13-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministri Suheil Al Mazruini kabul etdi.
Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň mähirli salamyny ýetirdi hem-de Birleşen Arap Emirliklerine sapar bilen gelmek hakyndaky çakylygyny gowşurdy. Şeýle hem jenap Suheil Al Mazrui BAE-niň Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň işleri boýunça ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýanyň mähirli salamyny ýetirip, Birleşen Arap Emirliklerinde ýurdumyz bilen dostlukly gatnaşyklaryň we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berilýändigini nygtady. Soňky ýyllarda bu gatnaşyklar täze many-mazmun bilen baýlaşdyryldy.
Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip hem-de BAE-niň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Türkmenistanyň däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklara ygrarlydygyny tassyklady. Şol gatnaşyklar netijelilik we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda guralýar.
Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň, şol sanda energetika ulgamynda gatnaşyklary pugtalandyrmagyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu ulgam iki ýurduň ykdysadyýetleri üçin strategik ugur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, BAE-niň işewürler toparlarynyň Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryna hem-de düzümleýin taslamalara uly gyzyklanma bildirýändikleri bellenildi. Munuň özi netijeli işewürlik gatnaşyklaryny, maýa goýum işini işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikleri döredýär.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň milli ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek strategiýasyny durmuşa geçirýändigini nygtap, döwletimiziň uglewodorod çig malyny çykarmak we gaýtadan işlemek, döwrebap ugurdaş düzümi kemala getirmek babatda pudaga innowasiýalary, sanly tehnologiýalary, öňdebaryjy işläp taýýarlamalary çekmäge eýerýändigini aýtdy.
Bu babatda ýola goýlan, bilelikde işlemek boýunça köpýyllyk tejribä eýe bolan netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin oňaýly şertler bar. Şunuň bilen baglylykda, «ýaşyl» energetikada özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek, ekologik taýdan arassa, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini, hususan-da, Gün we ýel energiýasyny ulanmak wajyp hasaplanýar.
Ikitaraplaýyn gatnaşyklar meselelerine uly üns berýändigi üçin myhman hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, BAE-niň işewürler toparlarynyň Türkmenistan bilen uzak möhletli hyzmatdaşlyga hem-de täze, geljegi uly taslamalara gatnaşmaga çalyşýandyklaryny tassyklady. Bellenilişi ýaly, netijeli ykdysady we maýa goýum syýasatynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyz halkara giňişlikde özüni ygtybarly, jogapkärli hyzmatdaş hökmünde görkezdi.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz hem-de BAE-niň energetika we infrastruktura ministri däp bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de uzak möhletleýin esasda pugtalandyryljakdygyna, şeýle-de üstünlikli ösdüriljekdigine, täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.