MAGTYMGULY ADYNDAKY TÜRKMEN DÖWLET UNIWERSITETI

2022/2023-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) we taýýarlygyň ugurlary (bakalawr maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär:

I. Hünärmen maksatnamasy (býujet esasynda):

1. Matematika we mehanika (hünärler: matematika; amaly matematika we informatika).

2. Fizika we astronomiýa (hünärler: fizika; radiofizika we elektronika; astronomiýa).

3. Biologiýa ylymlary (hünär: biologiýa).

4. Himiýa (hünär: himiýa).

5. Ýeri öwreniş ylymlary (hünärler: geografiýa; kartografiýa; meteorologiýa; ekologiýa).

6. Psihologiýa ylymlary (hünär: psihologiýa).

7. Taryh we arheologiýa (hünärler: taryh; arheologiýa).

8. Filosofiýa, etika we din öwreniş (hünär: filosofiýa).

9. Ylahyýet (hünär: ylahyýet).

10. Syýasat ylymlary we sebit öwreniş (hünärler: syýasaty öwreniş; gündogary öwreniş).

11. Dil bilimi we edebiýaty öwrenmek (hünärler: türkmen dili we edebiýaty; iňlis dili we edebiýaty; nemes dili we edebiýaty; fransuz dili we edebiýaty; italýan dili we edebiýaty; arap dili we edebiýaty; türk dili we edebiýaty; pars dili we edebiýaty; hytaý dili we edebiýaty).

12. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we maglumat-kitaphana işi (hünär: žurnalistika).

13. Hukuk işi (hünär: hukuk öwreniş).

II. Hünärmen maksatnamasy (tölegli esasda):

1. Matematika we mehanika (hünärler: matematika; amaly matematika we informatika).

2. Fizika we astronomiýa (hünärler: fizika; radiofizika we elektronika).

3. Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (hünär: maglumat ulgamlary we tehnologiýalary).

4. Biologiýa ylymlary (hünär: biologiýa).

5. Himiýa (hünär: himiýa).

6. Psihologiýa ylymlary (hünär: psihologiýa).

7. Taryh we arheologiýa (hünär: taryh).

8. Dil bilimi we edebiýaty öwrenmek (hünärler: türkmen dili we edebiýaty; iňlis dili we edebiýaty, rus dili we edebiýaty).

9. Hukuk işi (hünär: hukuk öwreniş).

III. Bakalawr maksatnamasy (tölegli esasda):

1. Bilim we pedagogika ylymlary (taýýarlygyň ugurlary: pedagogika bilimi (matematika we informatika); pedagogika bilimi (informatika we bilimde maglumat tehnologiýalary); pedagogika bilimi (geografiýa we ykdysadyýetiň esaslary).

Uniwersitete Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2022-nji ýylyň 11 — 24-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri,‚halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler, ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek uniwersitetde (Aşgabat şäheri) we welaýat merkezlerinde aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

Balkan welaýaty — iýul aýynyň 27-si, 28-i we 29-y günleri;

Daşoguz welaýaty — iýul aýynyň 31-i — awgust aýynyň 1-i, 2-si we 3-i günleri;

Aşgabat şäheri — awgust aýynyň 5-6-sy, 7-si we 8-i günleri;

Ahal welaýaty — awgust aýynyň 10-11-i, 12-si we 13-i günleri;

Mary welaýaty — awgust aýynyň 15-16-sy, 17-si we 18-i günleri;

Lebap welaýaty — awgust aýynyň 20-si, 21-i we 22-si günleri.

Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:

hünärler: matematika; amaly matematika we informatika; maglumat ulgamlary we tehnologiýalary; taýýarlygyň ugurlary: pedagogika bilimi (matematika we informatika); pedagogika bilimi (informatika we bilimde maglumat tehnologiýalary) — matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy;

hünärler: fizika; astronomiýa; radiofizika we elektronika — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: biologiýa — biologiýa, himiýa, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: himiýa — himiýa, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;

hünärler: geografiýa; ekologiýa — geografiýa, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;

hünärler: kartografiýa; meteorologiýa; taýýarlygyň ugry: pedagogika bilimi (geografiýa we ykdysadyýetiň esaslary) — geografiýa, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: psihologiýa — biologiýa, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

hünärler: taryh; arheologiýa; gündogary öwreniş; syýasaty öwreniş; filosofiýa; ylahyýet — Türkmenistanyň taryhy, türkmen dili we edebiýaty, jemgyýeti öwreniş;

hünärler: türkmen dili we edebiýaty; žurnalistika — türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy, jemgyýeti öwreniş;

hünärler: iňlis dili we edebiýaty; fransuz dili we edebiýaty; nemes dili we edebiýaty; pars dili we edebiýaty; türk dili we edebiýaty; arap dili we edebiýaty; hytaý dili we edebiýaty — saýlap alan hünär dili boýunça ýa-da iňlis dili, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: italýan dili we edebiýaty — iňlis dili, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: rus dili we edebiýaty — rus dili, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: hukuk öwreniş — Türkmenistanyň taryhy, türkmen dili we edebiýaty, jemgyýeti öwreniş.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Degişli dil boýunça geçirilýän derslerden başga ähli okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan:

— mugallymçylyk mekdebini tamamlan we mugallymçylyk ugrundan 2 ýyldan az bolmadyk iş döwri bolanlar (mugallymçylyk ugurly hünärlere girilen halatynda);

hukuk öwreniş hünärine girýänler üçin hukuk goraýjy edaralarda 2 ýyldan az bolmadyk iş döwri hem-de şol edaralaryň döwlet we welaýat derejesindäkilerinden hödürnamasy bolanlar;

— “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýänler peýdalanýarlar.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň salgysy:

Aşgabat ş., Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 31,

tel.: 94-69-90, 94-54-29.

MYRAT GARRYÝEW ADYNDAKY TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET LUKMANÇYLYK UNIWERSITETI

2022/2023-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär:

I. Hünärmen maksatnamasy (býujet esasynda):

1. Kliniki lukmançylyk (hünärler: bejeriş işi; pediatriýa).

2. Harby lukmançylyk (hünärler: bejerişöňüni alyş işi; arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek işi).

II. Hünärmen maksatnamasy (tölegli esasda):

1. Kliniki lukmançylyk (hünärler: bejeriş işi; pediatriýa; stomatologiýa).

2. Saglyk baradaky ylymlar we öňüni alyş lukmançylygy (hünärler: saglygy goraýyşöňüni alyş işi; lukmançylykdurmuş goragy işi; dikeldiş we sport lukmançylygy).

3. Farmasiýa (hünär: farmasiýa).

Uniwersitete Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary, harby lukmançylyk ugruna–çagyryş boýunça harby gullugy geçen, 24 ýaşy dolýança erkek raýatlary ýa-da Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň ýöriteleşdirilen harby mekdeplerini tamamlan, 25 ýaşy dolýança erkek raýatlary, şeýle hem borçnama boýunça harby gullugy geçýän, ofiser harby ady bolmadyk, 24 ýaşy dolýança erkek harby gullukçylary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2022-nji ýylyň 11 — 24-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri,‚ halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Harby lukmançylyk ugruna okuwa girmäge isleg bildiren dalaşgär ýokarda görkezilen resmi iş kagyzlaryndan başga-da:

— ene-atasynyň oglunyň harby gullukçy bolmagyna we ýokary okuw mekdebini tamamlanyndan soň, Türkmenistanyň islendik künjeginde harby gullugy geçmekligine razylygy baradaky dil hatyny;

— Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Maglumatlar merkezinden berlen güwänamany;

— Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi harby saglyk öýünden berlen ýokary harby okuw mekdeplerine girýänleriň lukmançylyk güwä geçmesiniň kartasyny tabşyrýar. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi harby saglyk öýünde gutarnykly güwä geçmesinden geçmek üçin hemişelik ýaşaýan ýerindäki psihonewrologiýa, narkologiýa, inçekesele garşy we deri-wenerologiýa hassahanalaryndan, şeýle hem maşgala lukmanyndan sagaldyş gözegçiliginde durmaýandygy baradaky kepilnamalar zerur.

Harby lukmançylyk ugruna okuwa kabul etmekligiň şertleri baradaky goşmaça maglumaty Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň kabul ediş toparyndan alyp bolar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler, ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek uniwersitetde (Aşgabat şäheri) we welaýat merkezlerinde aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

Balkan welaýaty — iýul aýynyň 27-si, 28-i we 29-y günleri;

Daşoguz welaýaty — iýul aýynyň 31-i, awgust aýynyň 1-i we 2-si günleri;

Aşgabat şäheri — awgust aýynyň 4-5-i, 6-sy we 7-si günleri;

Ahal welaýaty — awgust aýynyň 9-10-y, 11-i we 12-si günleri;

Mary welaýaty — awgust aýynyň 14-15-i, 16-sy we 17-si günleri;

Lebap welaýaty — awgust aýynyň 19-20-si, 21-i we 22-si günleri.

Giriş synaglary ähli hünärler boýunça biologiýa, himiýa, Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Harby lukmançylyk ugruna okuwa girmäge isleg bildiren dalaşgärler beden taýýarlygy boýunça kadalary (möçbernamalary) (100 m, 3 km ylgamak; göwräňi çekmek) ýerine ýetirýärler.

Ýaşlaryň saýlap alan hünärine durnuklydygyny kesgitlemek maksady bilen, olar patologoanatomiki edarasynyň işi bilen tanyşdyrylar.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan:

— lukmançylyk mekdeplerini tamamlan we saglygy goraýyş edaralarynda 2 ýyldan az bolmadyk iş döwri bolanlar;

— “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýänler peýdalanýarlar.

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň salgysy:

Aşgabat ş., A.Gowşudow köçesi, 58; tel.: 927109.

