21-nji iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Rişard Komenda bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösüşini, şol sanda kabul edilen borçnamalarynyň we Türkmenistanyň gatnaşýan adam hukuklary babatda halkara konwensiýalarynyň düzgünnamalarynyň ýerine ýetirilmegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň işi bilen bagly meseleler barada maslahatlaşyldy. Ýurduň Adalatçynyň edarasynyň mümkinçilikleriniň kämilleşdirilmegi boýunça hereketlere, bilim ugrundaky maksatnamalara we sebitleýin çäreleri geçirmäge gatnaşmaga taýýardygy bellenildi. 

W.Hajiýew bilelikdäki hereketleriň möhüm ugrunyň BMG-niň şertnamalaýyn edaralaryna hasabatlary taýýarlamak bolup durýandygyny nygtady. Şu ýyl Türkmenistan iki sany resminamanyň: Aýallara garşy hukuk kemsitmeleriň ähli görnüşlerini aradan aýyrmak barada Konwensiýanyň we Maýyplaryň hukuklary barada Konwensiýanyň degişli komitetleriniň tekliplerini durmuşa geçirmek boýunça nobatdaky hasabatlaryny ibermegi meýilleşdirýär.

Türkmenistana saparynyň dowamynda BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Rişard Komenda şeýle hem Türkmenistanyň Adalatçysynyň edarasynda, Bilim ministrliginde, Içeri işler ministrliginde we Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynda duşuşyklary geçirildi.