Belarus Respublikasy Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agzalyga girmek üçin arza berdi. Bu barada Özbegistanyň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Wladimir Norow habar berdi.

-Eger umumy karar kabul edilse sentýabr aýynda geçiriljek Samarkand sammitinde Belarusyň ŞHG-ä agzalyga kabul edilmeginiň tertibiniň başlanar – diýip, Norow belledi. Ol Belarusyň ýüztutmasynyň eýýäm agza ýurtlara iberilendigini sözüniň üstüne goşdy.

Şeýle-de Samarkant sammitinde 2012-nji ýyldan bäri guramada synçy agza derejesine eýe bolan Eýranyň ŞHG-ä agzalyga kabul ediljekdigi habar berilýär. Häzirki wagtda Belarus er Eýran ŞHG-de synçy döwlet derejesine eýe.

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy 2001-nji ýylda döredildi. Onuň hemişelik agzalary sekiz döwlet: Hindistan, Gazagystan, Hytaý, Gyrgyzystan, Pakistan, Russiýa, Täjigistan we Özbegistan. Belarusdan başga-da, Owganystan, Eýran we Mongoliýa synçy ýurtlar derejesine eýe bolup, Azerbaýjan, Ermenistan, Kamboja, Nepal, Türkiýe we Şri-Lanka hyzmatdaş ýurtlar derejesine eýe.

ŞHG-ä girýän ýurtlaryň umumy meýdany 34 million inedördül metrden gowrakdyr. Bu bütin Ýewraziýanyň 60 göterimine barabardyr. Bileleşigi düzýän ýurtlarda jemi 3 milliarddan gowrak adam ýaşaýar. Bu Ýer togalagynyň ilatynyň ýaryna deňdir. ŞHG-ä dünýäniň jemi içerki önüminiň dörtden biri düşýär.