Agyz iýmit siňdiriş ulgamynyň ilkinjisi bolup, iýmitleriň siňdirilmäge başlanýan agzasydyr.
Diş iň berk synalaryň biri hasaplanýar. Ýetginjeklerde 32, çagalarda bolsa, 28 diş bolup, iýmitleriň çeýnelmegini üpjün edýär. Çagalykda çykan süýt dişleriň ýerine wagtyň geçmegi bilen berk, çeýe dişler çykýar.
Haçanda diş saglygyna üns berilmese, şekerli iýmitler köp iýlip soňundan agyz boşlugy suw bilen çaýkalmasa ya-da çotga bilen arassalanmasa, olaryň arasynda galan iýmit bölejiklerini mikroorganizmler iýip köpelýärler. Bu hem dişleriň kem-kemden çüýremegine getirýär. Bulardan başga hem hoz, şänik, pisse ýalylaryň diş bilen çakylmagy, naharyň aşa gyzgyn ýa-da sowuk iýilmegi, iňňe ýaly zatlar bilen dişleriň synçgylanmagy olaryň zeperlenmegine getirýär.
Dişleriň çüýremeginiň öňüni almak üçin, süýt we onuň önümlerini, dişe peýdaly A we D witaminlerine baý bolan azyk önümlerini köpräk iýmeli. Aýratyn hem, sowuk iýmitiň yzyndan gyzgyn ýa-da tersine ulanmaly däl. Nahardan soň elimizi, agzymyzy ýuwşumyz ýaly dişlerimizi hem arassalamaly. Agzy suw bilen çaýkamak, dişiň arassalandygy bolmaýar.
Eýsem, dişlerimizi nähili çotgalamaly?! Ilki bilen çotgany aşak ýokaryk boljak şekilde dişlere sürtmeli. Dişleriň öň we iç tarapy, üsti gyssanman çotgalanmaly. Çotga diş pastasyny nohudyň ululygynda çalmaly. Dişlerimizi irden we agşam ýatmazdan öňünçä arassalamak endigini edinmeli. Arassalamagyň dowamlylygy 2,5 – 3 minut maslahat berilýär. Diş çotgasy ortaça 6 aýdan bir gezek täzelenip durulmaly.