Hytaýyň Hubeý welaýatynda ýük gatnawyna ýöriteleşdirilen howa menzili açyldy. Şu maksat bilen gurlan aeroport Aziýada bu ugurda ilkinji bolmagy bilen tapawutlanýar. Ýurduň merkezi böleginde ýerleşýän Huahu howa menzili Eçžou şäheriniň çäginde ýerleşip, bu ýeri senagat kärhanalarynyň köplügi bilen tapawutlanýar. Aeroportda noýabr aýyndan başlap howa ulaglary arkaly ýük gatnawy ýola goýlar. Aeroport ýük gatnawyna ýöriteleşdirilen hem bolsa, ýolagçy gatnawy üçin hem peýdalanmaga mümkinçilik bar.