuşyna özgerdiji täsirini ýetirýän gymmatly baýlykdyr. Diýarymyzda bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler halk hojalygynyň ähli pudaklaryny ýokary götermäge ýardam etdi. Innowasiýa we diwersifikasiýa syýasatynyň durmuşa ornaşdyrylmagy netijesinde ylymda gazanylýan üstünlikler Watanymyzy ösüşiň öň hatarlaryna çykardy. Bu bolsa ýurdumyzyň ylym-bilim babatdaky halkara abraýynyň barha artýandygynyň subutnamasydyr.
Bilim syýasatynda esasy ünsüň bilim almaga, ylma höwesi bolan ýaşlaryň ýüze çykarylmagyna berilmelidigi we zehinli ýaşlaryň hemmetaraplaýyn goldanylmalydygy hakyndaky görkezmelerinden ugur alnyp, ýurdumyzda uly işler durmuşa geçirilýär. Ylym-bilim ulgamlaryny hemmetaraplaýyn ösdürmek we onuň gazananlaryny ykdysadyýetimizde netijeli peýdalanmak – bu günki gün döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.
Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, maksada okgunly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünärli, taýýarlykly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça ähli tagallalar ediler diýip, hormatly Prezidentimiz öz çykyşlarynda belläp geçýär.
Ýakynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet ýaşlar syýasatyny milli kanunçylykda mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň ileri tutulýan meselelerine bagyşlanan maslahat geçirdi.
Milli Liderimiz «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar girizmegi işläp taýýarlamagy teklip etdi.
Ýaşlaryň jemgyýetçilik, durmuş-ykdysady, medeni durmuşa işjeň gatnaşmaklaryny gazanmak maksady bilen, ýaşlaryň arasynda telekeçiligi ösdürmegiň guralyny işläp taýýarlamagy we telekeçiler tarapyndan döredilen kärhanalarda işleýän işgärleriň 75 göterimi ýaşlar bolsa, olary «ýaşlar kärhanasy» diýip atlandyryp, şeýle kärhanalary döwlet tarapyndan goldamak boýunça ýeňillikleriň göz öňünde tutulmagynyň, bilim edarasyny tamamlan, ýaňy işe kabul edilen ýaş hünärmenleriň girdeji salgydyny zähmet döwrüniň 1-nji ýylynda bellenilen kadasyndan 50 göterim, 2-nji we 3-nji ýylynda 25 göterim ýeňillikli tölemeginiň tertibini kesgitlemegiň, ýaşlarda okuwyň üznüksizligini gazanmak we olary hünäre ugrukdyrmak maksady bilen, orta mekdebi tamamlan ýaş oglanlaryň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň giriş synaglaryna gatnaşmagy üçin bir gezek mümkinçilik döretmek şerti bilen, harby gullugyň möhletini wagtlaýyn yza süýşürmek meselesiniň öwrenilmeginiň maksadalaýyk boljakdygy nygtaldy.
Bu teklipler türkmen ýaşlaryny has-da begendirdi, buýsandyrdy, geljege bolan umydyny ganatlandyrdy. Türkmen ýaşlarynyň hem öz gezeginde ýurdumyzyň ýaşlar baradaky döwlet syýasaty çygrynda bellenilen maksatlary we öňde goýlan wezipeleri amala aşyrmak arkaly ýurdumyzda ýaşlar syýasatynyň dabaralanmagyna, kämil bilimli, giň dünýägaraýyşly, ösen medeniýetli ýaşlaryň kemala gelmegine mynasyp goşandyny goşjakdygyna berk ynanýarys.
Goý, döwletimizde ýaşlaryň hemmetaraplaýyn kämil, ösen tehnologiýalardan baş çykarýan, daşary ýurt dillerini suwara bilýän hünärmenler bolup ýetişmegi ugrunda uly tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, başy dik, işleri rowaç bolsun!
Selbi Ilamanowa,
Mary şäherindäki 24-nji zehinli ýaşlar mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy.