“Çelsi” senegally goragçyny düzümine goşdy

252

Londonyň “Çelsi” kluby Rahim Sterlingden soň ýene bir ýyldyz oýunçyny transfer etdi. Bu gezek goragy güýçlendiren londonlylar “Napoli” toparynyň senegally goragçysy Kalidu Kulibalini 40 million ýewro (38+2) million ýewro öz düzümine goşdy. Iýun aýynyň başyndaky 2 goragçysyny (Kristensen bilen Rudiger), 31 ýaşyndaky oýunçy bilen 4 ýyllyk şertnama gol çekişdi. Metbugatda çykan habarlara görä, Kulibali “Çelsiden” ýylda 10 million ýewro hak alar. “Napolide” 8 ýyl çykyş eden Kulibali ondan öň “Genk” we “Mets” toparlarynyň köýnekçesini geýipdi.