S.A.NYÝAZOW ADYNDAKY TÜRKMEN OBA HOJALYK UNIWERSITETI
2022/2023-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) we taýýarlygyň ugurlary (bakalawr maksatnamasy)
boýunça talyplyga kabul edýär:

I. Hünärmen maksatnamasy (býujet esasynda):

1. Oba, tokaý we balyk hojalygy (hünärler: agronomçylyk; ýüpekçilik; agrohimiýa we topragy öwreniş; bagbançylyk, miweçilik we gök ekerançylyk; tokaý we seýil bag hojalygy; oba hojalyk ekinleriniň seçgisi we tohumçylygy; gidromeliorasiýa; oba hojalygyny mehanizmleşdirmek; melioratiw işleri mehanizmleşdirmek; oba hojalygy (inženermugallymlary taýýarlamak); ösümlik ýagyny öndürmek).

2. Weterinariýa we zootehniýa (hünär: weterinar lukmançylygy).

3. Amaly geologiýa, dag işleri, nebitgaz işi we geodeziýa (hünär: ýer gurluşygy we kadastrlar).

II. Hünärmen maksatnamasy (tölegli esasda):

1. Oba, tokaý we balyk hojalygy (hünärler: ösümlikleri goramak; miwegök önümlerini gaýtadan işlemek; etsüýt önümlerini gaýtadan işlemek; dänäni gaýtadan işlemek; pagtanyň ilkinji işlenilişi).

2. Dokma we ýeňil senagatyň tehnologiýalary (hünärler: mata önümçiligi; tikinçilik önümçiliginiň tehnologiýasy; tebigy süýümleri egirmek).

III. Bakalawr maksatnamasy (býujet esasynda):

1. Weterinariýa we zootehniýa (taýýarlygyň ugurlary: zootehniýa; atçylyk; senagat balykçylygy; kinologiýa).

IV. Bakalawr maksatnamasy (tölegli esasda):

1. Ykdysadyýet we dolandyryş (taýýarlygyň ugurlary: ykdysadyýet (oba hojalygynda); buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit (oba hojalygynda)).

2. Oba, tokaý we balyk hojalygy (taýýarlygyň ugurlary: ýyladyşhana hojalygy; agroekologiýa).

3. Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (taýýarlygyň ugry: maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (oba hojalygynda)).

Uniwersitete Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2022-nji ýylyň 11 — 24-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3×4 sm ölçegdäki on iki sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri,‚halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler, ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek uniwersitetde (Aşgabat şäheri) we welaýat merkezlerinde aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

Lebap welaýaty — iýul aýynyň 27-si, 28-i we 29-y günleri;

Mary welaýaty — iýul aýynyň 31-i — awgust aýynyň 1-i, 2-si we 3-i günleri;

Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 5-i, 6-sy we 7-si günleri;

Balkan welaýaty— awgust aýynyň 9-y, 10-y we 11-i günleri;

Aşgabat şäheri — awgust aýynyň 13-14-i, 15-i we 16-sy günleri;

Ahal welaýaty — awgust aýynyň 18-19-y, 20-si we 21-i günleri.

Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:

hünärler: agronomçylyk; ýüpekçilik; agrohimiýa we topragy öwreniş; bagbançylyk, miweçilik we gök ekerançylyk; ösümlikleri goramak; tokaý we seýil bag hojalygy; oba hojalyk ekinleriniň seçgisi we tohumçylygy; weterinar lukmançylygy; taýýarlygyň ugurlary: ýyladyşhana hojalygy; agroekologiýa; zootehniýa; atçylyk; senagat balykçylygy; kinologiýa) — himiýa, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;

hünärler: gidromeliorasiýa; ýer gurluşygy we kadastrlar; oba hojalygyny mehanizmleşdirmek; melioratiw işleri mehanizmleşdirmek; oba hojalygy (inženermugallymlary taýýarlamak); taýýarlygyň ugry: maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (oba hojalygynda) — matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy;

hünärler: miwegök önümlerini gaýtadan işlemek; etsüýt önümlerini gaýtadan işlemek; dänäni gaýtadan işlemek; pagtanyň ilkinji işlenilişi; ösümlik ýagyny öndürmek; mata önümçiligi; tikinçilik önümçiliginiň tehnologiýasy; tebigy süýümleri egirmek) — fizika, himiýa, Türkmenistanyň taryhy;

taýýarlygyň ugurlary: ykdysadyýet (oba hojalygynda); buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit (oba hojalygynda) — matematika, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan:

— soňky 2-3 ýylyň dowamynda ýokary netijeler gazanan we etrap häkimligi tarapyndan degişli hünärlere ýa-da taýýarlygyň ugurlaryna hödürlenen kärendeçiler we mülkdarlar;

— “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýänler peýdalanýarlar.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň salgysy:

Aşgabat ş., 2009njy (Görogly) köçe, 143, tel.: 342746, 340777, 342564.

ÝAGŞYGELDI KAKAÝEW ADYNDAKY HALKARA NEBIT WE GAZ UNIWERSITETI
2022/2023-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) we taýýarlyk ugurlary (bakalawr maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär:

I. Hünärmen maksatnamasy:

1. Amaly geologiýa, dag işleri, nebitgaz işi we geodeziýa (hünärler: nebitgaz känlerini özleşdirmek we ulanmak; nebit we gaz guýularyny burawlamak; nebitgazgeçirijilerini we nebitgazyň saklanýan ýerlerini taslamak, gurmak we ulanmak; nebitiň we gazyň geologiýasy; gidrogeologiýa we inžener geologiýasy; geologik kartalaşdyrma we magdan ýataklarynyň gözlegi; peýdaly magdanlary gözlemegiň we barlamagyň geofiziki usullary; markşeýder işi; gazylyp alynýan peýdaly magdanlary baýlaşdyrmak).

2. Himiýa tehnologiýalary (hünär: nebiti we gazy gaýtadan işlemegiň himiki tehnologiýasy).

3. Tehnosfera howpsuzlygy we tebigy abadanlaşdyryş (hünär: daşky gurşawy goramak we tebigy baýlyklary tygşytly peýdalanmak).

4. Maşyngurluşyk (hünär: sowadyjy, kompressor maşynlary we desgalary).

5. Gurluşygyň tehnikasy we tehnologiýalary (hünär: nebitgaz desgalary we senagat gurluşygy).

6. Elektro we ýylylyk energetikasy (hünärler: senagat desgalarynyň we tehnologik toplumlaryň elektrohereketlendirilişi hemde awtomatikasy; gazturbina desgalary we gazkompressor stansiýalary).

II. Bakalawr maksatnamasy:

1. Amaly geologiýa, dag işleri, nebitgaz işi we geodeziýa (taýýarlygyň ugry: dag işleri).

2. Tehniki ulgamlarda dolandyryş (taýýarlygyň ugry: standartlaşdyrmak we metrologiýa).

3. Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (taýýarlygyň ugurlary: maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (nebitgaz pudagynda); kompýuter ulgamynyň programma üpjünçiligi).

4. Maglumat howpsuzlygy (taýýarlygyň ugry: maglumat howpsuzlygy).

5. Maşyngurluşyk (taýýarlygyň ugry: tehnologiki maşynlar we enjamlar).

6. Elektro we ýylylyk energetikasy (taýýarlygyň ugry: elektroenergetika we elektrotehnika).

7. Ykdysadyýet we dolandyryş (taýýarlygyň ugry: ykdysadyýet we dolandyryş (nebitgaz pudagynda); işgärleri dolandyryş).

III. Bakalawr maksatnamasy (okuwlar iňlis dilinde alnyp barlar):

1. Amaly geologiýa, dag işleri, nebitgaz işi we geodeziýa (taýýarlygyň ugurlary: nebitgaz işi; gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň geologiýasy we gözlegi).

2. Himiýa tehnologiýalary (taýýarlygyň ugry: himiýa tehnologiýasy).

3. Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (taýýarlygyň ugry: programma inženerligi).

4. Ykdysadyýet we dolandyryş (taýýarlygyň ugry: logistika (nebitgaz pudagynda)).

Uniwersitetde okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.

Uniwersitete Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2022-nji ýylyň 11 — 24-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri,‚halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler, ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek uniwersitetde (Aşgabat şäheri) we welaýat merkezlerinde aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

Mary welaýaty — iýul aýynyň 27-28-i, 29-y we 30-y günleri;

Lebap welaýaty — awgust aýynyň 1-i, 2-si we 3-i günleri;

Ahal welaýaty — awgust aýynyň 5-6-sy, 7-si we 8-i günleri;

Aşgabat şäheri — awgust aýynyň 10-11-i, 12-si we 13-i günleri;

Balkan welaýaty — awgust aýynyň 15-i, 16-sy we 17-si günleri;

Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 19-y, 20-si we 21-i günleri.

Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:

hünärler: nebitgaz känlerini özleşdirmek we ulanmak; nebit we gaz guýularyny burawlamak; nebitgazgeçirijilerini we nebitgazyň saklanýan ýerlerini taslamak, gurmak we ulanmak; nebitiň we gazyň geologiýasy; gidrogeologiýa we inžener geologiýasy; geologik kartalaşdyrma we magdan ýataklarynyň gözlegi; peýdaly magdanlary gözlemegiň we barlamagyň geofiziki usullary; markşeýder işi; gazylyp alynýan peýdaly magdanlary baýlaşdyrmak; sowadyjy, kompressor maşynlary we desgalary; nebitgaz desgalary we senagat gurluşygy; senagat desgalarynyň we tehnologik toplumlaryň elektrohereketlendirilişi hemde awtomatikasy; gazturbina desgalary we gazkompressor stansiýalary; taýýarlygyň ugurlary: dag işleri; maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (nebitgaz pudagynda); kompýuter ulgamynyň programma üpjünçiligi; maglumat howpsuzlygy; tehnologiki maşynlar we enjamlar; elektroenergetika we elektrotehnika; ykdysadyýet we dolandyryş (nebitgaz pudagynda); işgärleri dolandyryş (nebitgaz pudagynda) — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

hünärler: nebiti we gazy gaýtadan işlemegiň himiki tehnologiýasy; daşky gurşawy goramak we tebigy baýlyklary tygşytly peýdalanmak; taýýarlygyň ugry: standartlaşdyrmak we metrologiýa — himiýa, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

taýýarlygyň ugurlary (okuwlar iňlis dilinde alnyp barlar): nebitgaz işi; gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň geologiýasy we gözlegi; programma inženerligi; logistika (nebitgaz pudagynda) — iňlis dili, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

taýýarlygyň ugry: himiýa tehnologiýasy — iňlis dili, himiýa, Türkmenistanyň taryhy.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Degişli dil boýunça geçirilýän derslerden başga ähli okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Taýýarlygyň ugurlary (okuwlar iňlis dilinde alnyp barlar) boýunça giriş synaglaryny üstünlikli tabşyran dalaşgärler okuw işini geçirmek üçin ýeterlik derejede iňlis dilini bilşini barlamak maksady bilen test tabşyrýarlar. Iňlis dilini erkin bilýän dalaşgärler 1-nji okuw ýylyna kabul edilýär. Iňlis dilini erkin bilmeýän dalaşgärler bir okuw ýylynyň dowamynda dil taýýarlygy okuwyny goşmaça geçýärler, okuwlaryň jemleri boýunça oňyn bahanyň alynmagy olara saýlap alan taýýarlygynyň ugry boýunça 1-nji okuw ýylynda okuwlaryny dowam etmäge mümkinçilik berýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň salgysy:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 8, tel.: 391374, 391370.

