28-nji iýunda ýurdumyzyň DIM-nde geçirilen Hazarýaka döwletleriň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisinde 29-njy iýunda Aşgabatda boljak VI Hazar sammitine taýýarlyk görmek hem-de onuň gün tertibine girizilen meseleleri ylalaşmak ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň hatarynda boldy.

Ýokary derejedäki bäştaraplaýyn gepleşikleriň öňüsyrasyndaky duşuşykda Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň hem-de Türkmenistanyň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylary Hazar deňzi sebitinde hyzmatdaşlygyň aýry-aýry ugurlaryna, ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň barşyna hem-de wajyp halkara meselelere garadylar.

Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň taryhy ähmiýetli I sammitinden 20 ýyl soň geçirilýän Hazar “bäşliginiň” ikinji Aşgabat duşuşygy kenarýaka ýurtlaryň we olaryň doganlyk halklarynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädim bolar.

Bellenilişi ýaly, VI Hazar sammitine ýurtlarymyz taýýarlykly geldi. Häzir Hazar deňzinde bilelikdäki işleriň giň ugurlary boýunça möhüm Ylalaşyklary we Teswirnamalary taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar. Dürli derejedäki hyzmatdaşlygyň netijesinde möhüm meseleler boýunça özara düşünişmek gazanylýar.

Aşgabatda Hazarýaka döwletleriň daşary işler ministrleriniň 1996-njy ýylda geçirilen maslahatynda Hazar deňzi sebitinde gatnaşyklaryň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny kemala getirmek boýunça gepleşikler guralynyň guramaçylyk-hukuk görnüşi kesgitlenildi — Ýörite iş toparyny döretmek boýunça ylalaşyk gazanyldy. DIM-niň ýolbaşçylarynyň maslahaty hem-de Türkmenistanyň başlangyjy boýunça geçirilen dürli derejedäki bäştaraplaýyn duşuşyklar we geňeşmeler Hazar deňzi boýunça bar bolan meseleleri çözmekde özara kabul ederlikli çözgütleri gözlemegiň, bu umumy täsin deňzi geljekki nesiller üçin gorap saklamagyň wajypdygyna hemmeleriň düşünýändigini aýdyň görkezdi.

Ýurdumyz gepleşikleri häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, hil taýdan täze derejä çykarmagyň zerurdygyndan ugur alyp, Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň I sammitini geçirmek başlangyjy bilen çykyş etdi we ol 2002-nji ýylda paýtagtymyzda üstünlikli geçirildi. Ýokary derejedäki şol taryhy duşuşykda ýurdumyz bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygyň strategiýasy boýunça öz garaýyşlaryny ynamly beýan etdi. Bu hyzmatdaşlyk halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny nazara almak, Hazar deňziniň ykbaly üçin tagallalary birleşdirmegiň we umumy jogapkärçiligiň wajypdygyna düşünmek esasynda ýola goýulmalydyr. Şeýlelikde, Aşgabat Hazar meselesi boýunça özara gatnaşyklaryň düýbünden täze görnüşiniň binýady goýlan şäher hökmünde taryha girdi.

Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň “tegelek stoluň” başyndaky gepleşikleri birek-biregiň garaýyşlaryna hormat goýmak hem-de özara bähbitleri ylalaşmak esasynda ýola goýuldy. I Aşgabat sammiti deňhukuklylyk, ynanyşmak hem-de hoşmeýilli erk esasynda ýakyn we uzak möhletleýin geljek nazara alnyp ýola goýulýan netijeli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň kesgitlenilmeginiň başyny başlady.

Paýtagtymyzda badalga berlen dialog mynasyp dowam etdirilip, ol Tähranda (2007-nji ýyl), Bakuwda (2010-njy ýyl), Astrahanda (2014-nji ýyl) we Aktauda (2018-nji ýyl) geçirilen soňraky sammitlerde kabul edilen çözgütler üçin esas goýdy. Türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça birnäçe resminamalar, şol sanda Hazar deňzinde adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olary aradan aýyrmak boýunça hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyk, Hazar deňziniň suw hem-de biologik serişdelerini gorap saklamak we rejeli peýdalanmak barada Ylalaşyk taýýarlanyldy.

