Müsürdäki Giza, Günorta Amerikadaky Maýýa piramidalary, Beýik Hytaý diwary dünýäniň iň belli äpet binalary hasaplanýar. Bular adamlaryň has irki döwürlerden iri desgalary gurup bilendiklerini görkezýär. Emma, adamlar piramidalardan has irki wagtlarda hem beýik binalary döredipdirler.

Ilkinji binalaryň nähili bolandygy ylym dünýäsine mälim däl. Emma, biziň günlerimize gelip ýeten binalaryň onlarçasy olaryň näme maksatlar bilen peýdalanylandygyny çaklamaga mümkinçilik berýär. Eýsem, häzire çenli saklanyp galan gadymy binalar haýsylarka?!

Soňky geçirilen barlaglarda Türkiýäniň Şanlyurfa welaýatyndaky Göbeklitepe ýadygärlikleriniň has irki döwürlerde gurlandygy ýüze çykaryldy. Taryhçylar dini bina hökmünde gurlan bu desganyň miladydan ozalky 11-nji müňýyllyga degişlidigini belleýärler. Şeýle bolansoň bu ýeri 2018-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. 20 otagy bolan binada 200-den gowrak sütün bolup, olaryň her biriniň beýikligi 6 metre ýetýär.

Siriýanyň Halap şäheriniň golaýyndaky Tell Karamel ýadygärlikleriniň hem Göbeklitepe bilen ýaşytdygy aýdylýar. Ekerançylyk üçin amatly ýerde ýerleşýän sebit irki döwürlerde söwdanyň hem ösen ýeri bolupdyr. Derýanyň golaýyndaky şäherde neolitik döwre degişli binalaryň galyndylary saklanypdyr.

Palestinadaky Iorihon diňi hem irki desgalaryň biri hasaplanýar. Iordan derýasynyň boýunda irki döwürlerde şäher bolupdyr. Iorihon diňiniň beýikligi 8,5 metre barabar bolup, onuň näme maksat üçin gurlandygy häzirlikçe nämälim bolmagynda galýar. Bişen kerpiçden gurlan minaranyň içinde 22 basgançakly merdiwan bar.

Ortaýer deňziniň iň uly adalarynyň biri bolan Kiprdäki Hirokitiýa hem gadymy ilatly nokatlaryň biri bolupdyr. Bu ýerde tekiz üçekli, töwerek şekilli, çig kerpiçden jaýlar gurlupdyr. Jaýlaryň içindäki ojak we gap-çanaklar saklanyp galypdyr. Hirokitiýa 1998-nji ýylda ÝUNESkO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilipdir.

Bolgariýanyň Durankulak şäheriniň geçmişiniň miladydan ozalky 5 müň 500-nji ýyllara degişlidigi bellenilýär. Bu ýerde az sanly emma daşdan gurlan berk jaýlar bolupdyr.

Ýazbibi Çaryýewa, Mary welaýatynyň Oguzhan etrabynyň 2-nji orta mekdebiniň mugallymy