5-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy we ýakyn geljek üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi. Şeýle hem mejlisiň gün tertibine Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak hem-de olaryň işini has-da kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Il­ki bi­len, Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň sek­re­ta­ry, go­ran­mak mi­nist­ri B.Gün­dog­dy­ýew ýol­baş­çy­lyk ed­ýän dü­züm­le­ri­niň 2022-nji ýy­lyň al­ty aýyn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ren iş­le­ri hem-de «Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­ni ös­dür­me­giň 2022–2028-nji ýyl­lar üçin Mak­sat­na­ma­sy­ny tas­syk­la­mak ha­kyn­da» Ka­ra­ryň tas­la­ma­sy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
De­giş­li dü­züm­le­riň iş­gär­ler bi­len üp­jün­çi­li­gi­ni pug­ta­lan­dyr­mak, ýo­ka­ry de­re­je­li hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ha­sa­ba­tyň aý­ra­tyn me­se­le­si bol­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ga­ra­ma­gy­na Ýa­rag­ly Güýç­le­riň dü­zü­min­de ýol­baş­çy­la­ry we­zi­pä bel­le­mek we we­zi­pe­den bo­şat­mak ha­kyn­da Ka­rar­la­ryň, 2022-nji ýyl­da Türk­me­nis­ta­nyň har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ry­nyň ýo­ka­ry hem-de or­ta hü­när okuw mek­dep­le­ri­ne oku­wa ka­bul et­me­giň Me­ýil­na­ma­la­ry­ny tas­syk­la­mak ha­kyn­da Buý­ru­gyň tas­la­ma­la­ry hö­dür­le­nil­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, Ga­raş­syz, Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň go­ra­nyş hä­si­ýet­li Har­by dokt­ri­na­sy­nyň çäk­le­rin­de öň­de dur­ýan mö­hüm we­zi­pe­le­re ün­si çek­di. Ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Belent Serkerdebaşysy hö­dür­le­nen res­mi­na­ma­la­ra gol çe­kip, Türk­me­nis­ta­nyň äh­li ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri bi­len bir ha­tar­da, har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň ýo­ka­ry hem-de or­ta hü­när okuw mek­dep­le­rin­de oku­wa ka­bul et­mek bo­ýun­ça gi­riş sy­nag­la­ry­nyň ge­çi­ri­lip baş­lan­ýan­dy­gy­ny aýt­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň sek­re­ta­ry, go­ran­mak mi­nist­ri B.Gün­dog­dy­ýe­we, içe­ri iş­ler mi­nist­ri M.Hy­dy­ro­wa, mil­li howp­suz­lyk mi­nist­ri G.An­na­ýe­we, Döw­let ser­het gul­lu­gy­nyň baş­ly­gy Ý.Nu­ry­ýe­we ýol­baş­çy­lyk ed­ýän eda­ra­la­ry­nyň okuw mek­dep­le­rin­de ge­çi­ril­jek gi­riş sy­nag­la­ry­nyň bel­le­nen ka­da­la­ra do­ly la­ýyk ge­çi­ril­me­gi­ne, şeý­le hem okuw­la­ra my­na­syp ýaş­la­ryň ka­bul edil­me­gi­ne berk gö­zeg­çi­lik et­mek tab­şy­ryl­dy. Şol bir wag­tyň özün­de ugur­daş okuw mek­dep­le­rin­de be­ril­ýän bi­li­miň de­re­je­si­niň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­na, olar­da okat­ma­gyň döw­re­bap usul­la­ry­nyň or­naş­dy­ryl­ma­gy­na üns çe­kil­di.
Har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryn­da gul­luk ed­ýän ýaş­la­ryň wa­tan­sö­ýü­ji­lik ru­hun­da ter­bi­ýe­len­me­gi­niň, ola­ryň ara­syn­da hu­kuk bo­zul­ma­la­ryň öňü­ni al­mak bo­ýun­ça ze­rur iş­le­riň ge­çi­ril­me­gi­niň wa­jyp­dy­gy­ny bel­läp, ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Belent Serkerdebaşysy bu me­se­le­le­ri he­mi­şe üns mer­ke­zin­de sak­la­ma­gy tab­şyr­dy.
Soň­ra Baş pro­ku­ro­ryň we­zi­pe­si­ni wagt­la­ýyn ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji B.Beg­my­ra­dow pro­ku­ra­tu­ra eda­ra­la­ryn­da şu ýy­lyň ýan­war–iýun aý­la­ryn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­le­riň ne­ti­je­le­ri, şeý­le hem «Türk­me­nis­ta­nyň pro­ku­ra­tu­ra eda­ra­la­ry­nyň ul­ga­my­ny ös­dür­me­giň 2022–2028-nji ýyl­lar üçin Mak­sat­na­ma­sy­ny tas­syk­la­mak ha­kyn­da» Ka­ra­ryň tas­la­ma­sy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­ba­ty diň­läp, Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň ra­zy­ly­gy bi­len, ýus­ti­si­ýa­nyň ki­çi ge­ňeş­çi­si S.Mä­lik­gu­ly­ýe­wi Türk­me­nis­ta­nyň Baş pro­ku­ro­ry we­zi­pe­si­ne bel­läp, ony Aş­ga­bat şä­he­ri­niň pro­ku­ro­ry we­zi­pe­sin­den bo­şat­mak ba­ra­da ka­ra­ra ge­len­di­gi­ni aýt­dy.
Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, B.Beg­my­ra­dow Baş pro­ku­ro­ryň we­zi­pe­si­ni wagt­la­ýyn ýe­ri­ne ýe­tir­mek­den bo­şa­dyl­dy.
Mej­li­siň do­wa­myn­da S.Mä­lik­gu­ly­ýew bil­di­ri­len ýo­ka­ry ynam üçin ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy­na tüýs ýü­rek­den ho­şal­ly­gy­ny be­ýan edip, Wa­ta­ny­my­zyň mun­dan beý­läk-de gül­läp ös­me­gi, ka­nun­çy­ly­gyň berk ber­jaý edil­me­gi, ýur­du­myz­da hu­kuk ter­ti­bi­niň ber­ki­dil­me­gi, hal­ky­my­zyň dö­re­di­ji­lik­li zäh­me­ti­niň we bag­ty­ýar dur­mu­şy­nyň üp­jün edil­me­gi ug­run­da äh­li tej­ri­be­si­ni, ba­şar­ny­gy­ny gaý­gyr­ma­jak­dy­gy­na ynan­dyr­dy.
Soň­ra içe­ri iş­ler mi­nist­ri M.Hy­dy­row IIM-niň ýe­ri­ne ýe­ti­ren iş­le­ri­niň ne­ti­je­le­ri, jem­gy­ýet­çi­lik ter­ti­bi­ni üp­jün et­mek, düz­gün bo­zul­ma­la­ryň öňü­ni al­mak, ýan­gyn howp­suz­ly­gy­nyň düz­gün­le­ri­niň hem­me­ta­rap­la­ýyn ber­jaý edil­me­gi, ýur­du­my­zyň dür­li kün­jek­le­rin­de he­re­ket ed­ýän ça­ga­lar dynç alyş-sa­gal­dyş mer­kez­le­rin­de de­giş­li ter­tip-düz­gü­ni sak­la­mak bo­ýun­ça ama­la aşy­ry­lan çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň tab­şy­ry­gy­na la­ýyk­lyk­da, «Türk­me­nis­ta­nyň içe­ri iş­ler eda­ra­la­ry­nyň ul­ga­my­ny ös­dür­me­giň 2022–2028-nji ýyl­lar üçin Mak­sat­na­ma­sy­ny tas­syk­la­mak ha­kyn­da» Ka­ra­ryň tas­la­ma­sy taý­ýar­la­nyl­dy.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­ba­ty diň­läp, mi­nistr­li­giň dü­züm­le­ýin bö­lüm­le­ri­niň işi­niň kä­mil­leş­di­ril­me­gi­ne ün­si çek­di. Hormatly Prezidentimiz ýol he­re­ke­ti­niň howp­suz­ly­gy­na hä­zir­ki za­man teh­ni­ki se­riş­de­le­ri­niň we üp­jün­çi­lik ul­ga­my­nyň iş­jeň or­naş­dy­ryl­ma­gy­nyň wa­jyp­dy­gy ba­ra­da aý­dyp, ýol-ulag ha­dy­sa­la­ry­nyň öňü­ni al­mak bo­ýun­ça de­giş­li çä­re­le­ri gör­me­gi tab­şyr­dy.
Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­my­zyň dür­li kün­jek­le­rin­de he­re­ket ed­ýän dynç alyş mer­kez­le­rin­de hem-de «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da to­mus­ky dynç alyş möw­sü­mi­niň do­wam ed­ýän­di­gi­ni na­za­ra alyp, içe­ri iş­ler mi­nist­ri­ne zo­la­gyň äh­li çäk­le­rin­de jem­gy­ýet­çi­lik ter­tip-düz­gü­ni­niň, şeý­le hem ýol he­re­ke­ti­niň we ýan­gyn howp­suz­ly­gy­nyň ka­da­la­ry­nyň do­ly ber­jaý edil­me­gi­ne berk gö­zeg­çi­li­gi ýo­la goý­mak tab­şy­ryl­dy.
Ýo­ka­ry ka­zy­ýe­tiň baş­ly­gy G.Us­sa­ne­pe­sow mil­li ka­zy­ýet ul­ga­myn­da şu ýy­lyň bi­rin­ji ýa­ry­myn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­le­riň ne­ti­je­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Ka­zy­ýet ul­ga­my­ny döw­rüň ta­la­by­na la­ýyk­lyk­da, mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek ug­run­da ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän anyk iş­ler ba­ra­da aý­dyp, dü­zü­miň ýol­baş­çy­sy ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy­nyň ga­ra­ma­gy­na «Türk­me­nis­ta­nyň ka­zy­ýet ul­ga­my­ny ös­dür­me­giň 2022–2028-nji ýyl­lar üçin Mak­sat­na­ma­sy­ny tas­syk­la­mak ha­kyn­da» Ka­ra­ryň tas­la­ma­sy­ny hö­dür­le­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, ka­zy­ýet eda­ra­la­ry­nyň adyl ka­zy­ýet­li­li­gi ama­la aşyr­mak ar­ka­ly, adam­la­ryň hu­kuk­la­ry­ny hem-de azat­lyk­la­ry­ny, döw­let we jem­gy­ýet­çi­lik bäh­bit­le­ri­ni go­ra­ýan­dyk­la­ry­ny bel­le­di. Ka­zy­ýet eda­ra­la­ry­nyň işi ka­nu­ny­ly­gy, ada­lat­ly­ly­gy we hu­kuk ter­ti­bi­ni üp­jün et­mä­ge, hu­kuk düz­gü­ni­niň bo­zul­ma­la­ry­na ge­tir­ýän se­bäp­le­riň­dir şert­le­riň ara­dan aý­ryl­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len­dir.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bu dü­zü­miň üs­tü­ne ýük­le­nen yg­ty­ýar­lyk­la­ryň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi üçin ka­zy­la­ryň hü­när taý­ýar­ly­gy­nyň ýo­ka­ry bol­ma­ly­dy­gy­na ün­si çe­kip, Ýo­ka­ry ka­zy­ýe­tiň baş­ly­gy­na ka­zy­la­ry saý­lap-se­çip al­mak, iş­gär­le­ri ýer­be-ýer goý­mak, ola­ryň hü­när taý­ýar­ly­gy­ny yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça çä­re­le­ri ama­la aşyr­ma­gy tab­şyr­dy. Şun­da dü­zü­miň işi­ne san­ly ul­ga­my or­naş­dyr­mak me­se­le­le­ri­ne mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­me­li­dir.
Soň­ra mil­li howp­suz­lyk mi­nist­ri G.An­na­ýew şu ýy­lyň al­ty aýyn­da mi­nistr­lik ta­ra­pyn­dan ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­ler, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ozal be­ren tab­şy­ryk­la­ry­nyň ber­jaý edi­li­şi hem-de «Türk­me­nis­ta­nyň mil­li howp­suz­lyk eda­ra­la­ry­ny ös­dür­me­giň 2022–2028-nji ýyl­lar üçin Mak­sat­na­ma­sy­ny tas­syk­la­mak ha­kyn­da» Ka­ra­ryň tas­la­ma­sy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz döw­le­ti­miz­de howp­suz­ly­gy üp­jün et­mek­de Mil­li howp­suz­lyk mi­nistr­li­gi­ne mö­hüm or­nuň de­giş­li­di­gi­ni bel­läp, bu dü­zü­miň ýol­baş­çy­sy­na bir­nä­çe tab­şy­ryk­la­ry ber­di. Mi­nistr­li­giň işi­ne hä­zir­ki za­ma­nyň ösen tej­ri­be­si­ni, tä­ze­çil teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak me­se­le­le­ri­ne ze­rur üns be­ril­me­li­dir di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bel­le­di we bu ba­bat­da mi­nist­re anyk gör­kez­me­le­ri ber­di.
