Aziýanyň infrastruktura maýa goýum bankynyň (AIMGB) direktorlar geňeşi ýakynda guramanyň daşary ýurtdaky wekilhanasynyň açyljakdygyny mälim etdi. Mälim bolşy ýaly, AIMGB ilkinji gezek daşary ýurtda wekilhanasyny açýar. Ondan öň bankyň bir bölümi Hytaýyň Týanszin şäherinde açyldy. Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagty Abu-Dabi AIMGB-niň daşary ýurtdaky ilkinji wekilhanasynyň ýerleşýän ýeri hökmünde saýlandy. Häzirki wagtda kabul ediji tarap bilen degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar. Bankyň wekilleri ýakyn hepdelerde ylalaşyk gazanylar diýip umyt edýär.
AIMGB-niň jogapkär wekiliniň pikiriçe, BAE-de bankyň wekilhanasynyň açylmagy maliýe edarasynyň Ýakyn Gündogarda, Merkezi Aziýada, Afrikada we Latyn Amerikasyndaky maýa goýum amallarynyň giňelmegine, şeýle hem taslamalara gözegçiligi güýçlendirmäge we olaryň global derejede amala aşyrylmagyna ýardam berer. Ilkinji daşary ýurt wekilhanasy synag düzgüninde işlär.
Işewürligi ösdürmek zerurlyklaryndan ugur alyp, AIMGB saýlap-seçijilik bilen kem-kemden daşary ýurtlarda öz wekilhanalaryny açyp ugrar. Bu bolsa guramanyň maýa goýum bazaryndaky zerurlyklaryny we amallaryny kanagatlandyrmaga we bankyň agzalarynyň has-da ösmegine netijeli goldaw berer. Şol bir wagtyň özünde, AIMGB-niň Pekindäki ştab-kwartirasy daşary ýurt wekilhanalarynyň ähli iş kararlaryna jogapkär bolmagyny dowam etdirer.
AIMGB 2016-njy ýylda döredilen gününden bäri yzygiderli ösüş gazanýar. Bu döwürde bankyň agzalarynyň sany 57-den 105-e çenli artyp, tassyklanan taslamalaryň umumy sany 181-e ýetdi. Goýlan maliýe serişdeleriniň mukdary 35,7 milliard dollara ýetdi, bankyň alyp barýan işleri Aziýadaky we beýleki sebitlerdäki 33 agzasyna peýda getirdi.