HALKARA YNSANPERWER YLYMLARY WE ÖSÜŞ UNIWERSITETI 2022/2023-nji okuw ýyly üçin bakalawr maksatnamasy boýunça taýýarlygyň aşakdaky ugurlaryna talyplyga kabul edýär:

1. Hukuk işi (taýýarlygyň ugurlary: halkara jemagat hukugy; halkara hususy hukugy).

2. Syýasat ylymlary we sebit öwreniş (taýýarlygyň ugry: halkara gatnaşyklary we dünýä syýasaty).

3. Sosiologiýa we sosial iş (taýýarlygyň ugry: sosiologiýa).

4. Filosofiýa, etika we din öwreniş (taýýarlygyň ugry: filosofiýa).

5. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we maglumat-kitaphana işi (taýýarlygyň ugry: žurnalistika).

6. Ykdysadyýet we dolandyryş (taýýarlygyň ugurlary: halkara ykdysadyýeti; halkara menejment; halkara maliýe; ätiýaçlandyryş işi; halkara täjirçiligi).

7. Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (taýýarlygyň ugurlary: kompýuter tehnologiýasy; kompýuter ulgamynyň programma üpjünçiligi; maglumat we kommunikasiýa tehnologiýasy).

Uniwersitetde okuwlar iňlis dilinde geçirilýär.

Uniwersitetde okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.

Uniwersitete Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2022-nji ýylyň 11 — 24-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler, ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek uniwersitetde (Aşgabat şäheri) we welaýat merkezlerinde aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

Ahal welaýaty — iýul aýynyň 27-28-i, 29-y we 30-y günleri;

Aşgabat şäheri — awgust aýynyň 1-2-si, 3-i we 4-i günleri;

Balkan welaýaty — awgust aýynyň 6-sy, 7-si we 8-i günleri;

Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 10-y, 11-i we 12-si günleri;

Lebap welaýaty — awgust aýynyň 14-i, 15-i we 16-sy günleri;

Mary welaýaty — awgust aýynyň 18-19-y, 20-si we 21-i günleri.

Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:

taýýarlygyň ugurlary: filosofiýa; sosiologiýa; halkara jemagat hukugy; halkara hususy hukugy; halkara gatnaşyklary we dünýä syýasaty — iňlis dili, Türkmenistanyň taryhy, jemgyýeti öwreniş;

taýýarlygyň ugry: žurnalistika — iňlis dili, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

taýýarlygyň ugurlary: halkara ykdysadyýeti; halkara menejment; halkara maliýe; ätiýaçlandyryş işi; halkara täjirçiligi; kompýuter tehnologiýasy; kompýuter ulgamynyň programma üpjünçiligi; maglumat we kommunikasiýa tehnologiýasy — iňlis dili, matematika, Türkmenistanyň taryhy.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Degişli dil boýunça geçirilýän derslerden başga ähli okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet ýa-da iňlis dillerinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglaryny üstünlikli tabşyran dalaşgärler okuw işini geçirmek üçin ýeterlik derejede iňlis dilini bilşini barlamak maksady bilen test tabşyrýarlar.

Iňlis dilini erkin bilýän dalaşgärler 1-nji okuw ýylyna kabul edilýär. Iňlis dilini erkin bilmeýän dalaşgärler bir okuw ýylynyň dowamynda dil taýýarlygy okuwyny goşmaça geçýärler, okuwlaryň jemleri boýunça oňyn bahanyň alynmagy olara saýlap alan taýýarlygynyň ugry boýunça 1-nji okuw ýylynda okuwlaryny dowam etmäge mümkinçilik berýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň salgysy:

Aşgabat ş., 1958nji (Andalyp) köçe, 169,

tel.: 39-85-62, 39-85-25.

TÜRKMENISTANYŇ OGUZ HAN ADYNDAKY INŽENER-TEHNOLOGIÝALAR UNIWERSITETI

2022/2023-nji okuw ýyly üçin bakalawr maksatnamasy boýunça taýýarlygyň aşakdaky ugurlaryna talyplyga kabul edýär:

1. Matematika we mehanika (taýýarlygyň ugry: amaly matematika we informatika).

2. Biologiýa ylymlary (taýýarlygyň ugurlary: öýjük we molekulýar biologiýa; genetika we bioinžiniring; mikrobiologiýa).

3. Himiýa tehnologiýalary (taýýarlygyň ugurlary: himiki tehnologiýa; himiki inžiniring).

4. Senagat ekologiýasy we biotehnologiýalar (taýýarlygyň ugry: biotehnologiýa).

5. Materiallaryň tehnologiýalary (taýýarlygyň ugry: materiallary öwrenmek we täze materiallaryň tehnologiýasy).

6. Nanotehnologiýalar we nanomateriallar (taýýarlygyň ugry: nanomateriallar).

7. Ýeri öwreniş ylymlary (taýýarlygyň ugurlary: ekologiýa we tebigatdan peýdalanmak; kartografiýa we geoinformatika).

8. Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (taýýarlygyň ugurlary: informatika we hasaplaýyş tehnikasy; maglumat ulgamlary we tehnologiýalary; sanly infrastruktura we kiberhowpsuzlyk; mobil we tor inžiniring; animasiýa we grafika dizaýny; emeli aň we ekspert ulgamlary; maglumatlary goramagyň tehniki serişdeleri; sanly ykdysadyýetiň tehnologiýalary).

9. Maşyngurluşyk (taýýarlygyň ugurlary: awtomatlaşdyrmak we dolandyrmak; mehatronika we robot tehnikasy).

10. Elektronika, radiotehnika we aragatnaşyk ulgamlary (taýýarlygyň ugry: elektronika we nanoelektronika).

11. Fotonika, abzalgurluşyk, optiki we biotehniki ulgamlar we tehnologiýalar (taýýarlygyň ugry: biolukmançylyk elektronikasy).

12. Ykdysadyýet we dolandyryş (taýýarlygyň ugurlary: işgärleri dolandyryş; innowasion ykdysadyýet; tehnologiýa işewürligi; innowasion menejment we halkara işewürligi).

13. Fizika-tehniki ylymlar we tehnologiýalar (taýýarlygyň ugry: häzirkizaman tehnologiýalaryň fizikasy).

14. Dil bilimi we edebiýaty öwreniş (taýýarlygyň ugurlary: filologiýa (tehniki iňlis dili we ýapon dili); kompýuter lingwistikasy).

Uniwersitetde okuwlar iňlis we ýapon dillerinde geçirilýär.

Uniwersitetde okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.

Okuwyň dowamlylygy 5 ýyla (1 ýyl — iňlis we ýapon dilleri boýunça dil taýýarlygy, 4 ýyl –bakalawr maksatnamasy boýunça okuw) deňdir.

Uniwersitete Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2022-nji ýylyň 11 — 24-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler, ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek uniwersitetde (Aşgabat şäheri) we welaýat merkezlerinde aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

Ahal welaýaty — iýul aýynyň 27-28-i, 29-y we 30-y günleri;

Aşgabat şäheri — awgust aýynyň 1-2-si, 3-i we 4-i günleri;

Balkan welaýaty — awgust aýynyň 6-sy, 7-si we 8-i günleri;

Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 10-y, 11-i we 12-si günleri;

Lebap welaýaty — awgust aýynyň 14-i, 15-i we 16-sy günleri;

Mary welaýaty — awgust aýynyň 18-19-y, 20-si we 21-i günleri.

Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:

taýýarlygyň ugurlary: himiki tehnologiýa; himiki inžiniring; materiallary öwrenmek we täze materiallaryň tehnologiýasy; nanomateriallar — himiýa, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

taýýarlygyň ugurlary: öýjük we molekulýar biologiýa; genetika we bioinžiniring; mikrobiologiýa; biotehnologiýa; ekologiýa we tebigatdan peýdalanmak — biologiýa, matematika, Türkmenistanyň taryhy.

taýýarlygyň ugurlary: häzirkizaman tehnologiýalarynyň fizikasy; awtomatlaşdyrmak we dolandyrmak; mehatronika we robot tehnikasy; elektronika we nanoelektronika; sanly ykdysadyýetiň tehnologiýalary; maglumatlary goramagyň tehniki serişdeleri — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

taýýarlygyň ugurlary: amaly matematika we informatika; informatika we hasaplaýyş tehnikasy; maglumat ulgamlary we tehnologiýalary; sanly infrastruktura we kiberhowpsuzlyk; mobil we tor inžiniring; animasiýa we grafika dizaýny; emeli aň we ekspert ulgamlary; kartografiýa we geoinformatika; innowasion ykdysadyýet; tehnologiýa işewürligi; işgärleri dolandyryş; innowasion menejment we halkara işewürligi — matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy;

taýýarlygyň ugry: biolukmançylyk elektronikasy — fizika, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;

taýýarlygyň ugurlary: filologiýa (tehniki iňlis dili we ýapon dili); kompýuter lingwistikasy — iňlis dili, fizika, Türkmenistanyň taryhy.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Degişli dil boýunça geçirilýän derslerden başga ähli okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inženertehnologiýalar uniwersitetiniň salgysy:

Aşgabat ş., Köşi köçesi, 100, tel.: 391667.

