Soň­ky gün­ler­de dün­ýä­niň kä­bir ýer­le­rin­de ys­sy ho­wa aky­my­nyň tä­si­ri du­ýul­ýar. Kä­bir ýurt­da re­kord de­re­je­de ys­sy ho­wa ha­sa­ba al­nan bol­sa, kä­bir ýer­de gi­je­ki ys­sy ho­wa­nyň re­kor­dy tä­ze­len­di. Şweý­sa­ri­ýa­nyň iň be­ýik dag­la­ry­nyň ge­riş­le­ri­niň hem ýy­ly ho­wa aky­my­nyň tä­si­ri­ne düşen­di­gi mä­lim edil­di. Bu ýurt­da de­ňiz de­re­je­sin­den 5 müň 184 metr be­lent­lik­de ter­mo­metr 0 de­re­jä­ni gör­kez­di. Ýur­duň Fe­de­ral me­teo­ro­lo­gi­ýa eda­ra­sy (Me­te­oS­wiss) bu gör­ke­zi­ji­niň soň­ky 27 ýyl­da­ky iň ys­sy ho­wa­dy­gy­ny mä­lim et­di. Şeý­le be­lent­lik­dä­ki ýy­ly­lyk ýö­ri­te bal­lon­la­ry ulan­mak ar­ka­ly öl­çe­nip­dir.
Şweý­sa­ri­ýa­ly me­teo­ro­lo­gi­ýa bi­ler­men­le­ri ýur­duň iň be­ýik no­ka­dy bo­lan 4 müň 634 metr­lik «Mon­te Ro­sa­dan» hem ýo­kar­da 0 de­re­je ho­wa­nyň bol­ma­gy­nyň haý­ran gal­dy­ry­jy­dy­gy­na ün­si çek­ýär­ler.
Mun­dan ozal­ky re­kord 1995-nji ýy­lyň 20-nji iýu­lyn­da bolup, 5 müň 117 metr be­lent­lik­de 0 de­re­je­lik tem­pe­ra­tu­ra öl­çe­nip­dir. Şweý­sar me­teo­ro­log­la­ry dün­ýä­niň bir­nä­çe se­bi­tin­de bol­şy ýa­ly, ho­wa­nyň tem­pe­ra­tu­ra­sy­nyň hä­zir­ki wagt­da Şweý­sa­ri­ýa­da iýun, iýul we aw­gust aý­la­ryn­da ga­ra­şy­lan­dan ýo­ka­ry de­re­je­dedigini belleýärler.
Ho­wa­nyň aşa gyz­ma­gy to­mus aý­la­ryn­da be­ýik dag ge­riş­le­rin­dä­ki gar­la­ryň we buz­la­ryň wag­tyn­dan ir ere­me­gi­ne ge­tir­ýär. Şweý­sar me­teo­ro­log­la­ry gel­jek hep­de­ler­de ho­wa­nyň gör­ne­tin pe­sel­jek­di­gi­ni aýd­ýar­lar.