Dünýäniň iň köp ilatly ýurdy bolan Hytaýyň ilatynyň geljek ýyldan başlap azaljakdygy mälim edildi. Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysadyýet we sosial meseleler boýunça bölüminiň taýýarlan çaklamalaryna görä, Hytaýyň ilaty 2023-nji ýyldan başlap azalar. Şu asyryň ahyryna çenli bolsa, häzirki ilatynyň ýarysyna golaý bolar. Maglumatnamada Hytaýyň we Hindistanyň ilatynyň häzirki wagtda 1,4 milliarddan geçýändigi, Hytaýyň ilatynyň 2023-nji ýyldan başlap “absolýut azalyş prosesine” geçjekdigi, Hindistanyň ilatyndaky artyşyň dowam edip, dünýäniň iň köp ilatly ýurduna öwrüljekdigi mälim edildi. Maglumatnamada bellenilişine görä, häzirki wagtda 1 milliard 426 million bolan Hytaýyň ilaty, 2050-nji ýylda 1 milliard 317 milliona çenli azalar. Hindistanyň ilaty bolsa, 1 milliard 412 milliondan, 2050-nji ýyla çenli 1 milliard 668 milliona ýeter. Ýüz ýylyň ahyrynda Hytaýyň ilaty 766 million, Hindistanyňky 1 milliard 530 million töweregi bolar.

Ilatyň artyşy iň pes derejä ýetdi

Hy­taý­da do­gul­ýan hem-de ara­dan çyk­ýan ila­tyň ara­syn­da­ky ta­pa­wut 1998-nji ýyl­dan bä­ri il­kin­ji ge­zek 1 gö­te­rim­den pe­se gaç­dy. Ge­çen ýyl ýurt­da 1960-njy ýyl­dan bä­ri iň pes ösüş ha­sa­ba alyn­dy. Mil­li sta­tis­ti­ka eda­ra­sy­nyň mag­lu­ma­ty­na gö­rä, ge­çen ýyl Hy­ta­ýyň 31 we­la­ýa­ty­nyň hem-de se­bi­ti­niň ila­ty ba­ry-ýo­gy 480 müň adam ar­typ, umu­my ilat 1 mil­liard 412 mil­li­on 600 mü­ňe ýe­tip­dir. Ça­ga dog­luş de­re­je­si müň­den 7,52, ölüm de­re­je­si müň­den 7,18 bo­lup­dyr. Ne­ti­je­de ila­tyň ar­tyş de­re­je­si 0,34 gö­te­rim bo­lup­dyr. Ge­çen ýyl ýurt­da 10 mil­li­on 620 müň ça­ga dün­ýä inip­dir. 2020-nji ýyl­da bu gör­ke­zi­ji 12 mil­li­on bo­lup­dyr.
BMG-niň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä Hy­taý­da iş­le­ýän ýaş­da­ky ila­tyň sa­ny 2012-nji ýyl­dan bä­ri azal­ýar. Hä­zir­ki wagt­da bu gör­ke­zi­ji­niň 984 mil­li­on­dy­gy mä­lim edil­di.