Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň at-abraýynyň arşa galmagy, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagy üçin durmuşa geçirýän dünýä nusgalyk işleri raýatlarymyzyň kalbynda watançylyk duýgularynyň ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirýär.
Türkmen halkynyň häsiýetini esaslandyrýan esasy duýgularynyň biri-de onuň watansöýüjiligidir. Ata Watan, ene toprak diýen düşünjeler türkmen halkynyň dogup-döräp aňyna-kalbyna ornaşan mukaddes düşünjelerdir. Nesilbaşymyz Oguz handan gözbaş alýan bu düşünjeler bütin türkmen halkynyň nesil daragtyny gurşap alypdyr. Halkymyzyň aňynda watansöýüjilik duýgularynyň kemala gelmeginde maşgala terbiýesi bilen bir hatarda, edebi eserleriň hem ähmiýeti uly bolupdyr. Her bir maşgalada Gurhan, namazlyk, dutar-gyjak ýaly mukaddeslikler bilen bir hatarda “Görogly” şadessanynyň, Andalybyň, Azadynyň, Magtymgulynyň şygyrlar diwanynyň bolmagy watançylyk meselesinde edebi nusgalara uly ähmiýet berlendigini görkezýär.
Oguzlaryň ýaşaýyş-durmuşy hakynda söhbet açýan “Oguznamalarda” Oguz han her bir ädimde nesillerine ene topragy jan-jigerden söýmegi, agzybir, jebis, halal ýaşamagy nesihat edýär.
XV asyr taryhçysy Ýazyjy ogly Alynyň “Oguznamasynyň” tutuş bir bölümi “Oguzyň wesýet edip, töre gurdugy, ahlagy we häsiýeti, mübärek dilinden çykan hem-de onuň aýdan tymsallary we hikmetli sözleri” atlandyrylýar. Onda ilkinji orunda ynsanperwerligi goýýan Oguz han şeýle nesihat edýär: “Eý, meniň ogullarym we jigerbentlerim, diňläň, size berjek öwütlerimi we nesihatlarymy jan gulagy bilen eşidiň we yhlas bilen diňläp, ony özüňize bagt we döwlet saýyp, onuň bilen amal ediň! Oglanlaryňyza, perzentleriňize, boýuňyza we urugyňyza dagy meniň sözümi, öwütlerimi we nesihatlarymy ýetiriň! Olaram şol nesihatlary amal edip, döwür döndügiçe, dünýä durdugyça perzentlerine we nesillerine ýetirsinler. Eger uruglaryňyz we boýlaryňyz giňelip, bu öwütler bilen amal etseler, dünýä ýurtlaryna patyşa bolup, hiç bir duşman olardan üstün bolmazlar! Ene topragy jan-dilden söýseňiz, dogruçyl, halal, päk ýaşasaňyz, rysgalyňyz kemelmez. Agzyňyz bir bolsun, şonda siz uly döwlete ýetersiňiz!”.
“Gorkut ata”, “Görogly” şadessanlary hem watansöýüjiligiň beýik nusgalarydyr. “Gorkut ata” şadessanynda il sylagly Gorkut däde haýsy oba, haýsy kende barsa, agzybirligi ündew edýär. Tutuş halk bolsa, onuň ündewlerine eýerýär.
“Görogly” şadessanynda-da bu ýagdaý aýdyň suratlandyrylýar. Jygaly beg Röwşeniň çagalygyndan ynsanperwer, watansöýüji, il derdine ýaraýjy, kämil ynsan bolup ýetişmegi ugrunda aladalanyp şeýle diýýär:
Ýalňyz balam, algyn pendim,
Ýurduň terk ediji bolma!
Özüňden gaýry namardyň
Minnetin çekiji bolma!
Röwşen pähimdar atasynyň berýän öwüt-ündewlerini hemişelik durmuş ýörelgesine öwürýär. Kämil çykansoň, perzendi Öweze ata-babadan gelýän degerli maslahatlary berip, il-ýurduň ezizligini onuň gursagyna guýýar:
Bahar bolup, barça umman joşanda,
Kyrk ýigitler bilen dagdan aşaňda,
Pirler medet berer gylyçlaşaňda,
Balkan degresinde iliň, Öwez jan.
Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde watançylyk temasy uly orun tutýar. Şahyryň liriki gahrymanynyň bagry toprak bilen badaşan. Ol sähel salym topragyndan aýrylanda hem, oňa ýetmegiň arzuwynda ýaşaýar:
Möwlam, ýetir mesgenime, ýurduma,
Ýüzüm düşsün arslanyma, gurduma,
Magtymguly aýdar, meniň derdime,
Dünýäniň tebibi – Lukman şypa ber!
Watançylyk temasy mähriban Arkadagymyzyň döwet galamyndan çykan eserleriniň ählisiniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Meselem, Milli Liderimiziň kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň durmuş ýoly hakynda gürrüň berýän “Döwlet guşy” romanynda bu tema uly orun tutýar. Eserde Watany, halky, ata-enäni ezizlemek, söýmek, maksada okgunlylyk, ruhubelentlik ýaly sypatlar beýan edilýär. Ýaş Mälikguly kakasy urşa gidensoň, maşgalanyň jogapkärçiligini öz üstüne alýar we bu ýüki gaýduwsyzlyk bilen çekýär. Il-günüň parahat durmuşy, mukaddes Watana bolan çäksiz söýgi hemişe onuň kalbyny eýeläp durýar.
Milli Liderimiziň golaýda bagtyýar raýatlarymyza sowgat eden “Mertler Watany beýgeldýär” atly ajaýyp kitabynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň alyp barýan işlerine ylmy taýdan harby-taryhy seljerme berilýär. Watançylyk temasy türkmen edebiýatynyň hemişelik temasydyr. Şeýle mazmunly eserleri öwrenmek ýaşlaryň kalbynda watansöýüjilik sypatlarynyň kemala gelmeginde uly ähmiýete eýedir.
Arzygül GELDIÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 105-nji orta mekdebiň mugallymy.