SEÝITNAZAR SEÝDI ADYNDAKY TÜRKMEN DÖWLET MUGALLYMÇYLYK INSTITUTY

2022/2023-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) we taýýarlygyň ugurlary (bakalawr maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär:

I. Hünärmen maksatnamasy (býujet esasynda):

1. Bilim we pedagogika ylymlary (hünärler: matematika we informatika; fizika we informatika; himiýa; başlangyç bilimiň mugallymçylygy we psihologiýasy; mekdebe çenli bilim we terbiýe).

II. Bakalawr maksatnamasy (býujet esasynda):

1. Bilim we pedagogika ylymlary (taýýarlygyň ugurlary: başlangyç bilimiň mugallymçylygy we psihologiýasy; mekdebe çenli bilim we terbiýe).

III. Hünärmen maksatnamasy (tölegli esasda):

1. Bilim we pedagogika ylymlary (hünärler: biologiýa; geografiýa; taryh; türkmen dili we edebiýaty; daşary ýurt dili we edebiýaty (rus dili we edebiýaty); daşary ýurt dili we edebiýaty (iňlis dili we edebiýaty); daşary ýurt dilleri we edebiýaty (hytaý dili we edebiýaty, iňlis dili); daşary ýurt dilleri we edebiýaty (nemes dili we edebiýaty, iňlis dili); daşary ýurt dilleri we edebiýaty (pars dili we edebiýaty, iňlis dili); zähmet we tehnologiýalaryň esaslary).

2. Bedenterbiýe we sport (hünär: bedenterbiýe).

Instituta Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary Lebap, Mary, Daşoguz welaýatlarynyň merkezlerinde 2022-nji ýylyň 11 — 24-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Türkmenabat şäheri) we Daşoguz, Mary welaýatlarynyň merkezlerinde aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

Daşoguz welaýaty — iýul aýynyň 31-i, awgust aýynyň 1-i we 2-si günleri;

Mary welaýaty — awgust aýynyň 4-5-i, 6-sy we 7-si günleri;

Lebap welaýaty — awgust aýynyň 9-10-11-i, 12-13-i we 14-i günleri.

Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:

hünär: matematika we informatika — matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: fizika we informatika — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: himiýa — himiýa, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: biologiýa — biologiýa, himiýa, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: geografiýa — geografiýa, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: taryh — Türkmenistanyň taryhy, türkmen dili we edebiýaty, jemgyýeti öwreniş;

taýýarlygyň ugurlary (hünärler): başlangyç bilimiň mugallymçylygy we psihologiýasy; mekdebe çenli bilim we terbiýe; — türkmen dili we edebiýaty, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: türkmen dili we edebiýaty — türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy, jemgyýeti öwreniş;

hünär: daşary ýurt dili we edebiýaty (rus dili we edebiýaty) — rus dili we edebiýaty, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: daşary ýurt dili we edebiýaty (iňlis dili we edebiýaty) — iňlis dili, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

hünärler: daşary ýurt dilleri we edebiýaty (hytaý dili we edebiýaty, iňlis dili); daşary ýurt dilleri we edebiýaty (nemes dili we edebiýaty, iňlis dili); daşary ýurt dilleri we edebiýaty (pars dili we edebiýaty, iňlis dili) — saýlap alan hünär dili boýunça ýa-da iňlis dili, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy.

hünär: zähmet we tehnologiýalaryň esaslary — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: bedenterbiýe — umumy fiziki taýýarlygyň tassyklanan möçbernamasyny ýerine ýetirmek, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Degişli dil boýunça geçirilýän derslerden başga ähli okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan:

— mugallymçylyk mekdebini tamamlan we mugallymçylyk ugrundan 2 ýyldan az bolmadyk iş döwri bolanlar;

— orta sport mekdebini tamamlan ýokary derejeli türgenler (bedenterbiýe hünärine girilen halatynda);

— 2018 — 2022-nji ýyllarda geçirilen halkara ýaryşlaryň ýeňijileri (bedenterbiýe hünärine girilen halatynda);

— 2018 — 2022-nji ýyllarda sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň agzalary (bedenterbiýe hünärine girilen halatynda);

— “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýänler peýdalanýarlar.

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň salgysy:

Türkmenabat ş., Şabende köçesi, 7;

tel.: 3-25-50; 3-04-18.

TÜRKMENISTANYŇ TELEKOMMUNIKASIÝALAR WE INFORMATIKA INSTITUTY

2022/2023-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) we taýýarlygyň ugurlary (bakalawr maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär:

I. Hünärmen maksatnamasy:

1. Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (hünärler: maglumat ulgamlary we tehnologiýalary; programma inženerligi; kompýuter ulgamynyň programma üpjünçiligi; hasaplaýyş torlarynyň programma üpjünçiligi).

2. Maglumat howpsuzlygy (hünärler: maglumat howpsuzlygy; telekommunikasiýa ulgamlarynyň maglumat howpsuzlygy).

3. Elektronika, radiotehnika we aragatnaşyk ulgamlary (hünärler: aragatnaşyk torlary we kommutasiýa ulgamlary; köp kanally telekommunikasiýa ulgamlary; radioaragatnaşyk, radioýaýlym we telewideniýe; infokommunikasiýa tehnologiýalary; senagat elektronikasy; elektron howpsuzlyk ulgamlary).

4. Maşyngurluşyk (hünär: önümçiligiň we tehnologiýa prosesleriniň awtomatlaşdyrylyşy).

5. Ýerüsti ulagyň tehnikasy we tehnologiýalary (hünär: demir ýol ulagynda awtomatika, telemehanika we aragatnaşyk).

6. Tehniki ulgamlarda dolandyryş (hünär: awtomatika we tehniki ulgamlarda dolandyryş).

7. Ykdysadyýet we dolandyryş (hünärler: kärhananyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy; logistika).

II. Bakalawr maksatnamasy:

1. Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (taýýarlygyň ugry: awtomatlaşdyrma we amaly informatika (okuwlar iňlis dilinde alnyp barlar)).

Okuwyň dowamlylygy 5 ýyla (1 ýyl — dil taýýarlygy, 4 ýyl — bakalawr maksatnamasy boýunça okuw) deňdir.

Institutda okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.

Instituta Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2022-nji ýylyň 11 — 24-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary görkezilen ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler, ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny (asyl nusgasy).

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Aşgabat şäheri) we welaýat merkezlerinde aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

Ahal welaýaty — iýul aýynyň 27-28-i, 29-y we 30-y günleri;

Aşgabat şäheri — awgust aýynyň 1-2-si, 3-i we 4-i günleri;

Balkan welaýaty — awgust aýynyň 6-sy, 7-si we 8-i günleri;

Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 10-y, 11-i we 12-si günleri;

Lebap welaýaty — awgust aýynyň 14-i, 15-i we 16-sy günleri;

Mary welaýaty — awgust aýynyň 18-19-y, 20-si we 21-i günleri.

Giriş synaglary taýýarlygyň ähli ugurlary boýunça matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär.

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda, döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Taýýarlygyň awtomatlaşdyrma we amaly informatika (okuwlar iňlis dilinde alnyp barlar) ugry boýunça giriş synaglaryny üstünlikli tabşyran dalaşgärler iňlis dili boýunça söhbetdeşlik geçýärler.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň salgysy:

Aşgabat ş., Oguz han köçesi, 13, tel.: 49-35-86, 49-44-21.

TÜRKMEN DÖWLET YKDYSADYÝET WE DOLANDYRYŞ INSTITUTY
2022/2023-nji okuw ýyly üçin bakalawr maksatnamasy boýunça
taýýarlygyň aşakdaky ugurlaryna talyplyga kabul edýär:

1. Ykdysadyýet we dolandyryş (taýýarlygyň ugurlary: ykdysadyýet; ykdysadyýet we hukuk; maliýe hukugy; buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit; ykdysady howpsuzlyk; statistika; sanly ykdysadyýet; maliýe menejmenti; gymmatly kagyzlaryň bazary; baha kesmek işi; bank işi we pul dolanyşygy; dünýä maliýe bazary; elektron işewürliginiň ykdysadyýeti; elektron täjirçiligi; dünýä ykdysadyýeti; menejment; işewürlik we telekeçilik; kärhananyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy; döwlet we ýerli dolandyryş; ykdysady kibernetika; täjirçilik (söwda işi); zähmetiň ykdysadyýeti we bazary; ilatyň durmuş üpjünçiligini guramak; marketing; harytşynaslyk; sanly ykdysadyýetde maliýe bazarlary we maliýe howpsuzlygy; söwdada we logistikada sanly tehnologiýalar).

2. Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (taýýarlygyň ugurlary: maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (ykdysadyýetde we dolandyryşda); kompýuter ulgamynyň programma üpjünçiligi).

3. Tehniki ulgamlarda dolandyryş (taýýarlygyň ugry: hili dolandyrmak).

4. Senagat ekologiýasy we biotehnologiýalar (taýýarlygyň ugry: önümiň tehnologiýasy we jemgyýetçilik iýmitini guramak).

Institutda okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.

Instituta Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2022-nji ýylyň 11 — 24-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler, ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Aşgabat şäheri) we welaýat merkezlerinde aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

Lebap welaýaty — iýul aýynyň 27-si, 28-i we 29-y günleri;

Mary welaýaty — iýul aýynyň 31-i — awgust aýynyň 1-i, 2-si we 3-i günleri;

Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 5-i, 6-sy we 7-si günleri;

Balkan welaýaty — awgust aýynyň 9-y, 10-y we 11-i günleri;

Aşgabat şäheri — awgust aýynyň 13-14-i, 15-i we 16-sy günleri;

Ahal welaýaty — awgust aýynyň 18-19-y, 20-si we 21-i günleri.

Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:

taýýarlygyň ugurlary: maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (ykdysadyýetde we dolandyryşda); kompýuter ulgamynyň programma üpjünçiligi — matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy;

taýýarlygyň beýleki ugurlary — matematika, Türkmenistanyň taryhy; geografiýa.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň salgysy:

Aşgabat ş., 1972nji (Atatürk) köçe, 73,

tel.: 48-62-89, 48-62-75.

