4-nji iýulda paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Merkezi Aziýada “Bitewi saglyk” konsepsiýasyny
ilerletmek boýunça utgaşykly görnüşde ýokary derejeli sebit maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Saglygy
goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebit edarasy
bilen bilelikde guran ýöriteleşdirilen forumynyň işine abraýly halkara we sebit guramalarynyň wekilleri, halkara
bilermenler hem-de Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Özbegistandan hünärmenler gatnaşdylar.
Merkezi Aziýada adamlaryň saglygyny, haýwanat dünýäsini we daşky gurşawy goramaga gönükdirilen “Bitewi
saglyk” konsepsiýasyny ara alyp maslahatlaşmak, bu ugurda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin halkara
düzümleriň tagallalaryny birleşdirmek bu maslahatyň esasy maksady boldy. Forumda hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedowyň bu möhüm ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alyp barýan netijeli syýasatyna
ýokary baha berildi.
Maslahatyň çäklerinde “Merkezi Aziýada “Bitewi saglyk” maksatnamasyny durmuşa geçirmek üçin milli ileri
tutulýan ugurlara düşünmek”, “Merkezi Aziýada bitewi saglyk ugrunda hyzmatdaşlyk: adamyň, haýwanat
dünýäsiniň we daşky gurşawyň özara gatnaşygynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin halkara düzümleriň
tagallalaryny birleşdirmek” atly mowzuklaýyn mejlisler geçirildi. Olaryň dowamynda ýöriteleşdirilen edaralaryň
arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak meselelerine garaldy.
Adamlaryň, öý we ýabany haýwanlaryň saglygy bilen daşky gurşawyň, şol sanda giň ekoulgamlaryň ýagdaýynyň
arasyndaky berk arabaglanyşyk meselesine aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda keselleriň
öňüni almak we adamlaryň saglygyny goramak maksady bilen, azyk önümleriniň hiline hem-de howpsuzlygyna berk
gözegçilik edilýändigi, Diýarymyzyň ähli künjeklerinde ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek üçin giň gerimli
işleriň geçirilýändigi bellenildi.
Wekiliýetiň agzalary türkmen kärdeşleri bilen Merkezi Aziýada saglygy we abadançylygy goldamak ugrunda 2022 —
2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň “Ýol kartasynyň” taslamasy boýunça pikir alyşdylar, bilelikdäki ylalaşyklary
durmuşa geçirmegi çaltlandyrmak maksady bilen, ýokary derejedäki duşuşyklary yzygiderli guramak meselelerini
ara alyp maslahatlaşdylar.
Forumda jemleýji resminama kabul edilip, onda ýurtlaryň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň çäklerinde
bilelikdäki tagallalary üçin esasy ugurlar öz beýanyny tapdy.