24-nji iýunda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň оrunbasary B.Atdaýew «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisine Türkmenistanyň gatnaşmagynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. “Ýaşaýşymyz üçin geljegiň jemgyýetini döredýäris” şygary astynda guraljak bu halkara forumyň 2025-nji ýylyň 13-nji apreli — 13-nji oktýabry aralygynda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçiriljekdigi habar berildi.
Guramaçylyk işleriniň dowamynda ýapon tarapy Türkmenistanyň milli pawilýonyny “Durmuş mümkinçiliklerini giňeltmek” atly bölümde ýerleşdirmegi teklip edýär. Şunuň bilen baglylykda, «EKSPO — 2025» sergisinde milli pawilýonymyzy gurmagyň taslamalaryny saýlap almak üçin ýurdumyzyň gurluşyk kompaniýalarynyň arasynda bäsleşik yglan etmek meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwlet strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde häzirki wagtda Türkmenistanda ykdysady ösüşiň milli nusgasy kemala getirildi, munuň özi türkmen halkynyň abadan durmuşyny üpjün etmäge hem-de Diýarymyza dünýäniň ykdysady taýdan ösen we syýasy taýdan durnukly döwletleriň hatarynda mynasyp orun eýelemäge mümkinçilik berýär diýip belledi. Döwlet Baştutanymyz «EKSPO — 2025» sergisine gatnaşmagyň möhümdigi barada aýdyp, şeýle giň gerimli gözden geçirişleriň Watanymyzyň gazananlaryny, onuň eksport kuwwatyny açyp görkezmek, tejribe alyşmak, özara bähbitli hyzmatdaşlyk meselelerini oňyn çözmek üçin täze mümkinçilikleri açýandygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň milli pawilýonynyň bezeg işlerinde özboluşly çözgütleriň ulanylmagy zerurdyr, olarda milli binagärligiň gadymy ýörelgeleri öz beýanyny tapmalydyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu babatda toplanan oňyn tejribäniň yzygiderli baýlaşdyrylmagynyň zerurdygyny belläp, wise-premýere ýurdumyzyň bu halkara sergä gatnaşmagynyň ýokary derejesini üpjün etmek boýunça guramaçylyk işlerini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.