Astronawt Jessika Watkins taryha girdi

113
NASA astronaut Jessica Watkins is scheduled to fly to space for the first time as part of NASA’s SpaceX Crew-4 mission launching to the International Space Station. https://www.nasa.gov/press-release/nasa-assigns-astronaut-jessica-watkins-to-nasa-s-spacex-crew-4-mission Credits: NASA/Bill Ingalls

“SpaceX” kompaniýasynyň “Falcon 9” raketasy bilen uçurylan “Freedom” atly kapsula Halkara kosmos bekedine baryp ýetdi. Kosmos gämisinde dört astronawtyň biri bolan Jessika Watkins Halkara kosmos bekedine uzak wagtlyk baran ilkinji garaýagyz zenan hökmünde adyny ýazdyrdy. Kosmosa syýahat 16 sagat dowam etdi. Bu uçuş hem iň uzak dowam eden uçuş hökmünde hasaba alyndy. Beketdäki beýleki astronawtlar täze baran kärdeşlerini garşy aldylar. Şeýlelikde, ol ýerdäki astronawtlaryň sany 11-e ýetdi. Maý aýynda olaryň sany ýene-de azalar. Üçüsi NASA-nyň, biri Ýewropa Kosmos agentliginiň astronawty bolan jemi dört astronawt noýabr aýynda Ýere gaýdyp geler.

Kosmos bekedi esasy iki bölekden ybarat bolup, ýarysy Russiýa beýleki ýarysy Ýaponiýa, ABŞ, Kanada we Ýewropa ýurtlaryna degişli. Adatça kosmos bekediniň her böleginde üçden, jemi alty kosmonawt bolýar. Emma soňky ýyllarda bu beket syýahatçylyk maksady bilen hem ulanylyp başlandy. 9-njy aprelde amerikaly, kanadaly hem-de ysraýylly üç kosmos syýahatçysy bekede barypdy.