Germaniýa XIX asyryň ahyrynda Niger derýasynyň aşaky akymlarynda ornaşan Benin şalygynyň müňden gowrak medeni ýadygärligini Nigeriýa gaýtaryp berer. Olaryň arasynda bürünçden ýasalan heýkeller, latundan, pil süňkünden, agaçdan, merjenden edilen sungat eserleri bar.
Hökümetara ylalaşyga iki ýurduň daşary işler we medeniýet ministrleri tarapyndan gol çekildi. Ilkinji bolup üç söweşijini şekillendirýän barelýefiň bir bölegi, şeýle hem patyşanyň bürünç heýkeli gaýtarylyp berler. Bir wagtlar alnyp gidilen sungat eserleriniň gaýtarylyp berilmegi global derejede ähmiýetlidir. Oňa Fransiýa, Beýik Britaniýa, ABŞ we beýleki ýurtlaryň muzeýleri hem gatnaşýar.