Özbegistan Respublikasyna iki günlük döwlet sapary bilen baran hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Ýangi Uzbekiston» seýilgähinde «Garaşsyzlyk» ýadygärligine gül goýmak dabarasyna gatnaşdy. Bu ýere Daşkentde bolýan Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary hem ýygnandylar.

Ýadygärligiň etegine gül dessesi goýlup, hormat bildirilenden soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa «Garaşsyzlyk» ýadygärligi hem-de onuň aýratynlyklary barada maglumat berildi. Ýeri gelende bellesek, «Ýangi Uzbekiston» seýilgähiniň çäginde ýerleşýän «Garaşsyzlyk» ýadygärligi Özbegistan Respublikasynyň geçen ýylda giňden bellenilen döwlet Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli dabaraly ýagdaýda açyldy. Beýikligi 60 metre ýetýän bu ýadygärlik özbek halkynyň üç müň ýyllyk taryhyny şöhlelendirýär. Türkiýeli dizaýner Sinan Turamanyň taslamasy boýunça türk kompaniýalary tarapyndan bina edilen ýadygärlik biziň eýýamymyza çenli özbek topragynda döredilen döwletleri, beýik şahsyýetleriň durmuşyny we bitiren işlerini açyp görkezýän taryhyň üç döwrüni özünde jemleýändigi bilen ünsi özüne çekýär.