ABŞ-nyň kardiologlary giňişleýin barlag geçirip, sagdyn durmuş ýörelgesini işläp düzdiler. Bu geçirilen barlagyň esasy maksady ýürek-damar patologiýasynyň howpuny pese düşürmekden ybarat. Lukmanlar 35-40 ýaş aralygyndaky erkeklere bu tekliplere aýratyn üns bilen çemeleşmeklerini maslahat berýärler.

Birinjiden, çilim çekmeli däl.

Ikinjiden artykmaç agramdan dynmaga çalyşmaly.

Fiziki maşklar bilen meşgul bolmaly.

Sagdyn iýmitlenmeli – balyk önümlerine aýratyn üns bermeli.

Gandaky holesteriniň derejesine gözegçilik etmeli.

Arterial basyşyň kadaly çäklerine gözegçilik etmeli.

Şeýle hem gandaky glýukozanyň derejesine gözegçiligi ýola goýmaly.