Ýaponiýada “Sony” we “Honda” kompaniýalary bilelikde elektroulag öndürmek üçin hyzmatdaşlyk ylalaşygyna gol çekişdiler. Şäriklik 50 göterimden deň böleşilip, ilkinji ulaglar 2025-nji ýylda müşderilere ýetiriler. Häzirki wagtda elektroulag önümçiliginde “Honda” kompaniýasy bäsdeşlerinden birneme yzda barýar. Şeýle bolansoň, kompaniýa bäsdeşleriniň yzyndan ýetmek üçin täze başlangyçlary ýola goýdy. Bilelikde öndüriljek ulagyň howany hapalamaýan hem-de has köp awtomatlaşdyrylan bolmagyna garaşylýar.
Şu ýylyň mart aýynda “Sony Honda Mobility” atly şereket döredilipdi. Täze elektroulaglaryň önümçiliginde we satuwynda “Honda”-nyň, programma we tehnologiýa babatda “Sony”-niň tejribesinden peýdalanylar. Bilelikdäki şereketiň hersi munuň üçin bäş milliard ýen maýa goýum özleşdirer.
“Honda” 2030-njy ýyla çenli 30 sany elektroulag modelini satuwa çykarmagy we her ýylda iki million elektroulag satmagy maksat edinýär. Şeýle hem “Honda” şu ýylyň başynda “General Motors” bilen bilelikde has elýeterli bahadan eletroulag öndürjekdigini mälim edipdi.
Batyr Nurgeldiýew, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy