Hindistanda Prezident saýlawlary başlandy. Prezidentlige iki dalaşgär dalaş edýär – “Milli Demokratik Bileleşikden” Draupadi Murmu we “Bütin Hindistan Trinamul” partiýasyndan Ýaşwant Sinha.

Saýlawçylar toparyna parlamentiň aşaky we ýokarky palatasynyň, şeýle hem 28 ştatyň sebit parlamentleriniň wekillerinden ybarat, 4,8 müň girýändigi habar berildi. 

Sesleriň gutarnykly sanawy 21-nji iýulda ähli býulletenler paýtagta getirilenden soň geçiriler. Sesleri sanamak gaty çylşyrymly iş bolup, her bir saýlawçynyň sesiniň wekilçilik edýän ştatynyň ilatyna baglylykda aýratynlygy bar. Häzirki Prezident Ram Nath Kowindiň ygtyýarlyk möhletiniň 24-nji iýulda gutarýar. Konstitusiýa laýyklykda, bellenen senede täze Prezident saýlanyp, 25-nji iýulda kasam kabul etmelidir.