96 ýyldan soň ýene-de 3 gol aratapawudy bilen ýeňdi

4

“D” toparçanyň 1-nji, şol sanda çempionatyň ABŞ-nyň çägindäki ilkinji oýunda ýer eýeleri amerikanlar bilen paragwaýlylar duşuşdy. Los Anjelesdäki dünýäniň iň gymmat stadionlarynyň biri hasaplanýan “SoFi Stadium”-da oýnalan duşuşykda ABŞ-nyň ýygyndysy 4-1 hasabynda ýeňiş gazandy. Ýer eýeleriniň doly artykmaçlygynda geçen oýnuň 1-nji ýarymynda amerikanlar 3-0 hasabynda öňe saýlandy. Duşuşygyň 7-nji minutynda Bibadilýa topy ýalňyşlyk bilen öz derwezesinden girizip, çempionatyň ilkinji awtogolynyň eýesi boldy. Duşuşygyň 31-nji minutda Folarin Balogun hasaby 2-ä ýetirdi. Ol 45+5-nji minutda ýene bir gezek tapawutlanyp, çempionatyň ilkinji dubl eden futbolçysy bolmagy başardy.

2-nji ýarymda ABŞ-nyň ýygyndysy oýnuň depginini az-owlak gowşatdy. Duşuşygyň 73-nji minutynda Paragwaýlylaryň ýarym goragçysy, oýna soň giren Maurisio aratapawudy 2 gola düşürdi. Duşuşygyň 90+8-nji minutynda 82-nji minutda meýdança giren Jowanni Reýna 4-nji goly-da myhmanlaryň derwezesinden girizip, oýna soňky nokady goýdy.

ABŞ-nyň ýygyndysy ilkinji Dünýä Kubogynda bolşy ýaly 96 ýyldan soňam Paragwaýy 3 gol aratapawudy bilen ýeňmegi başardy. 1930-njy ýylda ABŞ-nyň ýygyndysy Paragwaýy Bertrand Patenaudeniň het-trigi bilen 3-0 hasabynda ýeňipdi.

“D” toparça

ABŞ – PARAGWAÝ: 4-1

Bobadilýa 7 (ö.d.), Balogun 31, 45+5, Reýna 90+8 – Maurisio 73