TÜRKMEN DÖWLET BINAGÄRLIK-GURLUŞYK INSTITUTY
2022/2023-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) we taýýarlygyň ugurlary (bakalawr maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär:

I. Hünärmen maksatnamasy:

1. Binagärlik (hünärler: binagärlik; şähergurluşyk we ilatly ýerleri meýilleşdirmek; binagärlik gurşawynyň dizaýny);

2. Gurluşygyň tehnikasy we tehnologiýalary (hünärler: senagat we raýat jaý gurluşygy; ýylylyk, gaz üpjünçiligi we howa çalşygy; suw üpjünçiligi, ulanylan suwlary akdyryş we suw gorlaryny goramak; awtomobil ýollarynyň we uçuş meýdançalarynyň gurluşygy; gurluşyk materiallaryny, önümlerini we konstruksiýalaryny öndürmek; köprüler we ulag tonnelleri; şäher gurluşygy; amaly geodeziýa);

3. Elektro we ýylylyk energetikasy (hünärler: elektrik üpjünçiligi; senagat desgalarynyň we tehnologik toplumlaryň elektrohereketlendirilişi hemde awtomatikasy);

4. Maşyngurluşyk (hünärler: önümçiligiň we tehnologiýa prosesleriniň awtomatlaşdyrylyşy; göterijiäkidiji, gurluşyk, ýol maşynlary we enjamlary; himiýa önümçiliginiň we gurluşyk materiallary kärhanalarynyň maşynlary we apparatlary);

5. Himiýa tehnologiýalary (hünärler: organiki däl maddalaryň himiki tehnologiýasy; eremesi kyn metal däl we silikat materiallarynyň himiki tehnologiýasy; aýnanyň we sitallaryň himiki tehnologiýasy);

6. Materiallaryň tehnologiýalary (hünär: metallary basyş bilen işläp taýýarlamak).

II. Bakalawr maksatnamasy:

1. Ýeri öwreniş ylymlary (taýýarlygyň ugry: kartografiýa we geoinformatika);

2. Gurluşygyň tehnikasy we tehnologiýalary (taýýarlygyň ugry: gozgalmaýan emläkleriň ekspertizasy we dolandyrylyşy);

3. Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (taýýarlygyň ugurlary: maglumat we kommunikasiýa tehnologiýasy; maglumat ulgamlary we tehnologiýalary; kompýuter ulgamynyň programma üpjünçiligi; maglumatölçeýiş tehnikasy we tehnologiýasy);

4. Elektronika, radiotehnika we aragatnaşyk ulgamlary (taýýarlygyň ugurlary: mikroelektronika we ýarym geçiriji abzallar; senagat elektronikasy);

5. Himiýa tehnologiýalary (taýýarlygyň ugry: himiýa tehnologiýasy);

6. Ykdysadyýet we dolandyryş (taýýarlygyň ugurlary: ykdysadyýet we dolandyryş; kärhananyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy (senagat pudagynda); logistika (senagat pudagynda)).

Institutda okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.

Instituta Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2022-nji ýylyň 11 — 24-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler, ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Aşgabat şäheri) we welaýat merkezlerinde aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

Mary welaýaty — iýul aýynyň 27-28-i, 29-y we 30-y günleri;

Lebap welaýaty — awgust aýynyň 1-i, 2-si we 3-i günleri;

Ahal welaýaty — awgust aýynyň 5-6-sy, 7-si we 8-i günleri;

Aşgabat şäheri — awgust aýynyň 10-11-i, 12-si we 13-i günleri;

Balkan welaýaty — awgust aýynyň 15-i, 16-sy we 17-si günleri;

Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 19-y, 20-si we 21-i günleri.

Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:

binagärlik ugruna degişli hünärler boýunça — surat we grafika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

gurluşygyň tehnikasy we tehnologiýalary; elektro we ýylylyk energetikasy; maşyngurluşyk; materiallaryň tehnologiýalary ugurlaryna degişli hünärler, informatika we hasaplaýyş tehnikasy; ýeri öwreniş ylymlary; gurluşygyň tehnikasy we tehnologiýalary; elektronika, radiotehnika we aragatnaşyk ulgamlary; ykdysadyýet we dolandyryş ugurlaryna degişli taýýarlygyň ugurlary boýunça — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

himiýa tehnologiýalary ugruna degişli hünärler we taýýarlygyň ugurlary boýunça — himiýa, matematika, Türkmenistanyň taryhy.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.

Türkmen döwlet binagärlikgurluşyk institutynyň salgysy:

Aşgabat ş., Baba Annanow köçesi, 136, tel.: 28-18-86, 28-18-04.

DÖWLETMÄMMET AZADY ADYNDAKY TÜRKMEN MILLI DÜNÝÄ DILLERI INSTITUTY
2022/2023-nji okuw ýyly üçin bakalawr maksatnamasy boýunça taýýarlygyň aşakdaky ugurlaryna talyplyga kabul edýär:

I. Bakalawr maksatnamasy (býujet esasynda):

1. Bilim we pedagogika ylymlary (taýýarlygyň ugurlary: pedagogika bilimi (iňlis dili); pedagogika bilimi (nemes we iňlis dilleri); pedagogika bilimi (fransuz we iňlis dilleri); pedagogika bilimi (rus dili we edebiýaty).

II. Bakalawr maksatnamasy (tölegli esasda):

1. Bilim we pedagogika ylymlary (taýýarlygyň ugurlary: pedagogika bilimi (iňlis dili); pedagogika bilimi (nemes we iňlis dilleri); pedagogika bilimi (fransuz we iňlis dilleri); pedagogika bilimi (rus dili we edebiýaty); pedagogika bilimi (ispan we iňlis dilleri); pedagogika bilimi (italýan we iňlis dilleri); pedagogika bilimi (arap dili, türkmen dili we edebiýaty); pedagogika bilimi (pars dili, türkmen dili we edebiýaty); pedagogika bilimi (türk dili, türkmen dili we edebiýaty); pedagogika bilimi (hytaý dili, türkmen dili we edebiýaty); pedagogika bilimi (ýapon dili, türkmen dili we edebiýaty); pedagogika bilimi (koreý dili, türkmen dili we edebiýaty); pedagogika bilimi (hindi dili, türkmen dili we edebiýaty); pedagogika bilimi (türkmen dili we edebiýaty).

2. Dil bilimi we edebiýaty öwreniş: (taýýarlygyň ugurlary: terjime we terjimeçilik işi (iňlis dili); terjime we terjimeçilik işi (rus dili).

Instituta Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2022-nji ýylyň 11 — 24-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri,‚halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler, ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Aşgabat şäheri) we welaýat merkezlerinde aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

Balkan welaýaty — iýul aýynyň 27-si, 28-i we 29-y günleri;

Daşoguz welaýaty — iýul aýynyň 31-i — awgust aýynyň 1-i, 2-si we 3-i günleri;

Aşgabat şäheri — awgust aýynyň 5-6-sy, 7-si we 8-i günleri;

Ahal welaýaty — awgust aýynyň 10-11-i, 12-si we 13-i günleri;

Mary welaýaty — awgust aýynyň 15-16-sy, 17-si we 18-i günleri;

Lebap welaýaty — awgust aýynyň 20-si, 21-i we 22-si günleri.

Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:

taýýarlygyň ugurlary: pedagogika bilimi (nemes we iňlis dilleri; fransuz we iňlis dilleri; arap dili, türkmen dili we edebiýaty; pars dili, türkmen dili we edebiýaty; türk dili, türkmen dili we edebiýaty; hytaý dili, türkmen dili we edebiýaty) — saýlap alan ugrunyň dili ýa-da iňlis dili, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

taýýarlygyň ugurlary: pedagogika bilimi (iňlis dili; ispan we iňlis dilleri; italýan we iňlis dilleri; ýapon dili, türkmen dili we edebiýaty; koreý dili, türkmen dili we edebiýaty; hindi dili, türkmen dili we edebiýaty); terjime we terjimeçilik işi (iňlis dili) — iňlis dili, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

taýýarlygyň ugry: pedagogika bilimi (türkmen dili we edebiýaty) — türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy, jemgyýeti öwreniş;

taýýarlygyň ugurlary: pedagogika bilimi (rus dili we edebiýaty); terjime we terjimeçilik işi (rus dili) — rus dili, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Degişli dil boýunça geçirilýän derslerden başga ähli okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň salgysy: Aşgabat ş., Aba Annaýew köçesi, 47, tel.: 34-67-17.

TÜRKMEN OBA HOJALYK INSTITUTY

2022/2023-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) we taýýarlygyň ugurlary (bakalawr maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär:

I. Hünärmen maksatnamasy (býujet esasynda):

1. Oba, tokaý we balyk hojalygy (hünärler: agronomçylyk; agroekologiýa; tehniki hyzmatyň guralyşy we tehnologiýasy; ýyladyşhana hojalygy; oba hojalyk ekinleriniň seçgisi we tohumçylygy).

II. Hünärmen maksatnamasy (tölegli esasda):

1. Oba, tokaý we balyk hojalygy (hünärler: ýyladyşhana hojalygy; agrohimiýa we topragy öwreniş; gidromeliorasiýa; oba hojalygyny mehanizmleşdirmek).

2. Weterinariýa we zootehniýa (hünär: weterinar lukmançylygy).

III. Bakalawr maksatnamasy (tölegli esasda):

1. Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (taýýarlygyň ugry: maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (oba hojalygynda) (okuwlar iňlis dilinde alnyp barlar)). Okuwyň dowamlylygy 5 ýyla (1 ýyl — dil taýýarlygy, 4 ýyl — bakalawr maksatnamasy boýunça okuw) deňdir.

2. Maşyngurluşyk (taýýarlygyň ugry: awtomatlaşdyrmak we dolandyrmak (oba hojalygynda)).

3. Oba, tokaý we balyk hojalygy (taýýarlygyň ugurlary: agroinženerçilik; gidrotehniki desgalar).

4. Amaly geologiýa, dag işleri, nebitgaz işi we geodeziýa (taýýarlygyň ugry: ýer gurluşygy we kadastrlar).

5. Maglumat howpsuzlygy (taýýarlygyň ugry: maglumat howpsuzlygynyň menejmenti (oba hojalygynda)).

6. Ykdysadyýet we dolandyryş (taýýarlygyň ugurlary: ykdysadyýet we dolandyryş (oba hojalygynda); buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit (oba hojalygynda); sanly dolandyryş (oba hojalygynda)).

Instituta Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary Lebap, Mary, Daşoguz welaýatlarynyň merkezlerinde 2022-nji ýylyň 11 — 24-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri,‚halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler, ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Daşoguz şäheri) we Lebap, Mary welaýatlarynyň merkezlerinde aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

Lebap welaýaty — iýul aýynyň 27-si, 28-i we 29-y günleri;

Mary welaýaty — iýul aýynyň 31-i — awgust aýynyň 1-i, 2-si we 3-i günleri;

Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 5-6-sy, 7-siwe 8-i günleri.

Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:

hünärler: agronomçylyk; agroekologiýa; ýyladyşhana hojalygy; oba hojalyk ekinleriniň seçgisi we tohumçylygy; agrohimiýa we topragy öwreniş; weterinar lukmançylygy — himiýa, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;

hünärler: tehniki hyzmatyň guralyşy we tehnologiýasy; gidromeliorasiýa; oba hojalygyny mehanizmleşdirmek; taýýarlygyň ugurlary: agroinženerçilik; gidrotehniki desgalar — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

taýýarlygyň ugurlary: ykdysadyýet we dolandyryş (oba hojalygynda); buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit (oba hojalygynda); sanly dolandyryş (oba hojalygynda) — biologiýa, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

taýýarlygyň ugurlary: maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (oba hojalygynda) (okuwlar iňlis dilinde alnyp barlar); maglumat howpsuzlygynyň menejmenti (oba hojalygynda); ýer gurluşygy we kadastrlar; awtomatlaşdyrmak we dolandyrmak (oba hojalygynda) — matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan:

— soňky 2-3 ýylyň dowamynda ýokary netijeler gazanan we etrap häkimligi tarapyndan degişli hünäre ýa-da taýýarlygyň ugruna hödürlenen kärendeçiler we mülkdarlar;

— “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýänler peýdalanýarlar.

Türkmen oba hojalyk institutynyň salgysy:

Daşoguz ş., Ruhnama köçesi, 94, tel.: 9-33-92, 9-40-68, 9-27-47.

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTY

2022/2023-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) we taýýarlygyň ugurlary (bakalawr maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär:

I. Hünärmen maksatnamasy (býujet esasynda):

1. Hukuk işi (hünär: halkara hukugy).

2. Syýasat ylymlary we sebit öwreniş (hünär: halkara gatnaşyklary we diplomatiýa).

3. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we maglumat-kitaphana işi (hünär: halkara žurnalistikasy).

II. Hünärmen maksatnamasy (tölegli esasda):

1. Ykdysadyýet we dolandyryş (hünär: halkara ykdysady gatnaşyklary).

III. Bakalawr maksatnamasy (tölegli esasda):

1. Hukuk işi (taýýarlygyň ugry: halkara hukugy).

2. Syýasat ylymlary we sebit öwreniş (taýýarlygyň ugry: halkara gatnaşyklary).

3.Ykdysadyýet we dolandyryş (taýýarlygyň ugry: halkara ykdysadyýeti).

4. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we maglumat-kitaphana işi (taýýarlygyň ugry: syýasy kommunikasiýa we internet žurnalistikasy).

Instituta Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde we welaýat merkezlerinde 2022-nji ýylyň 11 — 24-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri,‚halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler, ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Aşgabat şäheri) we welaýat merkezlerinde aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

Mary welaýaty — iýul aýynyň 27-28-i, 29-y we 30-y günleri;

Lebap welaýaty — awgust aýynyň 1-i, 2-si we 3-i günleri;

Ahal welaýaty — awgust aýynyň 5-6-sy, 7-si we 8-i günleri;

Aşgabat şäheri — awgust aýynyň 10-11-si, 12-si we 13-i günleri;

Balkan welaýaty — awgust aýynyň 15-i, 16-sy we 17-si günleri;

Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 19-y, 20-si we 21-i günleri.

Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:

hünärler: halkara hukugy; halkara gatnaşyklary we diplomatiýa; taýýarlygyň ugurlary: halkara hukugy; halkara gatnaşyklary — iňlis dili, Türkmenistanyň taryhy, türkmen dili we edebiýaty;

hünär: halkara ykdysady gatnaşyklary; taýýarlygyň ugry: halkara ykdysadyýeti — iňlis dili, matematika, Türkmenistanyň taryhy.

hünär: halkara žurnalistikasy; taýýarlygyň ugry: syýasy kommunikasiýa we internet žurnalistikasy — iňlis dili, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Degişli dil boýunça geçirilýän derslerden başga, ähli okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň salgysy:

Aşgabat ş., Galkynyş köçesi, 25;

tel.: 22-68-50.

TÜRKMEN DÖWLET BEDENTERBIÝE WE SPORT INSTITUTY

2022/2023-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär:

I.Hünärmen maksatnamasy (býujet esasynda):

1. Bedenterbiýe we sport (hünärler: sport; bedenterbiýe).

II. Hünärmen maksatnamasy (tölegli esasda):

1. Bedenterbiýe we sport (hünärler: sport; bedenterbiýe; sport žurnalistikasy; sagaldyş işi; sport tehnologiýalarynyň tehniki üpjünçiligi).

2. Ykdysadyýet we dolandyryş (hünär: sport desgalaryny dolandyrmak).

3. Psihologiýa ylymlary (hünär: psihologiýa (sport psihologiýasy)).

Instituta Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2022-nji ýylyň 11 — 24-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— sport, bedenterbiýe hünärleri boýunça okuwa girýän dalaşgärler üçin I sport derejesinden pes bolmadyk türgeniň hünär dereje kitapçasy, sport mekdebinden hödürnama we häsiýetnama;

— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary, Türkmenistanyň çempionlary we halkara sport ýaryşlarynyň ýeňijileri şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler, ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Aşgabat şäheri) we welaýat merkezlerinde aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

Balkan welaýaty — iýul aýynyň 27-si, 28-i we 29-y günleri;

Daşoguz welaýaty — iýul aýynyň 31-i, awgust aýynyň 1-i we 2-si günleri;

Aşgabat şäheri — awgust aýynyň 4-5-i, 6-sy we 7-si günleri;

Ahal welaýaty — awgust aýynyň 9-10-y, 11-i we 12-si günleri;

Mary welaýaty — awgust aýynyň 14-15-i, 16-sy we 17-si günleri;

Lebap welaýaty — awgust aýynyň 19-20-si, 21-i we 22-si günleri.

Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:

hünärler: sport; bedenterbiýe — sportuň saýlanan görnüşi (okuwa girýänler institutda alnyp barylýan sportuň 46 görnüşiniň birinden tassyklanylan möçbernamany ýerine ýetirmeli), biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: sport žurnalistikasy — türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy, jemgyýeti öwreniş;

hünärler: sport desgalaryny dolandyrmak; sport tehnologiýalarynyň tehniki üpjünçiligi — matematika, Türkmenistanyň taryhy, jemgyýeti öwreniş;

hünärler: sagaldyş işi; psihologiýa (sport psihologiýasy) — türkmen dili we edebiýaty, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan:

— orta sport mekdeplerini tamamlan ýokary derejeli türgenler;

— 2018 — 2022-nji ýyllarda geçirilen halkara ýaryşlaryň ýeňijileri;

— 2018 — 2022-nji ýyllarda sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň agzalary;

— «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýänler peýdalanýarlar.

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň salgysy: Aşgabat ş., Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40;

tel.: 399870, 399871.

TÜRKMEN DÖWLET MALIÝE INSTITUTY

2022/2023-nji okuw ýyly üçin bakalawr maksatnamasy boýunça taýýarlygyň aşakdaky ugurlaryna talyplyga kabul edýär:

1. Ykdysadyýet we dolandyryş (taýýarlygyň ugurlary: halkara maliýe; maliýe; maliýe we karz; salgytlar we salgyt salmak; bank işi we pul dolanyşygy; töwekgelçilikleri dolandyrmak we ätiýaçlandyryş işi; birža işi; buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit; maliýe gözegçiligi; maliýe menejmenti; işewürlikinformatika; maliýe bazarlary we banklar).

Institutda okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.

Instituta Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2022-nji ýylyň 11 — 24-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler, ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Aşgabat şäheri) we welaýat merkezlerinde aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

Lebap welaýaty — iýul aýynyň 27-si, 28-i we 29-y günleri;

Mary welaýaty — iýul aýynyň 31-i — awgust aýynyň 1-i, 2-si we 3-i günleri;

Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 5-i, 6-sy we 7-si günleri;

Balkan welaýaty — awgust aýynyň 9-y, 10-y we 11-i günleri;

Aşgabat şäheri — awgust aýynyň 13-14-i, 15-i we 16-sy günleri;

Ahal welaýaty — awgust aýynyň 18-19-y, 20-si we 21-i günleri.

Giriş synaglary taýýarlygyň ähli ugurlary boýunça matematika, Türkmenistanyň taryhy, geografiýa derslerinden geçirilýär.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.

Türkmen döwlet maliýe institutynyň salgysy: Aşgabat ş., (1987)

Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly, 112, tel.: 49-61-99, 49-07-92.

TÜRKMEN DÖWLET MEDENIÝET INSTITUTY

2022/2023-nji okuw ýyly üçin bakalawr maksatnamasy boýunça taýýarlygyň aşakdaky ugurlaryna talyplyga kabul edýär:

I. Bakalawr maksatnamasy (býujet esasynda):

1. Sahna sungaty we edebi döredijiligi (taýýarlygyň ugurlary: aktýorçylyk sungaty (drama we kino aktýory); sirk sungaty; aktýorçylyk sungaty (gurjak teatrynyň aktýory); drama režissurasy; horeografiýa sungaty (folklor toparyny guramak we dolandyrmak); horeografiýa sungaty (milli tans toparyny guramak we dolandyrmak); dramaturgiýa).

II. Bakalawr maksatnamasy (tölegli esasda):

1. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we maglumat-kitaphana işi (taýýarlygyň ugurlary: telewideniýe (telewideniýe režissurasy); telewideniýe (teleradiogepleşikleri guramak we alyp barmak); kitaphana işi; telewideniýe (operatorçylyk işi we montažyň režissurasy); kitaphanamaglumat işleri; telewideniýe žurnalistikasy).

2. Medeniýeti öwreniş we durmuş-medeni taslamalar (taýýarlygyň ugurlary: muzeologiýa, medeni we tebigy miras ýadygärliklerini goramak; medeniýeti öwreniş; durmuşmedeni işler (höwesjeň aýdymsaz toparyny guramak we dolandyrmak); artmenejment).

3. Sungatyň şekillendiriş we amaly görnüşleri (taýýarlygyň ugry: rejelemek işi).

4. Kino sungaty (taýýarlygyň ugurlary: ses režissurasy; yşyklandyrma tehnologiýasy).

5. Taryh we arheologiýa (taýýarlygyň ugurlary: arheologiýa; resminama we arhiw öwreniş).

6. Serwis we syýahatçylyk (taýýarlygyň ugurlary: myhmanhana işi; syýahatçylyk).

Instituta Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde we welaýat merkezlerinde 2022-nji ýylyň 11 — 24-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy), Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky ýörite we orta sazçylyk, çeperçilik we sungat okuw mekdeplerini tamamlap, iki ýyllyk iş tejribeligini geçýän ýaşlar üçin orta hünär bilimi hakynda resminamanyň (diplomyň) tassyklanan göçürmesi;

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary, taýýarlygyň döredijilik ugurlary boýunça bilim edaralaryna girýän milli we halkara döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler, ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Aşgabat şäheri) we welaýat merkezlerinde aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

Lebap welaýaty — iýul aýynyň 27-si, 28-i we 29-y günleri;

Mary welaýaty — iýul aýynyň 31-i — awgust aýynyň 1-i, 2-si we 3-i günleri;

Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 5-i, 6-sy we 7-si günleri;

Balkan welaýaty— awgust aýynyň 9-y, 10-y we 11-i günleri;

Aşgabat şäheri — awgust aýynyň 13-14-i, 15-i we 16-sy günleri;

Ahal welaýaty — awgust aýynyň 18-19-y, 20-si we 21-i günleri.

Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:

taýýarlygyň ugurlary: aktýorçylyk sungaty (drama we kino aktýory); sirk sungaty; aktýorçylyk sungaty (gurjak teatrynyň aktýory); drama režissurasy; dramaturgiýa — saýlanan taýýarlygyň ugry boýunça ukybyny barlamak (sahnada hereket üsti bilen işlemek we öz pikiriňi ýazuw üsti bilen beýan etmek), türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

taýýarlygyň ugurlary: telewideniýe (teleradiogepleşikleri guramak we alyp barmak; telewideniýe (telewideniýe režissurasy); telewideniýe (operatorçylyk işi we montažyň režissurasy); telewideniýe žurnalistikasy — saýlanan taýýarlygyň ugry boýunça ukybyny barlamak (ýatdan, görkezmek arkaly), türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

taýýarlygyň ugurlary: durmuşmedeni işler (höwesjeň aýdymsaz toparyny guramak we dolandyrmak); horeografiýa sungaty (folklor toparyny guramak we dolandyrmak; horeografiýa sungaty (milli tans toparyny guramak we dolandyrmak) — saýlanan taýýarlygyň ugry boýunça ukybyny barlamak, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

taýýarlygyň ugry: ses režissurasy — saýlanan taýýarlygyň ugry boýunça ukybyny barlamak (akustika, saz ugrundan ukyby), türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

taýýarlygyň ugry: yşyklandyrma tehnologiýasy — saýlanan taýýarlygyň ugry boýunça ukybyny barlamak (fizikanyň we optikanyň kanuny, teatr we kino boýunça umumy düşünje), türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

taýýarlygyň ugurlary: medeniýeti öwreniş; rejelemek işi; arheologiýa; muzeologiýa, medeni we tebigy miras ýadygärliklerini goramak; resminama we arhiw öwreniş; kitaphana işi; kitaphanamaglumat işleri; myhmanhana işi; syýahatçylyk; art-menejment — jemgyýeti öwreniş; türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň salgysy:

Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi, 114,

tel.: 48-28-60.

TÜRKMENISTANYŇ INŽENER-TEHNIKI WE ULAG KOMMUNIKASIÝALARY
INSTITUTY

2022/2023-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) we taýýarlygyň ugurlary (bakalawr maksatnamasy)
boýunça talyplyga kabul edýär:

I. Hünärmen maksatnamasy:

1. Gurluşygyň tehnikasy we tehnologiýalary (hünärler: gozgalmaýan emläkleriň ekspertizasy we dolandyrylyşy; awtomobil ýollarynyň, köprüleriň we tonnelleriň gurluşygy, ulanylyşy we tehniki abatlanylyşy; ýörite maksatly inžener ulgamlary we desgalary; demir ýollaryň gurluşygy, ýol we ýol hojalygy; inžener ulgamlary we torlary).

2. Binagärlik (hünärler: ýaşaýyş jaý hojalygy we jemagat infrastrukturasy; landşaft dizaýny).

3. Elektro we ýylylyk energetikasy (hünär: elektrik üpjünçiligi).

4. Tehnosfera howpsuzlygy we tebigy abadanlaşdyryş (hünär: tehnosfera howpsuzlygy).

5. Ýerüsti ulagyň tehnikasy we tehnologiýalary (hünärler: awtomobiller we awtomobil hojalygy; awtomobil ulagynda gatnawlary guramak we dolandyrmak; demir ýollaryň hereket edýän düzümi; demir ýol ulagynda gatnawlary guramak we hereketi dolandyrmak; portlaryň we ulag menzilleriniň ýükleýişdüşüriş enjamlarynyň ulanylyşy; ýerüsti ulagtehnologiki serişdeleri).

6. Aeronawigasiýa we awiasion hem-de raketa-kosmiki tehnikalaryny ulanmak (hünärler: howa hereketiniň dolandyrylyşy; uçuş enjamlarynyň we hereketlendirijileriniň tehniki ulanylyşy; howa gämileriniň awiasion we radioelektron enjamlaryny tehniki taýdan ulanmak; howa ulagynda gatnawlary guramak we dolandyrmak).

7. Gämi gurluşygynyň we suw ulagynyň tehnikasy we tehnologiýalary (hünärler: gämi sürmeklik; gämileriň energetiki desgalarynyň ulanylyşy; gämi gurluşygy).

II. Bakalawr maksatnamasy:

1. Maşyngurluşyk (taýýarlygyň ugry: önümçiligiň we tehnologiýa prosesleriniň awtomatlaşdyrylyşy).

2. Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (taýýarlygyň ugry: maglumat ulgamlary we tehnologiýalary).

3. Ykdysadyýet we dolandyryş (taýýarlygyň ugurlary: ykdysadyýet we dolandyryş; buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit; logistika (ulag pudagynda)).

Institutda okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.

Instituta Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2022-nji ýylyň 11 — 24-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Taýýarlygyň aeronawigasiýa we awiasion hem-de raketa-kosmiki tehnikalaryny ulanmak ugruna okuwa girýänler uçujy-dispetçer we inžener-tehnik wezipelerinde işleýänler üçin niýetlenen Gollanmanyň düzgünlerine laýyklykda lukmançylyk barlagyndan geçýärler.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— bilim baradaky resminama (asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler, ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Aşgabat şäheri) we welaýat merkezlerinde aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

Mary welaýaty — iýul aýynyň 27-28-i, 29-y we 30-y günleri;

Lebap welaýaty — awgust aýynyň 1-i, 2-si we 3-i günleri;

Ahal welaýaty — awgust aýynyň 5-6-sy, 7-si we 8-i günleri;

Aşgabat şäheri — awgust aýynyň 10-11-i,12-si we 13-i günleri;

Balkan welaýaty — awgust aýynyň 15-i, 16-sy we 17-si günleri;

Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 19-y, 20-si we 21-i günleri.

Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:

hünär: landşaft dizaýny — surat we grafika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

beýleki taýýarlygyň ugurlary (hünärler) — matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy;

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.

Türkmenistanyň Inženertehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň salgysy:

Aşgabat ş., Büzmeýin etrabynyň Senagat köçesi, 51,

tel.: 39-26-47, 39-26-48, 39-26-57.

TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET ENERGETIKA INSTITUTY

2022/2023-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) we taýýarlygyň ugurlary (bakalawr maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär:

I. Hünärmen maksatnamasy:

1. Elektro we ýylylyk energetikasy (hünärler: elektroenergetiki ulgamlar we torlar; ýylylyk elektrik stansiýalary; senagat desgalarynyň we tehnologik toplumlaryň elektrohereketlendirilişi hemde awtomatikasy; elektroenergetika ulgamlarynyň rele goragy we awtomatikasy; elektrik üpjünçiligi; gazturbina desgalary we dwigatelleri; adaty däl we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri; elektrik we ýylylyk energiýasyny öndürmegiň tehnologiýasy; ýylylyk elektrik stansiýalarynda suwuň we ýangyjyň tehnologiýasy).

2. Maşyngurluşyk (hünärler: metallary işläp bejermegiň tehnologiýasy we maşynlar; elektrik we elektromehaniki enjamlaryň tehniki ulanylyşy, hyzmat edilişi we abatlanylyşy).

3. Elektronika, radiotehnika we aragatnaşyk ulgamlary (hünärler: senagat elektronikasy; mikroelektronika we ýarymgeçirijili abzallar).

4. Tehniki ulgamlarda dolandyryş (hünär: awtomatika we tehniki ulgamlarda dolandyryş).

II. Bakalawr maksatnamasy:

1. Maglumat howpsuzlygy (taýýarlygyň ugry: maglumat howpsuzlygynyň menejmenti (okuwlar iňlis dilinde alnyp barlar). Okuwyň dowamlylygy 5 ýyla (1 ýyl — dil taýýarlygy, 4 ýyl — bakalawr maksatnamasy boýunça okuw) deňdir.

2. Maglumat howpsuzlygy (taýýarlygyň ugry: maglumat howpsuzlygy).

3. Elektronika, radiotehnika we aragatnaşyk ulgamlary (taýýarlygyň ugry: infokommunikasion tehnologiýalar we aragatnaşyk ulgamlary).

4. Elektro we ýylylyk energetikasy (taýýarlygyň ugry: elektroenergetika we elektrotehnika).

5. Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (taýýarlygyň ugry: maglumatölçeýiş tehnikasy we tehnologiýalary, programma inženerligi).

6. Maşyngurluşyk (hünäri: tehnologik maşynlar we gurluşlar).

7. Ykdysadyýet we dolandyryş (hünärler: ykdysadyýet we dolandyryş (energetika pudagynda); buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit (energetika pudagynda).

Institutda okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.

Instituta Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2022-nji ýylyň 11 — 24-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler, ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Mary şäheri), welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

Ahal welaýaty — iýul aýynyň 27-28-i, 29-y we 30-y günleri;

Aşgabat şäheri — awgust aýynyň 1-2-si,3-i we 4-i günleri;

Balkan welaýaty — awgust aýynyň 6-sy, 7-si we 8-i günleri;

Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 10-y, 11-i we 12-si günleri;

Lebap welaýaty — awgust aýynyň 14-i, 15-i we 16-sy günleri;

Mary welaýaty — awgust aýynyň 18-19-y, 20-si we 21-i günleri.

Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:

taýýarlygyň ugry: maglumat howpsuzlygynyň menejmenti (okuwlar iňlis dilinde alnyp barlar) — iňlis dili, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

beýleki taýýarlygyň ugurlary — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Degişli dil boýunça geçirilýän derslerden başga, ähli okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň salgysy: Mary welaýaty, Mary ş., Baýramhan köçesi, 62,

tel.: 57517, 57502.

TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET ÇEPERÇILIK AKADEMIÝASY

2022/2023-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär:

I. Hünärmen maksatnamasy (býujet esasynda):

1. Sungatyň şekillendiriş we amaly görnüşleri (hünärler: monumental nakgaşçylygy; stanok nakgaşçylygy; teatrbezeg nakgaşçylygy; stanok grafikasy; kitap grafikasy; heýkeltaraşlyk; keramika sungaty; zergärçilik sungaty; halyçylyk sungaty).

2. Binagärlik (hünärler: binagärlik ýadygärlikleriniň rejelenilişi).

II. Hünärmen maksatnamasy (tölegli esasda):

1. Sungatyň şekillendiriş we amaly görnüşleri (hünärler: dizaýn; şekillendiriş sungatynyň taryhy we nazaryýeti);

2. Binagärlik (hünärler: binagärlik gurşawynyň dizaýny; binagärlik ýadygärlikleriniň rejelenilişi).

3. Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (hünär: animasiýa we grafika dizaýny).

Akademiýa Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde we welaýat merkezlerinde 2022-nji ýylyň 11 — 24-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy), Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky ýörite we orta sazçylyk, çeperçilik we sungat okuw mekdeplerini tamamlap, iki ýyllyk iş tejribeligini geçýän ýaşlar üçin orta hünär bilimi hakynda resminamanyň (diplomyň) tassyklanan göçürmesi;

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri,‚halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary, taýýarlygyň döredijilik ugurlary boýunça bilim edaralaryna girýän milli we halkara döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler, ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Döredijilik ugurlary boýunça okuwa girýän dalaşgärler kabul ediş toparyna özbaşdak ýerine ýetiren işlerini (galamda çekilen suratlar, nakgaşçylyk eserleri, heýkel, keramika işleri we ş.m.) tabşyrýarlar.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek akademiýada (Aşgabat şäheri) we welaýat merkezlerinde aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

Mary welaýaty — iýul aýynyň 27-28-i, 29-y we 30-y günleri;

Lebap welaýaty — awgust aýynyň 1-i, 2-si we 3-i günleri;

Ahal welaýaty — awgust aýynyň 5-6-sy, 7-si we 8-i günleri;

Aşgabat şäheri — awgust aýynyň 10-11-i, 12-si we 13-i günleri;

Balkan welaýaty — awgust aýynyň 15-i, 16-sy we 17-si günleri;

Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 19-y, 20-si we 21-i günleri.

Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:

hünärler: monumental nakgaşçylygy; stanok nakgaşçylygy; teatrbezeg nakgaşçylygy; stanok grafikasy; kitap grafikasy — galamda gipsden ýasalan adamyň göwresiniň şekilini çekmek; reňkde berlen temadan taslama ýerine ýetirmek; Türkmenistanyň taryhy;

hünär: heýkeltaraşlyk — galamda gipsden ýasalan adamyň portretini çekmek; berlen temadan heýkeltaraşlyk taslamasyny ýerine ýetirmek; Türkmenistanyň taryhy;

hünär: dizaýn — galamda gipsden ýasalan adamyň portretini çekmek; berlen temadan dizaýn taslamasyny ýerine ýetirmek; Türkmenistanyň taryhy;

hünärler: keramika sungaty; zergärçilik sungaty; halyçylyk sungaty — galamda natýurmort çekmek; hünär aýratynlygyna laýyklykda, berlen temadan taslama ýerine ýetirmek; Türkmenistanyň taryhy;

hünär: şekillendiriş sungatynyň taryhy we nazaryýeti — galamda natýurmort çekmek; berlen temadan taslama ýerine ýetirmek; Türkmenistanyň taryhy;

hünärler: binagärlik gurşawynyň dizaýny; binagärlik ýadygärlikleriniň rejelenilişi; animasiýa we grafika dizaýny — galamda gipsden ýasalan adamyň portretini çekmek; berlen çyzgynyň aksonometriýasyny düzmek; Türkmenistanyň taryhy.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň we çeperçilik mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Türkmenistanyň taryhy boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň salgysy: Aşgabat ş., 2022nji (A.Nowaýy) köçe, 90,

tel.: 92-56-41, 92-31-19, 92-25-08.

MAÝA KULYÝEWA ADYNDAKY TÜRKMEN MILLI KONSERWATORIÝASY

2022/2023-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär:

I.Hünärmen maksatnamasy (býujet esasynda):

1. Aýdym-saz sungaty (hünärler: türkmen sazy; halk saz gurallary; fortepiano; kirişli saz gurallary; üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary; aýdym sungaty; bagşy; opera sungaty; hor dirižýorlygy; orkestr dirižýorlygy; sazşynaslyk; kompozisiýa; türkmen sazynyň taryhy we nazaryýeti boýunça sazşynaslyk).

II.Hünärmen maksatnamasy (tölegli esasynda):

1. Aýdym-saz sungaty (hünärler: saz mugallymçylygy; estrada sungaty).

Konserwatoriýa Türkmenistanyň orta hünär saz bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Estrada sungaty, saz mugallymçylygy hünärlerine çagalar sazçylyk mekdebiniň möçberinden pes bolmadyk saz bilimli raýatlar kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde we welaýat merkezlerinde 2022-nji ýylyň 11 — 24-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy), Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky ýörite we orta sazçylyk, çeperçilik we sungat okuw mekdeplerini tamamlap, iki ýyllyk iş tejribeligini geçýän ýaşlar üçin orta hünär bilimi hakynda resminamanyň (diplomyň) tassyklanan göçürmesi;

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary, taýýarlygyň döredijilik ugurlary boýunça bilim edaralaryna girýän milli we halkara döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler, ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek konserwatoriýada (Aşgabat şäheri) we welaýat merkezlerinde aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

Ahal welaýaty — iýul aýynyň 27-28-i, 29-y we 30-y günleri;

Aşgabat şäheri — awgust aýynyň 1-2-si, 3-i we 4-i günleri;

Balkan welaýaty — awgust aýynyň 6-sy, 7-si we 8-i günleri;

Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 10-y, 11-i we 12-si günleri;

Lebap welaýaty — awgust aýynyň 14-i, 15-i we 16-sy günleri;

Mary welaýaty — awgust aýynyň 18-19-y, 20-si we 21-i günleri.

Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:

hünärler: türkmen sazy; halk saz gurallary; fortepiano; kirişli saz gurallary; üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary — hünäri boýunça (ýerine ýetirmek we söhbetdeşlik), solfejio we garmoniýa (ýazmaça we dilden), Türkmenistanyň taryhy (ýazmaça we dilden);

hünärler: aýdym sungaty; opera sungaty; bagşy; saz mugallymçylygy; — hünäri boýunça (ýerine ýetirmek we söhbetdeşlik), solfejio we saz nazaryýeti (ýazmaça we dilden), Türkmenistanyň taryhy (ýazmaça we dilden);

hünärler: hor dirižýorlygy; orkestr dirižýorlygy; — hünäri boýunça we fortepiano (ýerine ýetirmek we söhbetdeşlik), solfejio we garmoniýa (ýazmaça we dilden), Türkmenistanyň taryhy (ýazmaça we dilden);

hünär: kompozisiýa — döreden eserleri we fortepiano (ýerine ýetirmek we söhbetdeşlik), solfejio we garmoniýa (ýazmaça we dilden), Türkmenistanyň taryhy (ýazmaça we dilden);

hünärler: sazşynaslyk; türkmen sazynyň taryhy we nazaryýeti boýunça sazşynaslyk — solfejio we garmoniýa (ýazmaça we dilden), saz guraly (ýerine ýetirmek) we saz edebiýaty (ýazmaça we dilden), Türkmenistanyň taryhy (ýazmaça we dilden);

hünär: estrada sungaty — hünäri boýunça we ýörite saz guraly (ýerine ýetirmek we söhbetdeşlik), solfejio we saz nazaryýeti (ýazmaça we dilden), Türkmenistanyň taryhy (ýazmaça we dilden).

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň, ýörite orta sazçylyk mekdepleriniň, çagalar sazçylyk mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň salgysy:

Aşgabat ş., 1984nji (Puşkin) köçe, 22,

tel.: 92-28-56.