Hindistanyň täze saýlanan Prezidenti Draupadi Murmu 25-nji iýunda parlamentiň binasynda kasam etdi we resmi taýdan Hindistanyň 15-nji Prezidenti boldy. Murmu Hindistanyň ikinji zenan Prezidentidir (birinjisi Pratibha Patil, 2007-2012ý).
Kasam kabul ediş dabarasy Hindistanyň Baş kazysynyň başlyklygynda geçirildi. Oňa parlamentiň iki palatasynyň başlyklary, Premýer-ministr Narendra Modi, Ministrler Geňeşiniň agzalary, ştatlaryň häkimleri we baş ministrler gatnaşdy.
Draupadi Murmu dabarada sözlän sözünde öz watandaşlaryny Hindistany güýçli we özüni dolandyryp bilýän ýurt etmek üçin tagallalaryny birleşdirmäge çagyrdy we zenanlaryň ýurduň ösüşine has uly goşant goşmagyny arzuw etdi.
Hindistanda geçirilen Prezident saýlawlarynyň netijeleri 21-nji iýulda yglan edildi. 18-nji iýulda geçirilen saýlawlarda dolandyryjy Milli demokratik bileleşiginiň dalaşgäri Draupadi Murmu ýeňiş gazandy.
Murmu 1958-nji ýylda doguldy. Syýasy karýerasyndan öň mugallym bolup işledi. 1997-nji ýylda Draupadi Murmu “Bharatiýa janata” partiýasynyň, Hindi halk partiýasynyň agzasy boldy. 2015-2021-nji ýyllar aralygynda Jharkhand ştatynyň häkimi boldy.