24-nji iýunda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Aşgabatda 29-njy iýunda geçirilmegi meýilleşdirilen Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň VI sammitine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli maksatnama hödürlenildi.
Nygtalyşy ýaly, ýurdumyz parahatçylyk söýüjilikli, döredijilikli daşary syýasy strategiýany yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, Hazar deňzinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, sebit ähmiýetli wajyp meseleleriň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamakda möhüm orun eýeleýär. Aşgabat sammitiniň gün tertibine ileri tutulýan ugurlarda netijeli döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge degişli meseleleriň toplumy giriziler. Şeýle hem forumyň çäklerinde birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär. 28-nji iýunda geçiriljek Hazarýaka döwletleriň daşary işler ministrleriniň mejlisi hem sammite görülýän taýýarlyk meselelerine bagyşlanar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, goňşy döwletler bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň ata Watanymyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini nygtady. Bu syýasat oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik hem-de umumy bähbitlere laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda ýola goýulýar. Döwlet Baştutanymyz hödürlenen maksatnamany makullap, VI Hazar sammitiniň möhümdigine ünsi çekdi hem-de Türkmenistanyň Hazar deňzi boýunça ileri tutulýan meseleleri çözmäge saldamly goşant goşýandygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň kenarýaka ýurtlaryň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegi, Hazar deňzi sebitiniň ägirt uly serişde, ulag-aragatnaşyk, energetika we senagat kuwwatynyň netijeli durmuşa geçirilmegi ugrunda yzygiderli çykyş edýändigini nygtady. Şunuň bilen bir hatarda, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyga, ekologiýa we daşky gurşawy goramak, gadymy Hazaryň biodürlüligini aýawly saklamak, tebigy baýlyklaryndan rejeli peýdalanmak ýaly möhüm ulgamlarda gatnaşyklara uly ähmiýet berilýär.
Ýurdumyzyň Hazarýaka döwletleriň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, degişli şertnama-hukuk binýadyny kemala getirmäge, abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gönükdirilen anyk başlangyçlary munuň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistan ýurtlarymyzyň arasyndaky doganlyk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna, Hazaryň parahatçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk deňzi derejesiniň pugtalandyrylmagyna mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn goldaw bermegini dowam etdirer. Hormatly Prezidentimiz şular barada aýtmak bilen, wise-premýere, daşary işler ministrine döwletara hyzmatdaşlyga täze itergi berjek Aşgabat sammitiniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi hem-de belent mertebeli myhmanlaryň halkymyzyň myhmansöýerlik däplerine laýyklykda garşy alynmagyny tabşyrdy.