Horwatiýanyň günortasynda, Bosniýa we Gersegowinanyň daşyndan aýlanyp, Peleşas ýarym adasyny ýurduň esasy bölegi bilen birleşdirýän köpri açyldy. Şeýlelikde, Pelehaskiý köprüsi Horwatiýany birleşdirdi. Köpden bäri garaşylýan bu köpri Adriatik deňziniň günorta kenarlaryny, şol sanda Dubrownikiň meşhur syýahatçylyk mekanyny ýurduň beýleki ýerleri bilen baglanyşdyrdy.
Uzynlygy 2,4 kilometr bolan bu köpri Horwatiýanyň esasy böleginden tä Peleşas ýarym adasyna çenli uzap gidýär. Köpriniň açylmagy Horwatiýanyň şu ýyl syýahatçylyga gaýtadan dikeltmäge taýýarlyk görýän wagtyna gabat gelýär. Ol pandemiýadan öňki derejedäki myhmanlary özüne çekmegi umyt edýär.
- Köpriniň ähmiýeti uludyr we diňe bir Horwatiýanyň öz çäkleri bilen baglanyşýanlygy üçin däl, eýsem syýahatçylyk we umuman ykdysadyýet üçinem bähbitlidir – diýip, ulag ministri Oleg Butkowiç aýtdy.
Taslamanyň bahasy 400 million ýewrodan geçdi, maliýeleşdirmegiň 85 göterimi Ýewropa Bileleşigi tarapyndan berildi. Köpriniň gurluşygy üçin 2018-nji ýylda yglan edilen bäsleşikde hytaýly kompaniýa öňe saýlandy. Bu, Hytaýyň Horwatiýadaky infrastruktura taslamasyna ilkinji ähmiýetli gatnaşygy hasaplanýar. Mundan ozal Horwatiýanyň günortasyndaky sebitlerinden ýurduň beýleki ýerlerine gury ýer arkaly barmak üçin Bosniýa we Gersegowinanyň üstünden geçmeli bolýardy. Täze köpri bolsa, ýolagçylaryň, söwdagärleriň we syýahatçylaryň deňzi çykýan serhedinde garaşyp geçirýän wagtyny tygşytlamaga ýardam eder. Bu köpri Horwatiýa 1991-nji ýylda garaşsyzlygyna eýe bolanyndan soň, ýurduň iň uly infrastruktura taslamalarynyň biridir. Şeýle-de bolsa, köpriniň açylmagy uzaga çekdi. Horwatiýa ony ilkinji gezek 2007-nji ýylda gurmaga synanyşdy. Emma býujet çäklendirmeleri sebäpli taslama bäş ýyl saklandy.