Pa­raş­ýut nä­me? Uçup bar­ýan uçar­dan ýa-da be­lent bir ýer­den bö­kü­len­de, ýe­re ra­hat düş­mek üçin ýü­pek­den ýa-da neý­lon­dan ti­ki­lip, açy­lan­da ýel­ken gör­nüş­li sport en­ja­my­dyr.
Onuň ta­ry­hy 3000 ýyl mun­dan ozal, Hy­taý­da bo­lan bet­bagt­çy­lyk­dan soň baş­lan­ýar. Ýan­gyn dö­rän ja­ýyň pen­ji­re­sin­den eli sa­ýa­wan­ly bö­ken im­pe­ra­tor Şun ölüm­den ha­las bol­ýar. Bu wa­ka­dan soň, Azi­ýa­da sa­ýa­wan bi­len bök­mek ýaý­baň­lan­ýar. Ak­ro­bat­lar be­ýik bi­na­la­ryň de­pe­sin­den bö­küp, hal­ky güý­mäp­dir­ler. Siý­ýam im­pe­ra­tor­ly­gyn­da (Tai­land) bu oýun, sep­le­nen dört sa­ny sy­ry­gyň (syr­dam gö­ni agaç) ýo­ka­ry uju­na dyr­ma­şyp, iki giň sa­ýa­wan­ly bök­mek ar­ka­ly ama­la aşy­ry­lyp­dyr. Güýç­li şe­mal­da ter­si­ne öw­rül­mez­li­gi üçin ola­ryň uç­la­ry bi­ri-bi­ri­ne berk da­ňy­lyp­dyr. Suw dam­ja­sy­na meň­zeş bu sa­ýa­wan­ly bök­mek spor­ty en­çe­me ýüz ýyl­lap do­wam edip­dir.
Pa­raş­ýut bi­len bök­mek üçin il­kin­ji sy-na­ny­şyk 1783-nji ýyl­da Pa­riž­de bol­ýar. Ýew­ro­pa­ly Leo­nar­do da Win­çi “Ada­my nä­dip uçu­ryp bo­lar?” dü­şün­je­si bi­len ony uçu­ryp bi­läý­jek en­ja­my ýa­sa­mak üçin meş­gul­la­nyp­dyr. Ol 1502-nji ýyl­da il­kin­ji çyz­gy­la­ry­ny taý­ýar­la­ýar, ýö­ne olar bi­ziň gün­le­ri­mi­ze ýet­män­dir. Fran­si­ýa­da Mon­pel­ýe şä­he­rin­de ta­lyp bo­lan Lui-Se­bast­ýen Le­nor­man 4,5 metr ulu­ly­gyn­da ma­ta­dan hal­ka tik­dir­ýär. Bu hal­ka­dan aşak sal­la­ny­lan ýüp­le­riň uju­na otur­ma­ga ni­ýet­le­nen bir se­bet ber­kid­ýär. Şeý­le­lik­de, il­kin­ji pa­raş­ýut dü­şün­je­si ýü­ze çyk­ýar. Bu en­ja­my Mon­pel­ýe şä­he­ri­niň ob­ser­wa­to­ri­ýa­syn­dan bö­küp bar­lap gör­ýär­ler. Le­nor­man oý­lap ta­pan bu za­dy­ny pa­raş­ýut di­ýip at­lan­dyr­ýar.
Ilkinji uçuş
Le­nor­man­dy And­re-Jak Gar­ne­ren Leo­nar­do da Win­çi­niň ha­sap­la­ma­la­ryn­dan ugur alyp, tä­ze bir nus­ga­ny ýa­sa­ýar. On­da pa­raş­ýut bi­len ýe­re gon­mak üçin, il­ki bi­len as­ma­na çyk­mak, soň­ra pa­raş­ýu­ty ho­wa ba­lo­nun­dan aýyr­ma­ly bo­lup­dyr. Gar­ne­ren 1797-nji ýy­lyň 22-nji okt­ýab­ryn­da mä­re­kä­niň öňün­de ýer­den 600 metr be­lent­li­ge ga­lyp, ýe­re hem sag-aman pa­raş­ýut­ly gon­ýar.
1890-njy ýyl­da Ke­te Pa­ul­ýus pa­raş­ýu­tyň tä­ze nus­ga­sy­ny taý­ýar­la­ýar we har­by mak­sat­lar üçin ula­ny­lyp ug­ra­ýar.
Sin­te­tik önüm­le­riň ýü­ze çyk­ma­gy bi­len pa­raş­ýu­tyň hi­li has kä­mil­leş­di­ril­ýär. Olar ma­ta gö­rä, çy­dam­ly, berk we ar­zan hem-de za­ýa­lan­ma­ýar. Howp­suz­lyk ýag­da­ýy hem ýo­ka­ry. Fi­zi­ki, hi­mi­ki oý­lap ta­pyş­lar ar­ka­ly tä­ze sport gör­nü­şi pa­raş­ýut bi­len bök­mek spro­ty ýü­ze çyk­ýar.
1951-nji ýyl­da Ýu­gos­la­wi­ýa­da pa­raş­ýut­li bök­mek bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty ge­çi­ril­ýär. Tür­gen­ler 1000 metr be­lent­lik­den bö­küp, bel­lik edi­len ýe­riň or­ta­ra­sy­na düş­mä­ge sy­na­nyş­ýar­lar. Ne­ti­je­de, bu çä­rä­niň do­wa­myn­da ýa­ryş­la­ryň sy­nag­la­ry­nyň sa­ny hem art­ýar. 1964-nji ýyl­da ho­wa­da al­ty he­re­ket gör­ke­zi­lip, sa­gat­da 240 km tiz­lik bi­len ak­ro­ba­tik bö­küş­ler ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len bol­sa, 1974-nji ýyl­dan soň to­par bo­lup, ak­ro­ba­tik he­re­ket­ler gör­ke­zil­mä­ge baş­lan­ýar.
1960-njy ýyl­da pa­raş­ýu­tyň gör­nüş­le­ri­ne gö­rä, ge­çi­ri­len ýa­ryş­dan soň­ra, dört­burç dik pa­raş­ýut­lar ýü­ze çyk­ýar. Bu­lar ho­wa­da ra­hat ge­zip bil­mek we has ýum­şak gon­mak aý­ra­tyn­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Pa­raş­ýut­ly ýa­ryş­la­ryň ge­çi­ril­ýä­ni­ne 200 ýyl ge­çen hem bol­sa, bu sport gör­nü­şi he­ni­zem kä­mil­leş­di­ril­ýär hem-de ös­dü­ril­ýär.