Türkiýäniň Hataý welaýatynda ýasalan mozaika nagyşlary dünýäniň iň uly mozaikasy hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Tebigy mermerden ýasalan mozaika 600 inedördül metr meýdany eýeleýär. Welaýatyň merkezi şäheri Antakýa gelen Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekilleri sungat eserini synladylar. Wekiller töwerek şekilli äpet mozaikany ýakyndan görenden soňra rekordlar kitabyna girmäge hukuk gazanandygyny mälim etdiler. Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynyň resmi wekili hem-de emini Şeýda Subaşy ilki bilen rekord goýmak üçin gerekli halkara ölçegleri mälim etdi. Onuň sözlerine görä, mozaikanyň tutuşlygyna tebigy daşlardan ýasalan bolmagy, howadan seredilende saýgarylmagy, azyndan 500 inedördül metr meýdany eýelemegi we azyndan iki reňkli bolmagy talap edilýär. Şeýlelikde, «Bilelikde döreýiş mozaikasy» atly eser «Tebigy daşlardan ýasalan dünýäniň iň uly ýer mozaikasy» hökmünde rekordlar kitabyna girizildi.
Bu eseri döretmek üçin dürli ýerlerden 44 reňk öwüşgünli, jemi agramy 40 tonna golaý bolan daşlar getirilipdir. Mozaikada sebitiň tebigaty, medeni gymmatlyklary, taryhy suratlandyrylýar.