Ýa­kyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy, Türk­me­nis­ta­nyň Hor­mat­ly il ýa­şu­lu­sy Gurbanguly Berdimuhamedow döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň tab­şyr­ma­gy bo­ýun­ça Da­şo­guz we Le­bap we­la­ýat­la­ry­na iş sa­pa­ry­ny ama­la aşyr­dy. «Döw­let adam üçin­dir!» di­ýen şy­ga­ry esa­sy ýö­rel­ge edin­ýän hormatly Arkadagymyz hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si bi­len yzy­gi­der­li gy­zyk­lan­ýar. Gahryman Arkadagymyz Da­şo­guz we Türk­me­na­bat şä­her­le­rin­dä­ki we­la­ýat kö­pu­gur­ly has­sa­ha­na­la­ryn­da bo­lup, hal­ky­my­zyň, aý­ra­tyn-da, ösüp gel­ýän ýaş ne­sil­le­riň sag­ly­gy­ny go­ra­mak, ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak bo­ýun­ça edil­ýän iş­ler bi­len ta­nyş­dy. Şeý­le hem alym Arkadagymyz Türk­men oba ho­ja­lyk ins­ti­tu­ty­nyň we Se­ýit­na­zar Seý­di adyn­da­ky Türk­men döw­let mu­gal­lym­çy­lyk ins­ti­tu­ty­nyň ta­lyp­la­ry­dyr mu­gal­lym­la­ry bi­len du­şuş­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ala­da­la­ry ne­ti­je­sin­de, beý­le­ki pu­dak­lar bi­len bir ha­tar­da, bi­lim ul­ga­my hem uly ösüş­le­re eýe bol­ýar. Ýaş ne­sil­le­riň dün­ýä de­re­je­sin­de ylym-bi­lim alyp, ru­hy hem-de be­den taý­dan sag­dyn adam­lar bo­lup ýe­tiş­mek­le­ri üçin taý­syz ta­gal­la­lar edil­ýär. Bu, el­bet­de, jem­gy­ýe­ti­mi­ziň gel­je­gi­niň has-da sag­dyn bol­ma­gy­ny üp­jün eder. Bu bol­sa gel­jek ne­sil­le­ri­mi­ziň sag­dyn aň-dü­şün­je­li bo­lup, il-gü­nüň gu­wan­jy bol­jak­dy­gy­nyň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.
Hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­myz ta­lyp ýaş­lar we mu­gal­lym­lar bi­len yl­my mun­dan beý­läk-de ös­dür­me­giň we okat­ma­gyň tä­ze usul­la­ry­ny, bi­lim ul­ga­my­na san­ly ul­ga­my or­naş­dyr­ma­gyň, şeý­le hem ýur­du­my­zyň äh­li ugur­la­ry bo­ýun­ça ze­rur bo­lan ýo­ka­ry de­re­je­li hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­ma­gyň me­se­le­le­ri bo­ýun­ça pi­kir alyş­dy.
Hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­my­zyň bel­leý­şi ýa­ly, oka­mak we öw­ren­mek, dö­re­di­ji­lik­li we yh­las­ly zäh­met çek­mek bi­len, ýur­du­my­zyň gül­läp ös­me­gi­ne my­na­syp go­şant goş­mak, bag­ty­ýar we aba­dan dur­mu­şyň bäh­bi­di­ne dö­ret­mek, gur­mak, uly üs­tün­lik­le­ri ga­zan­mak, el­my­da­ma kä­mil­li­ge ym­tyl­mak wa­tan­sö­ýü­ji, yn­san­per­wer, zäh­met­sö­ýer, mak­sa­da ok­gun­ly, be­lent ah­lak­ly bag­ty­ýar ne­sil­le­ri­mi­ziň baş mak­sa­dy bol­ma­ly­dyr.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz öwüt-ün­dew­le­ri­ni be­rip, türk­men hal­ky­nyň ga­dy­my dö­wür­ler­den bä­ri ýaş nes­liň saz­la­şyk­ly ös­me­gi­ne hem-de my­na­syp ter­bi­ýe al­ma­gy­na äh­mi­ýet be­ren­di­gi­ni aýt­dy. Ge­çen dö­wür­le­riň meş­hur şah­sy­ýet­le­ri gym­mat­ly pä­him-paý­has mi­ra­sy­ny bi­ze gal­dy­ryp­dyr­lar, ola­ryň dö­re­den eser­le­ri gel­jek­ki ne­sil­le­ri ter­bi­ýe­le­mek üçin gym­mat­ly çeş­me bo­lup­dyr. Bi­ziň pe­der­le­ri­mi­ziň wa­tan­çy­lyk we yn­san­per­wer­lik ýö­rel­ge­le­ri dur­mu­şa tä­ze ga­dam ba­san ýaş ne­sil­ler üçin geç­mi­şi, hä­zir­ki döw­ri hem-de gel­je­gi özün­de jem­le­ýän nus­ga­lyk mek­dep­dir.
Hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­myz du­şu­şyk­la­ryň iki­si­nem «Gel­jek si­ziň bi­len­dir! Bi­ziň ýur­du­my­zyň gel­jek­de-de gül­läp ös­me­gi üçin öňe, öňe, di­ňe öňe, jan Wa­ta­nym Türk­me­nis­tan!» di­ýip jem­le­di. Ta­lyp ýaş­lar şow­hun­ly el çar­pyş­ma­lar bi­len bu söz­le­ri gaý­ta­la­dy­lar.
Wa­tan­sö­ýü­ji, ýo­ka­ry ah­lak sy­pat­ly, yn­san­per­wer, ylym­ly-bi­lim­li, giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly, ata-ba­ba­la­ry­my­zyň ru­hy-ah­lak ýö­rel­ge­le­ri­ne we­pa­ly ýaş­la­ry ke­ma­la ge­tir­mek döw­le­ti­mi­ziň baş we­zi­pe­le­ri­niň bi­ri­dir. Bu ugur­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­sy, dö­re­di­ji­lik­li, pa­ra­sat­ly, yn­san­per­wer sy­ýa­sa­ty bi­len ýur­du­myz­da ýaş­lar sy­ýa­sa­ty döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­ne öw­rül­di.
Hal­ky­my­zy bagt­ly gel­je­ge alyp bar­ýan hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze berk jan sag­lyk, uzak ömür, eziz Wa­ta­ny­my­zyň mun­dan beý­läk hem gül­läp ös­me­gi ug­run­da alyp bar­ýan il-ýurt bäh­bit­li iş­le­rin­de uly üs­tün­lik­ler ar­zuw ed­ýä­ris!

Beg­li Hu­daý­ber­ge­now,
Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň Gu­ba­dag et­ra­byn­da­ky 40-njy or­ta mek­de­biň mu­gal­ly­my.