Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisida 26-28-nji iýun aralygynda Germaniýada geçirilen uly ýediligiň (G7) 48-nji sammitinde G7 liderleriniň indiki maslahatynyň 2023-nji ýylyň 19-21-nji maýynda Hirosimada geçiriljekdigini mälim etdi. Bu barada “Kyodo” habarlar gullugy habar berdi.

Ýaponiýa iň soňky gezek 2016-njy ýylyň maý aýynyň ahyrynda Mie prefekturasynda G7 sammitini kabul etdi. Soňra Hirosimada birleşigiň daşary işler ministrleriniň maslahaty geçirildi. Şol ýyl bu şähere Barak Obama geldi we Hirosima şäherine baryp gören ABŞ-nyň ilkinji Prezidenti boldy.

2023-nji ýylda G7-iň başlyklygy Ýaponiýa geçýär. Maglumatlara görä, syýasy çäräniň Hirosimada geçirilmegini Ýaponiýanyň ýadro ýaragsyzlanmak meselesinde işjeň rol oýnamak isleýändigini görkezýär. Mundan başga-da, Hirosima Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisidanyň saýlaw okrugydyr.