«Su­es ka­na­ly­nyň 2021-2022-nji ma­li­ýe ýy­ly üçin gir­de­ji­si iň ýo­ka­ry de­re­je­de – 7 mil­liard dol­lar bol­dy» di­ýip, ka­na­lyň mü­di­ri­ýe­ti­niň baş­ly­gy Osa­ma Ra­bia aýt­dy. «Su­es ka­na­ly 1,32 mil­liard ton­na üs­ta­şyr ýük­le­ri ge­çi­rip, je­mi 7 mil­liard dol­lar ýyl­lyk gir­de­ji ga­zan­dy» diý­lip, mü­di­ri­ýe­tiň baş­ly­gy­nyň be­ýa­na­tyn­da bel­le­nil­ýär.
Osa­ma Ra­bia ha­sa­bat döw­rün­de ka­nal­dan geç­ýän gä­mi­le­riň sa­ny­nyň, tak­my­nan, 16% ýo­kar­la­nan­dy­gy­ny, ge­çen ýyl­ky 19 mü­ňe ga­ra­nyň­da, bu ýyl 22 müň­den geç­ýän­di­gi­ni aýt­dy. Da­şal­ýan ýük­le­riň aras­sa ton­na­sy 10,9% art­dy, ka­na­lyň gir­de­ji­si bol­sa, 20,7% ar­typ, ge­çen ýyl­ky re­kord­dan 5,84 mil­liard dol­lar geç­di.
Ra­bia­nyň pi­ki­ri­çe, Su­es ka­na­ly ha­ryt­la­ryň üs­ta­şyr geç­me­gi üçin iň çalt, gys­ga we yg­ty­bar­ly de­ňiz ýo­lu­dy­gy­ny su­but et­di. Ol hä­zir­ki do­wam ed­ýän glo­bal çök­gün­lik­ler­de-de üz­nük­siz üp­jün­çi­lik zyn­jyr­la­ry­ny ama­la aşyr­ýar. Ka­na­lyň mü­di­ri­ýe­ti 2022-nji ýy­lyň 1-nji mar­tyn­dan baş­lap, dür­li gör­nüş­li gä­mi­ler üçin üs­ta­şyr tö­leg­le­ri­ni 5-10% ýo­kar­lan­dyr­dy. Maý we iýun aý­la­ryn­da re­kord de­re­je­de aý­lyk gir­de­ji ha­sa­ba alyn­dy.