5-nji iýulda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy Ýewropa-
Kawkaz-Aziýa (TRASEKA) halkara ulag geçilgesi boýunça Hökümetara topary,  Hökümetara ýolagçylar geňeşi we
Ulag diplomatiýasy boýunça Halkara merkezi bilen bilelikde gibrid görnüşde 2022-nji ýylyň BMG-niň Ýokary
derejesindäki Syýasy forumynyň çäklerinde «Blokçein tehnologiýalaryny ornaşdyrmak arkaly global üpjünçilik
zynjyryny dolandyrmagy sanlaşdyrmak» atly çäräni geçirdi.
Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň başlanjygy esasynda kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75/313
belgili «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we
ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny
berkitmek» atly rezolýusiýasynyň ähmiýeti we öz wagtynda kabul edilmegi aýratyn bellenildi.
Çäräni bilelikde gurnaýjylar 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibiniň maksatlaryna
doly amala aşyrylmagy üçin koronawirus ýokanç keselini netijeli ýeňip geçmek boýunça özleriniň tejribeleri we
pikirleri bilen paýlaşdylar.
Durnukly ulag boýunça Dostlar Topary
6-njy iýulda BMG-a agza döwletleriniň 90-dan gowrak wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň BMG-niň
ýanyndaky hemişelik wekilhanasy Durnukly ulag boýunça Dostlar Toparyny döretmegiň amallaryny wirtual
platforma görnüşde geçirdi.
Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili A.Ataýewa maslahaty açmak bilen, Türkmenistan birnäçe ýyl
mundan ozal ulag tematikasy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň aýratyn rezolýusiýasynyň kabul edilişini
girizmek ugrundaky teklibini belläp geçdi. Türkmenistanyň başlangyjy we BMG-niň agza döwletleriniň goldawy
bilen, BMG-niň döredilen ilkinji pursadyndan başlap, global ulag geçelgeleriniň maslahat beriş ulgamynyň
işjeňleşmegi we birnäçe umumy çemeleşmeleri tassyklanylmagy esasynda ulag meseleleri boýunça 4 sany
rezolýusiýa kabul edildi.
Dabaranyň dowamynda Dostlar Toparyna goşulan 11 döwletiň wekilleri çykyş etmek bilen, olar häzirki wagtda bar
bolan ulag meselelerini we olary çözmegiň ýollary barada özara pikir alyşmak üçin şeýle mümkinçiligiň ähmiýetini
we öz wagtynda döredilendigini bellediler.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň wekilleri ýurduň ulag
ulgamynyň ösdürilmegi bilen baglanyşykly görülýän çäreler hem-de Türkmenistanyň ulag ulgamyndaky gazanan
üstünlikleri bilen  tanyşdyrdylar.
Duşuşygyň netijeleri boýunça Durnukly ulag ulgamynda Dostlar Toparynyň döredilmegi bilen baglanyşykly habary
özünde jemleýän BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy
mejlisiniň başlygy Abdulla Şahidiň adyna hat ýollandy.