Ne­bit eks­port ed­ýän ýurt­la­ryň gu­ra­ma­sy (OPEK) we onuň hyz­mat­daş­la­ry bo­lan OPEK+ diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan bi­le­le­şik, çig ne­bi­tiň ba­ha­sy­ny çäk­len­dir­mek mak­sa­dy bi­len has köp önüm çy­ka­ryl­ma­gy­na ça­gy­ryş edil­ýän­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, aw­gust aýyn­da önüm­çi­li­gi kö­pelt­mek ba­ra­da­ky ozal­ky ka­bul eden ka­ra­ryn­da dur­jak­dy­gy­ny mä­lim et­di.
Iýun aýy­nyň ba­şyn­da ge­çi­ri­len öň­ki mas­la­ha­tyn­da OPEK+ bi­le­le­şi­gi­niň ýurt­la­ry iýul we aw­gust aý­la­ryn­da ne­bit çy­kar­mak üçin kwo­ta­ny gün­de 648 müň bar­re­le çen­li ýo­kar­lan­dyr­mak ka­ra­ry­na ge­lip­di. Olar mun­dan öň önüm çy­ka­ry­ly­şy­ny gün­de 432 müň bar­re­le çen­li art­dyr­mak ba­ra­da yla­la­şyp­dy­lar. Şeý­le­lik bi­len, sent­ýabr­dan iýul we aw­gust aý­la­ry­na ge­çi­ril­me­gi­niň ha­sa­by­na kwo­ta gün­de 216 müň bar­re­le çen­li ýo­kar­lan­dy.
Mas­la­hat­dan soň ýaý­ra­dy­lan OPEK-iň be­ýa­na­ty­na gö­rä, OPEK we gu­ra­ma gir­me­ýän ýurt­la­ryň mi­nistr­le­ri­niň 30-njy mas­la­ha­tyn­da aw­gust aýyn­da önüm­çi­li­gi­ni gün­de 648 müň bar­re­le çen­li ýo­kar­lan­dyr­mak me­ýil­na­ma­sy tas­syk­lan­dy.