Şeýle hem Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň IV Astrahan sammitiniň netijeleri boýunça gol çekilen jemleýji resminamalaryň toplumyna Hazar deňzinde gidrometeorologiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk girizildi. Bu Ylalaşyk boýunça işler ýurdumyzyň Gidrometeorologiýa we Hazar deňziniň hapalanmagyna gözegçilik etmek boýunça utgaşdyryjy komitetde başlyklyk eden döwründe tamamlandy.

Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde geçirilen V Hazar sammitinde Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýanyň — Hazar deňzinde dürli ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň hukuk kadalaryny berkidýän taryhy resminamanyň kabul edilmegi Hazarýaka döwletleriň arasyndaky gatnaşyklara täze itergi berdi. Şonda Türkmenistan ýokary derejede geçirilen bäşinji duşuşygyň jemleri boýunça gol çekilen nobatdaky möhüm Ylalaşyklary — Hazarýaka döwletleriň Hökümetleriniň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk baradaky Ylalaşygy hem-de Hazarýaka döwletleriň Hökümetleriniň arasynda ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygy taýýarlamak başlangyjy bilen çykyş etdi.

Ýurdumyz Hazar deňzindäki özara bähbitli hyzmatdaşlyga kenarýaka döwletleriň parahatçylygy, ylalaşygy hem-de ähli ileri tutulýan ugurlarda netijeli gatnaşyklary maksat edinýändiklerini görkezýän jebisleşdiriji şert hökmünde garaýar. Dünýäde we sebitde ýagdaýlaryň üýtgäp durýandygyna garamazdan, Hazarýaka hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary üýtgewsizdir. Sebitimizde uzak möhletleýin parahatçylygyň we durnuklylygyň, toplumlaýyn howpsuzlygyň üpjün edilmegi bäştaraplaýyn görnüşde alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň esasy wezipeleriniň biri bolupdy hem-de şeýle bolmagynda hem galýar. Türkmen tarapynyň hemişe nygtaýşy ýaly, Hazar deňzi parahatçylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň, özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň zolagy bolmalydyr, bu ýerde meseleler diňe parahatçylykly ýol bilen, gepleşikler arkaly çözülmelidir.

Kenarýaka ýurtlar Hazar deňzini syýasy agzalalykdan, bolup biläýjek gapma-garşylyklardan, düşünişmezlikden we ynanyşmazlykdan azat giňişlik hökmünde saklamagyň, ony daşarky howplardan hem-de wehimlerden, hususan-da, terrorçylykdan, guramaçylykly transmilli jenaýatçylykdan, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyndan, beýleki wehimlerden goramagyň zerurdygyna oňat düşünýärler. Bu işde syýasy-diplomatik gurallara möhüm orun berilýär. Taraplaryň pikirine görä, daşary işler ministrleriniň duşuşyklaryny yzygiderli esasda geçirip, bu gurallary işjeňleşdirmek we güýçlendirmek zerurdyr. Munuň özi bolup geçýän wakalar babatda öz wagtynda hem-de dogry hereket etmäge, ýakyn we uzak möhletleýin geljek üçin bilelikdäki işleri meýilleşdirmäge mümkinçilik berer. Hut şu sebäpden hem geçen ýyllaryň dowamynda Türkmenistan Hazar deňzi boýunça duşuşyklaryň hem-de forumlaryň, şol sanda Ýörite iş toparynyň, Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň mejlisleriniň, halkara maslahatlaryň, okuw maslahatlarynyň yzygiderli geçirilýän ýeri boldy.

Türkmenistanyň söwda-ykdysady, energetika we ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda gatnaşyklary ösdürmek boýunça başlangyçlary hem-de teklipleri ýurdumyzyň özara bähbitli hyzmatdaşlyga ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyz bu ugurlarda ägirt uly kuwwata eýe bolmak bilen, birnäçe iri halkara we sebit derejesindäki taslamalaryň başyny başlady. Hazarýaka ýurtlar Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän tebigy geografik çäk bolup, Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça üstaşyr ulag hem-de söwda geçelgeleriniň, ýük akymlarynyň netijeli işlemegini üpjün edýär.

