Türkiýäniň Konýa şäherinde dowam edýän V Yslam Raýdaşlygy oýunlarynda ildeşimiz Ýyldyz Jumabaýewa ýeňiş münberine çykdy. Ol 49 kg agramda çykyş edip, bürünç medala mynasyp boldy. Ýyldyz Jumabaýewa birbada götermekde 74, itekläp götermekde 93, jemi 167 kg agramy galdyrmagy başardy. Dünýä çempiony türgenimiziň görkezen bu netijeleri oňa 3 bürünç medal gazandyrdy. Bu medallar V Yslam Raýdaşlygy oýunlaryna gatnaşýan türkmen toparynyň ilkinji medallary boldy. Zenanlaryň arasyndaky 49 kg agramda altyndyr kümüş medallary türkiýeli türgenler – Duýgu Alyjy bilen Şaziýe Erdogan gazanmagy başardy. Duýgu Alyjy umumylykda 172 kg (78+94), Şaziýe Erdogan bolsa 170 kg (77+93) agram göterdi.
8-nji awgustda başlan V Yslam Raýdaşlygy oýunlaryna dünýäniň 55 ýurdundan 4200 töweregi türgen gatnaşýar. Türgenler sportuň 19 boýunça özara göreş alyp barýarlar. Jemi 380 medallar toplumynyň gowşuryljak V Yslam Raýdaşlygy oýunlary 18-nji awgustda tamamlanar.