“Airbus” adatça ulanylýan ýag, ösümlik ýagy we beýleki zaýalanýan galyndylar ýaly biomateriallardan alnan, 100% durnukly awiasiýa bioýangyjynda (SAF) işleýän, iki hereketlendirijili ilkinji dikuçary öndürdi.

“H225” atly howa gämisi “Airbus”-yň 2030-njy ýyla çenli durnukly ýaşyl bioýangyçda işleýän täjirçilik maksatly uçarlaryny we dikuçarlaryny kepillendirmek baradaky taslamasyna laýyklykda işlenilip düzüldi. Kompaniýanyň esasy maksady, uçuşyň howpsuzlygyna zyýan bermezden, daşky gurşawda kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny 50% azaltmaga gönükdirilendir.

“Airbus” SAF-da birbada iki hereketlendirijiniň ulanylmagynyň dikuçar pudagy üçin aýgytlaýjy tapgyrdygyny öňe sürýär. Birinjiden, bu “Airbus”-yň diňe ekoýangyjyň ulanylyşyny kepillendirmek ugrundaky täze bir ädim boldy. Ikinjiden bolsa bu başlangyç, öz gezeginde CO2 zyňyndylaryny 90%-e çenli azaltmaga mümkinçilik döredýär.

Geljekde kompaniýa tarapyndan dürli ýangyç görnüşlerini ulanmaga amatly, hereketlendiriji konfigurasiýalary bolan dikuçarlarda köpsanly synaglary geçirmeklik meýilleşdirilýär.

Nowruz HOJAGURBANOW,S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.