Hazar deňzi sebiti dünýäniň iň iri üstaşyr ulag we logistika halkalarynyň biridir. Bu şerti nazara almak bilen, meýilleşdirilen taslamalaryň amala aşyrylmagy sebitdäki söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmaga, sebitara gatnaşyklara kuwwatly itergi bermäge, Merkezi Aziýany, Hazar deňzi, Gara deňzi, Baltika deňzi sebitlerini, Orta we Ýakyn Gündogary, Günorta hem-de Günorta-Gündogar Aziýany birleşdirýän täze geoykdysady giňişligiň binýadyny goýmaga mümkinçilik berer. Soňky ýyllarda ýurdumyz ulag geçelgelerini gurmak boýunça giň gerimli işleri amala aşyrmak, awtoulag hem-de demir ýollaryň ulgamyny, howa we deňiz ugurlaryny giňeltmek bilen, sebitde parahatçylygyň, durnukly ykdysady ösüşiň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär. Türkmenbaşy şäherinde täze Halkara deňiz portunyň gurlup ulanylmaga berilmegi möhüm waka boldy. Bu giň gerimli düzümleýin taslama Merkezi Aziýanyň we Hazar deňzi sebitiniň ähli ýurtlary üçin strategik ähmiýete eýedir. Bu taslamanyň amala aşyrylmagy ýokarda ady agzalan sebitleriň döwletleriniň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna mundan beýläk-de goşulyşmagyna, Hazar deňziniň häzirki wagtda täze görnüşde dikeldilýän Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky möhüm ulag-logistika halkasy hökmündäki ornuny pugtalandyrmaga ýardam berýär.

Türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça 2019-njy ýylda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumy bäş ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýygjamlaşmagyna täsir etdi. Forumyň işiniň netijeleri wagtyň geçmegi bilen onuň Hazar deňzinde netijeli işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmekde, söwda we maýa goýum işini kämilleşdirmekde, hususy maýa goýumlary çekmekde oňat çäre boljakdygyny çaklamaga esas berýär.

Hazar deňziniň onuň kenarynda ýaşaýan halklaryň umumy baýlygydygyny nazara alanyňda, ekologiýa we daşky gurşawy goramak, bu täsin tebigy suw howdanynyň biodürlüligini gorap saklamak, baýlyklaryny rejeli peýdalanmak kenarýaka döwletleriň hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry bolup durýar. Bu ulgamda ýurdumyz milli derejede yzygiderli işleri alyp barýar, öz goňşulary hem-de esasy hyzmatdaşlary, şol sanda abraýly halkara guramalar bilen ýakyndan gatnaşyk etmek arkaly Hazar deňzindäki bar bolan we ýüze çykyp biläýjek ekologik meseleleri çözmekde täze çemeleşmeleri teklip edýär.

Ýurdumyz BMG-niň tebigaty goramak boýunça esasy Konwensiýalaryny tassyklap, öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge ygrarly bolmak bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Ählumumy ekologik gaznasy we beýleki ýöriteleşdirilen düzümler bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. Şeýle hem döwletimiziň Hazar ekologik maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýandygyny bellemek gerek.

Hazar deňzi sebitinde howpsuzlyk, ykdysady hyzmatdaşlyk we ekologik meseleler Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň Aşgabat sammitinde ara alnyp maslahatlaşyljak esasy meseleler bolar. Nobatdaky ýokary derejedäki bäştaraplaýyn duşuşyga gatnaşyjylaryň däp bolan dostlukly, hoşniýetli gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga, Hazar gün tertibiniň ähli ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýar bolmagy bu sammitiň üstünlikli geçjekdigini aýtmaga mümkinçilik berýär. Onda kabul edilen çözgütler Hazar deňziniň ägirt uly ykdysady we serişde kuwwatyny doly derejede amala aşyrmaga hem-de parahatçylyk, dostluk we ylalaşyk deňzi hökmündäki ornuny pugtalandyrmaga gönüden-göni ýardam berer.