Hökümete tarapdar köplügiň dalaşgäri, “Öňe Respublika” partiýanyň agzasy Ýael Braun-Piwe Fransiýanyň täze mejlisiniň başlyklygyna saýlandy. Ol ýurduň taryhynda bu wezipäni eýelän ilkinji zenan boldy. Braun-Piwe 51 ýaşynda. Ol bilimi boýunça aklawçy, 1930-njy ýyllarda Fransiýa göçüp baran polýak immigrantynyň gyzy. Ol 2017-nji ýylda ilkinji gezek parlamente saýlananda, Milli mejlisiň kanun çykaryjy toparyna ýolbaşçylyk etdi.

20-nji maýda Premýer-ministr Elizabet Bornyň hökümet düzümine giren Ýael Braun-Piwe 25-nji iýunda Ministrler Kabinetinden çykdy we başlygyň ornuna bäsleşmek maksady bilen mejlise dolanyp geldi. Onuň garşydaşlary sagçy partiýa – “Respublikaçylar”-dan Anni Ženewar we sagçy “Milli bileleşigiň” agzasy Sebastýan Şenýu boldy.  Belläp geçsek 19-njy iýunda Fransiýada parlament saýlawlarynyň geçirildi. Onuň netijelerine görä,  Makronyň bileleşigi Milli mejlisde 245 orna eýe bolup, ýüz töweregi ses ýitirensoň aşaky palata doly gözegçiligi saklap bilmedi.