Golaýda Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022-2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny tassyklamak meselesine seredildi. Bu resminama hormatly Prezidentimiziň garamagyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan hödürlenildi.
Ady agzalan bu Konsepsiýa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň öňünde goýlan möhüm wezipeler hem-de häzirki zaman talaplary göz öňünde tutulyp taýýarlanyldy. Ol ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesini iş ýüzünde amala aşyrmak, daşary ykdysady gatnaşyklary giňeltmek, durnukly ösüşe hemmetaraplaýyn ýardam bermek, halkara gatnaşyklary ösdürmek ýaly möhüm maksatlara ýetmäge gönükdirilendir. Bu resminama sebit we ählumumy derejede syýasy hem-de geoykdysady ýagdaýlaryň öwrenilmegine esaslanýan degişli ugurlary öz içine alýar. Türkmenistan geljekde-de BMG-niň we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde yzygiderli hyzmatdaşlyga ygrarly bolar.
Mundan başga-da, bu Konsepsiýa dünýä ykdysadyýetiniň häzirki emele gelen ýagdaýyny nazara almak bilen, esasy maliýe, ykdysady we söwda edaralarynyň işine has işjeň gatnaşmaga mümkinçilik berer. Onda Türkmenistanyň energetika, ulag we kommunikasiýalar ulgamlarynda iri taslamalaryň ähmiýeti, bu ugurlardaky öňde durýan wezipeler beýan edilýär. Resminamada sanly diplomatiýanyň ösdürilmegine, maglumat howpsuzlygynyň we kiberhowpsuzlygyň üpjün edilmegine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, bu Konsepsiýa degişli çäreler we teklipler, şol sanda halkara ugurdaş düzümler bilen hyzmatdaşlyk boýunça çäreler girizilendir. Bu Konsepsiýada Türkmenistanyň ekologiýa meseleleri boýunça başlangyçlary esasynda täze ugurlary öz içine alýan sebit hyzmatdaşlygyny giňeltmek boýunça anyk wezipeler kesgitlenendir. Şeýle-de, lukmançylyk diplomatiýasyny, biologik howpsuzlygyň ählumumy ulgamynyň möhüm meselelerine degişli çäreleri işjeňleşdirmek göz öňünde tutulýar.
Medeni-ynsanperwer ulgamda halkymyzyň ruhy we taryhy mirasyny dünýäde wagyz etmek babatda ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Sebit boýunça goňşy ýurtlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy we ysnyşykly gatnaşyklary pugtalandyrmak hem ileri tutulýan ugurlar hökmünde kesgitlenildi.
Döwlet Baştutanymyz hödürlenilen bu Konsepsiýany makullap, onda Türkmenistanyň geljek ýedi ýylda daşary syýasy ugruny durmuşa geçirmegiň täze wezipeleriniň we çemeleşmeleriniň beýan edilendigini belledi. Bu wezipeler Bitarap döwletimiziň daşary syýasatynyň ileri tutulýan bäş strategik ugruna esaslanýar.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň döwletara derejede hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen, köptaraplaýyn görnüşde netijeli gatnaşyklara üýtgewsiz eýerýändigini tassyklap, Türkmenistanyň ekologiýa ugurly başlangyçlaryny öňe sürmek we bu babatda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça işleri dowam etmegiň zerurdygyny nygtady.
Türkmenistanyň gatnaşmagynda dürli halkara çäreleri geçirmek boýunça teklipleri taýýarlamak we hödürlemek zerurdyr. Şu ýyl ýurdumyzda geçirilmegi meýilleşdirilen halkara çärelere düýpli taýýarlyk görülmelidir hem-de olaryň ýokary guramaçylyk derejesi üpjün edilmelidir diýmek bilen, hormatly Prezidentimiz bu Konsepsiýany tassyklamak hakynda Karara gol çekdi.
Şeýlelik-de, türkmen diplomatiýasynyň kadalaşdyryjy-hukuk binýady has-da döwrebaplaşdyryldy we kämilleşdirildi.
Türkmenistanda syýasy-diplomatiýa işiniň hukuk we guramaçylyk esaslaryny döwrebaplaşdyrmak hem-de kämilleşdirmek ugrunda giň möçberli işleriň sakasynda duran hormatly Prezidentimize hoşallygymyzy bildirýäris.
Baýram GURTMYRADOW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Maglumat, seljeriş we halkara gatnaşyklary bölüminiň hukuk maslahatçysy.