Kaliforniýa uniwersitetiniň alymlary biologiki fotosintezden düýbünden ýüz öwürmegiň usulyny oýlap tapdylar. Alymlar ösümlikleri Gün şöhlesi bolmazdan, ösdürip ýetişdirmegi teklip etdiler.
Barlagda biologlar kömürturşy gazyny, elektrik toguny we suwy asetata öwürmek üçin iki basgançakly elektrokatalitiki prosesini ulandylar. Bu sirkäniň esasy düzüm böleginden ybaratdyr. Belläp geçsek, ösümlikler ösmek üçin tüm garaňkylykda asetat talap edýär. Elektrokataliz üçin elektrik öndürjek bu ulgamda Gün panelleri ulanylanda bolsa, bu ulgam Gün şöhlesini iýmitlere öwürmegiň netijeliligini 18 esse ýokarlandyrýar.
Geçirilen synaglaryň netijesinde, biologlar kömelek öndürýän ýaşyl suwotular ýaly ösümlikleriň garaňkylykda-da ösümlikleriň ösdürilip bilinjekdigini subut etdiler.
Azyk önümçiliginde bu täzeçe çemeleşme NASA-nyň “Space Space Food Challenge”-da hödürlendi. Şeýlelikde, birinji tapgyryň ýeňijisi boldy. “Deep Space Food Challenge” täze iýmit tehnologiýalaryny döreden toparlara baýrak gowşurýan halkara ýaryşydyr. Onuň esasy maksady, az çykdajy bilen uzak möhletli kosmos uçuşlaryna niýetlenen iň ygtybarly, ýokumly we tagamly iýmitleri ösdürmek boýunça ulgamlary döretmekden ybaratdyr.
Ogulgerek MOMMAKOWA, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby