4-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.
Onda oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler baradaky meselelere garalyp, öňde durýan
wezipeleriň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahatda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzda oba hojalyk işleriniň alnyp
barlyşy barada hasabat berdi we Gazagystanyň bugdaýyny we un önümlerini Owganystana hem-de Owganystanyň
üsti bilen beýleki ýurtlara ibermekde bilelikdäki hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işler barada
habar berdi. Hususan-da, Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň gatnaşmagynda Mary welaýatynyň
Serhetabat etrabyndaky “Çemenabat” maldarçylyk hojalygynda 100 müň tonna bugdaý saklamaga niýetlenen
elewatory hem-de oňa gerek bolan haltalary öndürýän önümçiligi gurmak maksat edinilýär. Bu işleri paýly gatnaşyk
esasynda amala aşyrmak meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz bu işleriň sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmekde, şol sanda
Owganystanyň ykdysady taýdan dikeldilmegine ýardam bermekde ähmiýetlidigini nygtap, hödürlenen teklibi içgin
öwrenmek boýunça degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy.