19-njy iýulda Tähranda Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan we Eýranyň Prezidenti Saýed Ebrahim Raisi duşuşarlar. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň metbugat sekretary Dmitriý Peskow mälim etdi. Kremliň metbugat sekretary häzirki wagtda Wladimir Putiniň Tährana saparyna taýýarlyk görülýändigini belledi. 19-njy iýulda Eýranyň paýtagtynda Russiýanyň, Türkiýäniň we Eýranyň liderleriniň arasynda üçtaraplaýyn sammit geçiriler. Şeýle hem Putin, Erdogan we Raisiniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar meýilleşdirilýär.