Kanadanyň “Capsolar” startapy pes tizlikde hereket edýän elektroulaglar üçin Gün panelini işläp taýýarlady. Täze işlenip taýýarlanan paneli ulaga oturtmak bolsa örän aňsat. Elektrolaglar hiç hili tüsse çykarmaýandygy sebäpli daşky gurşaw üçin zyýansyz hasaplanýar. Emma olara zarýad bermek üçin sarp edilýän elektrik energiýasynyň kömürden ýa-da beýleki zyýanly energiýa çeşmelerinden alynmagy tebigata zeper ýetirýär. Bilermenler elektrik energiýasynyň hem arassa çeşmelerden alnan ýagdaýynda daşky gurşaw zyýansyz boljakdygyna ünsi çekýärler. “Capsolar” atly startap golaýda “SM-550” atly Gün paneli ulgamyny tanyşdyrdy. Uzynlygy 2100 mm, ini 1320 mm we galyňlygy 25 mm bolan paneliň agramy 30 kilogram. Geçirilen synaglarda şeýle panel oturdylan ulagyň güneşli günlerde 26 derejä çenli artyk ýol geçmegine mümkinçilik beripdir. Paneliň ulagyň bir gezekki zarýady bilen geçjek ýoluna ortaça goşandy bolsa, 17 göterim bolupdyr. Çeýe materialdan öndürilen panelleri islendik tekizlige oturdyp bolýar. “Capsolar”-yň hünärmenleri häzirki wagtda Gün paneliň netijeliligini has artdyrmagyň aladasyny edýärler.
Üsti Gün paneli bilen örtülen ulaglar birnäçe ýyldan bäri öndürilýär. Käbir ýurtlarda bolsa otly wagonlarynyň üstüne Gün panelleri ýerleşdirilipdi.