Paýtagtymyzdaky «Arkadag» myhmanhanasynda VI Hazar sammiti öz işine başlady. Hazarýaka döwletleriniň — Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň hem-de Türkmenistanyň döwlet Baştutanlary 20 ýyldan soň ýene-de Aşgabatda duşuşýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Arkadag» myhmanhanasynda döwlet Baştutanlaryny garşylady. Bu ýerde Hazarýaka döwletleriň Liderleri bilelikde surata düşdüler. Soňra bäştaraplaýyn gepleşikler başlandy.

Aşgabat sammitinde Hazar deňzi sebitinde howpsuzlyk, ykdysady hyzmatdaşlyk we ekologik meseleler ara alnyp maslahatlaşylýan esasy ugurlardyr. Şeýle-de Hazar deňzi sebitinde hyzmatdaşlygyň aýry-aýry ugurlaryna, ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň barşyna hem-de wajyp halkara meselelere garalýar.

Ýeri gelende bellesek, düýn Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen Hazarýaka döwletleriň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisinde sammite taýýarlyk hem-de onuň gün tertibi bilen bagly meselelere seredildi.

sammiti öz işine başlady.

Sammit Türkmenistanyň Prezidentiniň Serdar Berdimuhamedowyň çykyşy bilen başlady. Sammitiň öňüsyrasynda resmi surata düşmek dabarasy boldy.