“Counterpoint Research” şereketiniň bilermenleriniň taýýarlan maglumatyna görä, şu ýylyň birinji çärýeginde Ýewropada smartfon satuwy soňky 10 ýylyň iň pes derejesine ýetipdir. Bu döwürde sebitde telefon satuwy 12 göterim azalypdyr. Bilermenler munuň birnäçe sebäbiniň bardygyny belleýärler. Olar Hytaýyň käbir iri şäherlerindäki karantin çäklendirmeleri, ykdysady ýagdaýlar we çip ýetmezçiligi. Bilermenleriň pikirine görä smartfon bazaryndaky pese gaçyşlyk dowam eder.

“Samsung” kompaniýasy Ýewropada iň köp telefon satýan kompaniýa bolmagyny dowam etdirýär. Şeýle-de bolsa, soňky üç aýda kompaniýanyň satuwy 16 göterim azalypdyr. Bu görkeziji “Apple”-de 6 göterim, “Xiaomi”-de 36 göterim bolupdyr. Iň köp telefon satýan bäş kompaniýanyň biri bolan “Realme”-niň satuwy bolsa ýylsaýyn artmagyny dowam etdiripdir.