Angolada 170 karat ululygynda gülgün göwher tapyldy. Bu gymmatly daşyň soňky üç asyrdaky iň uly göwherdigi mälim edildi. Göwher Awstraliýanyň «Lucapa Diamond Co» kompaniýasynyň gyrmança çökündisindäki şahtadan tapylypdyr. Bu barada kompaniýa hem-de onuň hyzmatdaşlary «Endiama E.P.» we «Rosas & Petalas» mälim etdi. Gymmatly daşyň «Sodiam» atly söwda firmasy tarapyndan halkara auksiona çykaryljakdygy aýdyldy.
Göwheriň reňkli görnüşleri reňksizlerine garanyňda has seýrek tapylýar. Bu bolsa soňky ýyllarda reňkli daşlaryň satuwynyň artmagyna getirdi. Ýeri gelende bellesek, «De Beers» kompaniýasynyň «Cullinan» atly mawy göwheri şu ýylyň fewralynda Gonkongda geçirilen auksionda «Sotheby’s» tarapyndan 57,5 million dollara satylypdy.