Döw­let ser­het gul­lu­gy­nyň baş­ly­gy Ý.Nu­ry­ýew şu ýy­lyň ýan­war–iýun aý­la­ryn­da Wa­ta­ny­my­zyň mu­kad­des çäk­le­ri­niň go­rag­ly­ly­gy­ny üp­jün et­mek, ser­het­çi­le­riň ýa­şa­ýyş şert­le­ri­ni go­wu­lan­dyr­mak bo­ýun­ça dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Şeý­le hem «Türk­me­nis­ta­nyň ser­het go­şun­la­ry­nyň ul­ga­my­ny ös­dür­me­giň 2022–2028-nji ýyl­lar üçin Mak­sat­na­ma­sy­ny tas­syk­la­mak ha­kyn­da» Ka­ra­ryň tas­la­ma­sy ba­ra­da ha­sa­bat be­ril­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­ba­ty diň­läp, Ga­raş­syz, Bi­ta­rap Wa­ta­ny­my­zyň Döw­let ser­he­di­ni dost-do­gan­lyk ser­he­di­ne öwür­mek ug­run­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri mun­dan beý­läk-de güýç­len­dir­me­giň ze­rur­dy­gy­na ün­si çek­di. Şun­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gyň hä­zir­ki za­man ýö­rel­ge­le­rin­den, ösen tej­ri­be­ler­den ugur alyn­ma­ly­dyr.
Soň­ra ada­lat mi­nist­ri M.Ta­ga­now şu ýy­lyň bi­rin­ji ýa­ry­myn­da ýur­du­my­zyň ka­nun­çy­lyk ul­ga­my­ny hä­zir­ki döw­rüň ta­la­by­na la­ýyk ge­tir­mek bo­ýun­ça ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­le­riň ne­ti­je­le­ri, ýur­du­my­zyň ada­lat ul­ga­my­nyň işi­niň döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len res­mi­na­ma­nyň tas­la­ma­sy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp hem-de öň­de dur­ýan il­kin­ji no­bat­da­ky we­zi­pe­ler ha­kyn­da aý­dyp, ra­ýat ýag­da­ýy­nyň na­ma­la­ry­nyň ýaz­gy­sy bö­lüm­le­ri­niň hä­kim­lik­le­riň ga­ra­ma­gyn­dan aý­ry­lyp, Ada­lat mi­nistr­li­gi­niň ga­ra­ma­gy­na ge­çi­ri­len­di­gi­ni, onuň iş­le­ri has-da kä­mil­leş­dir­mek we ut­ga­şyk­ly ýe­ri­ne ýe­tir­mek mak­sat­la­ry bi­len ama­la aşy­ry­lan­dy­gy­ny bel­le­di. Şo­nuň üçin bu bö­lüm­le­riň işi has-da kä­mil­leş­di­ril­me­li­dir we äh­li howp­suz­lyk ta­lap­la­ry göz öňün­de tu­tu­lyp, bir bi­te­wi san­ly ul­ga­myň üs­ti bi­len döw­re­bap de­re­je­de gu­ral­ma­ly­dyr.
Soň­ra Döw­let güm­rük gul­lu­gy­nyň baş­ly­gy M.Hu­daý­ku­ly­ýew ýol­baş­çy­lyk ed­ýän dü­züm­le­rin­de şu ýy­lyň ýan­war–iýun aý­la­ryn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­le­riň ne­ti­je­le­ri­niň, şeý­le hem iş­gär­le­riň hü­när de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, bu ugur bo­ýun­ça dün­ýä­niň ösen tej­ri­be­si­ni öw­ren­mek ug­run­da edil­ýän iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ga­ra­ma­gy­na «Türk­me­nis­ta­nyň güm­rük eda­ra­la­ry­ny ös­dür­me­giň 2022–2028-nji ýyl­lar üçin Mak­sat­na­ma­sy­ny tas­syk­la­mak ha­kyn­da» Ka­ra­ryň tas­la­ma­sy hö­dür­le­nil­di.
Ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Serkerdebaşysy ha­sa­ba­ty diň­läp, hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­myz­da üs­ta­şyr ulag ge­çel­ge­le­ri­niň äh­mi­ýe­ti­ni art­dyr­ma­gyň çäk­le­rin­de döw­le­ti­mi­ziň eks­port müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ýo­kar­lan­dyr­mak ug­run­da giň möç­ber­li iş­le­riň ama­la aşy­ryl­ýan­dy­gy­ny, şun­da ýur­du­myz­da ön­dü­ril­ýän önüm­le­ri da­şa­ry ýurt­la­ra ug­rat­mak­da güm­rük iş­le­ri­niň ta­la­ba­la­ýyk de­re­je­de ýo­la go­ýul­ma­ly­dy­gy­ny bel­le­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz da­şa­ry döw­let­ler­den ýur­du­my­za ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň hil ba­bat­da de­giş­li gör­ke­zi­ji­le­re do­ly la­ýyk gel­me­gi­niň mö­hüm ta­lap bo­lup dur­ýan­dy­gy­na ün­si çe­kip, gul­lu­gyň ýol­baş­çy­sy­na ýur­du­my­za ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň res­mi­leş­di­ri­li­şi­ni berk gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­gy tab­şyr­dy.
Soň­ra Döw­let mig­ra­si­ýa gul­lu­gy­nyň baş­ly­gy N.Ata­ga­ra­ýew şu ýy­lyň ba­şyn­dan bä­ri ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­le­riň ne­ti­je­le­ri, gul­lu­gyň dü­züm­le­ri­niň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak we ola­ryň iş­gär­ler bi­len üp­jün­çi­li­gi­ni pug­ta­lan­dyr­mak bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Şeý­le hem mig­ra­si­ýa ul­ga­my­nyň işi­ni mun­dan beý­läk-de kä­mil­leş­dir­mä­ge gö­nük­di­ri­len res­mi­na­ma­nyň tas­la­ma­sy ba­ra­da ha­sa­bat be­ril­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, öň­de dur­ýan mö­hüm we­zi­pe­le­re ün­si çek­di. Şeý­le hem hä­zir­ki dö­wür­de ozal gi­ri­zi­len çäk­len­dir­me­le­riň kem-kem­den ara­dan aý­ryl­ýan­dy­gy, ra­ýat­la­ryň da­şa­ry ýurt­la­ra git­mek-gel­mek me­se­le­le­ri­ne müm­kin­çi­lik­le­riň dö­re­dil­ýän­di­gi bel­le­nil­di. Bir­nä­çe ýurt­lar bi­len ho­wa gat­naw­la­ry­nyň ýo­la goý­lan­dy­gy­ny na­za­ra alyp, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz gul­lu­gyň ýol­baş­çy­sy­na gö­zeg­çi­lik ed­ýän dü­züm­le­ri­niň işi­ne gö­zeg­çi­li­gi güýç­len­dir­me­gi tab­şyr­dy.
Mej­li­siň do­wa­myn­da ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy Türk­me­nis­ta­nyň har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ry­ny ös­dür­me­giň 2022–2028-nji ýyl­lar üçin Mak­sat­na­ma­la­ry­ny tas­syk­la­mak ha­kyn­da de­giş­li res­mi­na­ma­la­ra gol çek­di. Bu mak­sat­na­ma­lar döw­le­ti­miz­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň we dur­nuk­ly­ly­gyň ber­ki­dil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len­dir hem-de he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­tyn­dan ugur al­nyp, go­ra­nyş hä­si­ýet­li Har­by dokt­ri­na­nyň ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­dy.
Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň mej­li­sin­de baş­ga-da bir­nä­çe me­se­le­le­re ga­ral­dy we olar bo­ýun­ça de­giş­li çöz­güt­ler ka­bul edil­di.